guga00
08.02.2020 23:05
AGLADYK GÜLDIK BIZ
Ýeke şem ýaly garaňky tümlükde,
Gardaşym peýda ýok men-menlikde,
Manada jaň edaý men önki belgide,
Diňe işiň düşende däl, gowy günde-de.
Haýyr sahabat ýat boldy dünýede,
Netije çykar dost sözleri diňlede,
Hemmämiz adam seretmäň taýpa millete
Gowy iýdigiň saýyn ýykylma erbede.
Entek ýaş biz, köp zatlar önde,
Arzuwa ýet dos gaýgyny ýende,
Uýanda bolsun edebi ekramy,
Hiç unutma çagam diýip ekläni.
Kim bolsanam esasy adam bol,
Haramdan daşlasyp halaldan dadan bol,
Uly mertebe namys ardan bol,
Yetime ejize mydama ýardam bol.
Ýüzünde gülki bolsun mährem ejeleň,
Bolmasyn ogul gyzy ýesiri köceleň,
Ýaş halyna köp zady bilip,
Köýnegi dilik, ýakasy dilik.
Dost urdy arkadan gara daş bilen,
Dostlugy deňeme sen, galam gaş bilen.
Hiç kimiň işi ýok ýetim aç bilen,
Her kimiň işi yarym ýalanaç bilen.
Kimsi ýar diýip ömrüni kül etdi,
Kimsi keýp üçin ýaryny dul etdi,
Niçeme ynsan armanly geçdi,
Geçmezdem weli eýýäm giçdi.
Bu dünýä synagdyr edil bäş günlik,
Bir gün agladyk bir gün güldik biz.
Hiç bir zat saklanmaz bärde ömürlik,
Soňunda aglap gitmek üçin geldik biz.
11
515
guga00
05.02.2020 08:43
Saglyk ýolunda
Bir gün irden daň atanda,
Sowuk howa tene batanda,
El aýaklar titräp gatanda,
Saglyk ýoluna giden günlerim.
Oglanlaryň elinde baýdak,
Gyzlaryň kellesinde şyrdak,
Wah agyr degýäle durmak,
Saglyk ýoluna giden günlerim.
Gulaklarda dur nauşnik,
Dekanlaram bize gaişnik,
Şondada gitdik biz giçlik,
Saglyk ýoluna giden günlerim.
Ýagyş ýagýar çala şabyrdap,
Sowuk alýar bedeni, gabyrdap,
Ylgap münýäs ýokaryk tapyrdap,
Saglyk ýoluna giden günlerim.
Onden biri diýýär:"soňuna ýetdik",
Yzdakylar diýýär:"boluňda gitdik",
Ýadanlar diýýär:"bizä halys bitdik",
Saglyk ýoluna giden günlerim.
Awtobusa tarap ylgaýas üýşüp,
Daýowlarama gelýändir çişip,
Dykma awtobusda yssyda bişip,
Saglyk ýoluna giden günlerim.
Gurbangeldi Ýazgeldiýew
13
643