guga00
08.02.2020 23:05
AGLADYK GÜLDIK BIZ

Ýeke şem ýaly garaňky tümlükde,
Gardaşym peýda ýok men-menlikde,
Manada jaň edaý men önki belgide,
Diňe işiň düşende däl, gowy günde-de.

Haýyr sahabat ýat boldy dünýede,
Netije çykar dost sözleri diňlede,
Hemmämiz adam seretmäň taýpa millete
Gowy iýdigiň saýyn ýykylma erbede.

Entek ýaş biz, köp zatlar önde,
Arzuwa ýet dos gaýgyny ýende,
Uýanda bolsun edebi ekramy,
Hiç unutma çagam diýip ekläni.

Kim bolsanam esasy adam bol,
Haramdan daşlasyp halaldan dadan bol,
Uly mertebe namys ardan bol,
Yetime ejize mydama ýardam bol.

Ýüzünde gülki bolsun mährem ejeleň,
Bolmasyn ogul gyzy ýesiri köceleň,
Ýaş halyna köp zady bilip,
Köýnegi dilik, ýakasy dilik.

Dost urdy arkadan gara daş bilen,
Dostlugy deňeme sen, galam gaş bilen.
Hiç kimiň işi ýok ýetim aç bilen,
Her kimiň işi yarym ýalanaç bilen.

Kimsi ýar diýip ömrüni kül etdi,
Kimsi keýp üçin ýaryny dul etdi,
Niçeme ynsan armanly geçdi,
Geçmezdem weli eýýäm giçdi.

Bu dünýä synagdyr edil bäş günlik,
Bir gün agladyk bir gün güldik biz.
Hiç bir zat saklanmaz bärde ömürlik,
Soňunda aglap gitmek üçin geldik biz.
11
515
Senem
9 Fewral 2020
❤️❤️❤️??????
guga00
9 Fewral 2020
Yo bu menki dal. Aydymyn sozlerini yazga gecirdim
guga00
9 Fewral 2020
Bu goshgy dal aydymyn sozlerini yazga gecirdim. Internetden gozlap bilersiniz Agladyk Guldik biz diyp
Myhman Myhman
8 Fewral 2020
Hawa diýseñem bolýa

goşgy edil nakyl ýaly bolmaly
Paradise
8 Fewral 2020
Siz sahyrmy
Myhman Myhman
8 Fewral 2020
Goşgy juda uzak hem bogunlary kapýalary juda gowşak eger õz düzeniñ bolsa
Paradise
8 Fewral 2020
Guga munam ozuniz duzdinizmi.Gowy gosgy eken yone????
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.