goshguchy
16.04.2024 08:12
Eý,adam sen näme,
Näme hyýalyň?!
Ýer ýüzünde gutaranok armanyň
Derdiňe bir söz az,iki sözem kän
Bir ýarym sözem däl seniň dermanyň
Kem bolsa rysgalyň pes men diýýärsiň
Gurbatlansaň derrew mes men diýýärsiň
Durmuşyňy özüň ýazýaň el bilen
Ol öz filmiň,rejižýoram seň özüň
Artistlernem isleg bilen goýýarsyň
"Beýle bet gylyklar geldi nireden—
Dünýäni doldurdy öýke kineden"
(Berseler)kyn işi aňsat etdiň sen
(Bermeseler)aňsat işi kyn eden
Kakam töwirinde mydam şeý diýýär:
"Edenňe şükrüm bar,etjegiňe sabrym"
Kä adam şu iki zady başarman
Öz küregi bilen gazýandyr gabryn
Göwher Şyhberdiýewa
25
33
6
goshguchy
15.04.2024 08:15
Kämahal şeýle bir ýagdaýa düşýäň
Ne sabryň,ne bolsa kalbyň ynjalar
Sözleriň ýetmedik ýerinde bolsa
Gözlerden süzülip başlar damjalar
Ynsan söýenine bagly bolýandyr
Ol ýanynda bolsa bagtly bolýandyr
İçindäkin söze döküp bilmese
Ýürek ýadar,sowar,şeýdip dynç alar
Kalbyna barmasa garaşýan mâhri
Derrew solar gülläp,açan gunçalar
Ana şo sebäpden aýra düşýârler
Mähirsiz guranlar,ýene ençeler
Adam diňe gadyr goýýany üçin
Adam diňe çyndan söýýäni üçin
Düşündirjek bolar mydam özüni
Ýalňyşmaň hič adam gadyr goýmasa
Hiç kese,zaýalap durmaz sözüni
Meniň bu sözüme berk düşünýândir
Çäresiz ýaş döküp,göz ýaşyn içen
Aglanymy bir gün unudarn Emma
Agladany welin hergiz,hiç haçan
Göwher Şyhberdiýewa
25
27
2
goshguchy
14.04.2024 23:44
Ýazara zat has kän,ýöne gerek däl
Her kim öz bilenin okaýar, çünki
Göze görnüp duran "Hakyky" zadam
"Ýalan"diýip has köp üns çeker "tilki"
Käbir ynsan iki ýüzli bolýandyr
Birisi çyn ýüzi,biri päk ýüzi
Hatda dünýäniň hem iki ýüzi bar
Biri Ýeriň ýüzi,biri gök ýüzi
25
67
16
Yene yükle