Eý,adam sen näme,
Näme hyýalyň?!
Ýer ýüzünde gutaranok armanyň
Derdiňe bir söz az,iki sözem kän
Bir ýarym sözem däl seniň dermanyň
Kem bolsa rysgalyň pes men diýýärsiň
Gurbatlansaň derrew mes men diýýärsiň
Durmuşyňy özüň ýazýaň el bilen
Ol öz filmiň,rejižýoram seň özüň
Artistlernem isleg bilen goýýarsyň
"Beýle bet gylyklar geldi nireden—
Dünýäni doldurdy öýke kineden"
(Berseler)kyn işi aňsat etdiň sen
(Bermeseler)aňsat işi kyn eden
Kakam töwirinde mydam şeý diýýär:
"Edenňe şükrüm bar,etjegiňe sabrym"
Kä adam şu iki zady başarman
Öz küregi bilen gazýandyr gabryn
Göwher Şyhberdiýewa