goshguchy
15.04.2024 08:15
Kämahal şeýle bir ýagdaýa düşýäň
Ne sabryň,ne bolsa kalbyň ynjalar
Sözleriň ýetmedik ýerinde bolsa
Gözlerden süzülip başlar damjalar
Ynsan söýenine bagly bolýandyr
Ol ýanynda bolsa bagtly bolýandyr
İçindäkin söze döküp bilmese
Ýürek ýadar,sowar,şeýdip dynç alar
Kalbyna barmasa garaşýan mâhri
Derrew solar gülläp,açan gunçalar
Ana şo sebäpden aýra düşýârler
Mähirsiz guranlar,ýene ençeler

Adam diňe gadyr goýýany üçin
Adam diňe çyndan söýýäni üçin
Düşündirjek bolar mydam özüni
Ýalňyşmaň hič adam gadyr goýmasa
Hiç kese,zaýalap durmaz sözüni

Meniň bu sözüme berk düşünýândir
Çäresiz ýaş döküp,göz ýaşyn içen

Aglanymy bir gün unudarn Emma
Agladany welin hergiz,hiç haçan

Göwher Şyhberdiýewa
25
27
goshguchy
15 Aprel 2024
@sabyrly, sagboluň kop kop
sabyrly
15 Aprel 2024
Üstünlik gowja goşgy eken galamñyza bereket
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.