gokgi
16.08.2023 15:28

1🚫 Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde dürli reňkli ulaglary sürmek gadagan. Ulaglar diňe ak we çal reňkde bolmaly.


2🚫 Eýranda erkekleriň saçyny ösdürmegi we bogmagy gadagan.


3🚫 Angliýada awtobuslarda şokalad iýmegi gadagan.


4🚫 Taýlandda taýland pulunyň üstüne basmak gadagan.


5🚫 Portugaliýada banýada aýdym aýtmak gadagan.


6🚫 Kanadada margariniň sary bolmagy gadagan( mesge bn margariniň tapawudy biliner ýaly).


7🚫 Hytaýda gark bolýan adama kömek etmek gadagan.


8🚫 Singapurda sakgyç çeýnemek, ýere hapa atmak, ýere tüýkürmek we klozediň suwyny çekmän goýmak gadagan.


9🚫 Awstraliýada elektrikçi haty bolmadyklaryň lampa çalyşmagy gadagan.


10🚫 Gresiýada taryhy ýerlerinde ökjeli köwüş geýmek gadagan.


11🚫 Ýaponiýada semizlik gadagan.


12🚫 Şotlandiýada sygyr eýeleriniň serhoş bolmagy gadagan.


13🚫 Demirgazyk Koreýada döwlet liderleriniň ölen güni bellenilýän günlerde gülmek gadagan.


14🚫 Gawaýa adalaryndaky gyz eger 18 ýaşyna çenli gyzlygyny ýitirse , onuň ene atasy ýeňil kelleli gyzy terbiýeläp ýetişdirdiler diýip tussag edýärler.


15🚫 ABŞnyň Arizona ştatynda kaktus kesmek gadagan. Kaktus kesseň 25 ýyl tussag edilýär.

33
286
gokgi
11.08.2023 08:31

sizem öýde şeýdip iýýäňizmi?😅

40
424
gokgi
09.08.2023 16:10

Söýgi hem modadan gaçýa diýdiñmi?

Dogry aýtýañ söýgäde ýetipdir moda.

Ýaşlar bu gün birini söýse

Ertir düşýärler başga bir oda.

Ýaşlar gazetinde okadym bir gün

Çary diýen ýigdi söýüpdir bir gyz ,

Soñra Şamyrady soñra Igdiri.

Häzirem söýýärmiş gazak ýigdini.

Odisseý herkimde bir bolmalydyr

Çalşyp ýörmek bolmaz täze-täzeden.

Täze küýzäñ suwy sowukmyş diýip,

Içip ýörmek bormy munça küýzeden.

Öñler söýgi hakda gürrüñ açylsa Gyzlaryñ tarapyn alardym hökman

Indi bolsa gyzlaryñ käbirin görüp

Olaryñ söýgi diýýän zadyndan gorkýan.

30
91
gokgi
08.08.2023 08:26

Italiýalylar baýdagyny haýsy gök-önüme meňzedilip ýasapdyrlar?

26
143
gokgi
03.08.2023 01:15

siz internet ýokka näme işlediňiz?

30
398
gokgi
02.08.2023 00:50

Seň üçin iň owadan haýsy???🤔

28
395
gokgi
31.07.2023 00:25

Möwlananyň sözleri

21
91
gokgi
30.07.2023 13:56

Häzirki zaman aýdymyndan:

-Söýgülim Gülbahar, adyň näme?


🔹️🔹️🔹️🔹️🔹️🔹️🔹️


- Gözel sen öz gyzyňyon ýyllap gepleşmeýän goňşyň ogluna durmuşa çykarýamyşyň diýip eşitdim. Şol gürrüň dogrymy?

- Hawa. Bu ondan ar almagyň ýeke-täk usuly.


🔸️🔸️🔸️🔸️🔸️🔸️🔸️


Wraç näsaga şeýle diýýär:

- Şu gün agşam , ynha şu iki sany dermany içiň. Ertir bolsa, eger oýansaňyz , ýene iki sanysyny içiň.


🔹️🔹️🔹️🔹️🔹️🔹️🔹️


- Salam-ow, kursdaş! Gör näçe ýyldyr boldy duşuşmadygymyza! Sen şol garagözlek gyza öýlendiňmi ýa-da henizem öz kiriňi özüň ýuwup ýörmüň?

- Iki soragyňada "hawa".


🔸️🔸️🔸️🔸️🔸️🔸️🔸️


Içi gartaşan aýallardan doly iki sany awtobus soltanyň köşgüniň ýanynda saklanýar. Soltan penjireden daşary seredýär-de, hyzmatkäre ýüzlenýär:

- Mahmyt, bular kim? Turistlermi?!

- Ýok, siziň alyhezretleriňiz. Olar görme-görşe gelen gaýyneneleriňiz.


🔹️🔹️🔹️🔹️🔹️🔹️🔹️


- Näme sebäpden horaz her gün aýdyma gygyryp ýör?

- Sebäbi onuň aýaly köp, ýöne ýekeje-de gaýny ýok.

22
354
gokgi
29.07.2023 08:28

Degişme suratlar

29
350
gokgi
28.07.2023 00:22

müň bir gülki

28
240