gokgi
09.08.2023 16:10

Söýgi hem modadan gaçýa diýdiñmi?

Dogry aýtýañ söýgäde ýetipdir moda.

Ýaşlar bu gün birini söýse

Ertir düşýärler başga bir oda.

Ýaşlar gazetinde okadym bir gün

Çary diýen ýigdi söýüpdir bir gyz ,

Soñra Şamyrady soñra Igdiri.

Häzirem söýýärmiş gazak ýigdini.

Odisseý herkimde bir bolmalydyr

Çalşyp ýörmek bolmaz täze-täzeden.

Täze küýzäñ suwy sowukmyş diýip,

Içip ýörmek bormy munça küýzeden.

Öñler söýgi hakda gürrüñ açylsa Gyzlaryñ tarapyn alardym hökman

Indi bolsa gyzlaryñ käbirin görüp

Olaryñ söýgi diýýän zadyndan gorkýan.

30
91
bamy
9 Awgust 2023
👍👍👍
2525
9 Awgust 2023
Salam
sonia
9 Awgust 2023
👍👍👍👍
gokgi
9 Awgust 2023
Bu goşgyny öñ Kerim Gurbannepesowyñ öz okaýan ses ýazgysynda diñläpdim şumat ýadyma düşüşine görä ýazdym ýalñyşan ýerlerimi bagyşlaň
sweetify
9 Awgust 2023
👍hakyky
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.