Häzirki zaman aýdymyndan:
-Söýgülim Gülbahar, adyň näme?
🔹️🔹️🔹️🔹️🔹️🔹️🔹️
- Gözel sen öz gyzyňyon ýyllap gepleşmeýän goňşyň ogluna durmuşa çykarýamyşyň diýip eşitdim. Şol gürrüň dogrymy?
- Hawa. Bu ondan ar almagyň ýeke-täk usuly.
🔸️🔸️🔸️🔸️🔸️🔸️🔸️
Wraç näsaga şeýle diýýär:
- Şu gün agşam , ynha şu iki sany dermany içiň. Ertir bolsa, eger oýansaňyz , ýene iki sanysyny içiň.
🔹️🔹️🔹️🔹️🔹️🔹️🔹️
- Salam-ow, kursdaş! Gör näçe ýyldyr boldy duşuşmadygymyza! Sen şol garagözlek gyza öýlendiňmi ýa-da henizem öz kiriňi özüň ýuwup ýörmüň?
- Iki soragyňada "hawa".
🔸️🔸️🔸️🔸️🔸️🔸️🔸️
Içi gartaşan aýallardan doly iki sany awtobus soltanyň köşgüniň ýanynda saklanýar. Soltan penjireden daşary seredýär-de, hyzmatkäre ýüzlenýär:
- Mahmyt, bular kim? Turistlermi?!
- Ýok, siziň alyhezretleriňiz. Olar görme-görşe gelen gaýyneneleriňiz.
🔹️🔹️🔹️🔹️🔹️🔹️🔹️
- Näme sebäpden horaz her gün aýdyma gygyryp ýör?
- Sebäbi onuň aýaly köp, ýöne ýekeje-de gaýny ýok.