Şu gün gabat geldim kursdaşym Sona.
Diýdim: "Tüweleme, ýarsmansyň sen-ä.
Gurşunly kenekmi, kenekli gurşun--
Aý, garaz, henizem şol öňki durşuň ..."
Derrew saçlaryna ýetirip elin,
"Çalardyk-la!" diýip ýylgyrdy gelin.
Men diýdim: "Saçlaryň çalarany çyn:
Demirden altyna dönüpdir saçyň.
Haýsysy gymmatly: altynmy, demir?
Zer barka
demiri küýsärmi ömür!"
Gelin jak-jak güldi. Çykmady garşy.
Diýdi: "Tüweleme, özüňem ýagşy.
Aýlar, ýyllar
oýun etse-de gödek,
Tüweleme, wagta atypsyň badak.
Durkuňam, erkiňem, görküňem öňkiň.
Ýüregiňem öňkiň: dag ýarýar gülkiň.
Şeýle gülkileri öndürýän ýürek,
Entek-entekler-ä hars açsa gerek!"
Bu sözleň deň-ýary bolsa-da galat,
Galat
gapyrgama bekledi ganat.
Galadyň gudratyn görmändim ozal.
(Diýmek jaý ýerinde galadam gözel!)
Men bürgüde döndüm, gelin hem -- gumra.
Men ilerik uçdum gelin hem -- gaýra.
Öňkime on esse eseldi keýpim.
Kimiň ýanna barsam --
üstündi gepim.
... Ertesi sataşdy başga bir aýal.
(Senemmi, Çemenmi -- adyn aýtjak däl)
Gara gaş, gara zülp, gara ýüz zenan. Diýdi:
'Aman, aman, eý nurbat-aman,
Özüde her nije diýseň-de jahyl,
garrapsyň, garrapsyň, garrapsyň şahyr
Tasdanam geçipdim kimdigiň duýman.
Birden gözleriňden edäýdim güman.
Ýogsa dagy ýokdy tanajak miltim.
Onsoňam... sendigňi burnuňdan bildim.
Näçe üýtgese-de maňlaýy, garny,
Üýtgemejek eken adamyň burny!"
Şo gün keselhana eltildim derrew.
Wraçlar ýygnandy. Başlandy derňew.
Dogrusyn aýdypdyr ol gara zenan.
Dermanyň yzyndan berdiler derman.
Emma dermanlardan ýetmedi kömek.
Diýdim: "Dünýä bilen hoşlaşsam gerek!
Dünýäden doýmadym,
dermandan doýdum.
Wah entek-entekler aýtjakdym aýdym.
Ol hem şeýle weli... otuz ýyl bäri
Heniz tomlugyň-da çykanok biri.
Elli kitapçam bar -- hersi bir çelpek.
Emma bir saçaga üýşenok entek.
Neşirýat plana goşmanka tomy,
Şeýdip
gözüň açyp ötäýtmek bormy?"
Onýança-da birden kakyldy işik.
Ähli deň-duşlarym girdiler üýşüp.
Gapydan girmänkä herreldi maňa:
Iň öňünde bolsa kursdaşym Sona.
"Ýeri şahyr nire? Bu ýerler nire?
Sende dert ýok. Hany gülberiň süýre!
Derrew penjegiň geý, haladyň çykar.
Ysgyny ýok bolsa, kömekleş Şeker!
Bu ýerde işi ýok tut ýaly kişiň,
Bu jaý sagatlar däl, syrkawlar üçin!..."
Geçdiler daşyma. Zyňyldy halat.
Wraça diýdiler: "Biz muňa belet.
Munda ne-hä dert bar,
ne-de bir dümew!.."
Dogrudanam şeýle!
Sagaldym derrew!
Tutdular golumdan. Basdylar "Wolga".
Yzymdan bir topar gollar galgaýa.
"Bu niçiksi adam? Bu niçik kesel?"
Geçdi gulagyma bir topar sesler:
"Edil ýap-ýaňy hem agyrdy haly.
Birden uçdy gitdi garasar ýaly!"
...Şeýtdi-de bir demde gutardy waka.
Agşam çagajyklam gowuşdy kaka.
Menem stoluma gowuşdym ýene.
Tomlugym taýarlap otyryn ine.
Ýene sataşýança şol gara zenan.
Men gurgun,
Men juwan,
Men esen-aman...
K. Gurbannepesow