Medineli sahabalardan biri hezreti Omaryň (r.a) ogly hezreti Abdyllanyň ýanyna gelip, şeýle diýýär: -Eý Abdylla! Men Medinede iň garyp adamlaryň biri. Onuň beýle diýmegine azrak gaharlanan Abdylla: -Çagaň barmy? - diýip soraýar. Ol hem "Hawa" diýip jogap berýär. Soň olaryň arasynda, şeýle sorag-jogap dowam edýär: -Aýalyň barmy? -Bar. -Öýüň barmy? -Bar. Bu jogaby eşiden hezreti Abdylla garybyň ýüzüne seredip, oňa şeýle. diýýär: -Onda sen baý adam ekeniň. Hezreti Abdylla beýle diýensoň, garyp kişi oňa özüniň bir hyzmatkäriniň hem bardygyny aýdanynda, Abdylla oňa şeýle diýýär: - Sen-ä garyp däl-de, asyl Soltan ekeniň.