Sen meni bagyşla,
eger başarsaň,
Başarmasaň, ýöne ynan sözüme.
Sen juda çuň ýaly, maňa açardan,
Sen beýik görünýäň meniň gözüme.
Sen meni bagyşla
eger başarsaň,
Başarmasaň, bir bakyşyň ýetikdir.
Ýöne, entek irdir Güne ýaşardan,
Onuň öňün ýöne, bulut tutupdyr.
✍🏻✍🏻✍🏻
Men seni bir goşga mynasyp gördüm,
Sözleri owadan,
Manysy saýhal.
Ýöne ony ýazjak boldugymça-da,
Galamym ýitelip, küteldi paýhas.
Bu nämäniň alamaty, janlarym!
Ýa meň aklym çaşyp-üýşdimikä ýa?!
Meniň goşga göwün beren çaglarym,
Ýa sen, goşgudanam güýçlümikäň ýa?!
✍🏻✍🏻✍🏻
HAKYKAT
«Sensiz guşlar saýramaýar»
(Aýdymdan)
Sensiz guşlaram saýrady,
Güllerem açdy gunçasyn.
Durmuş piňe-de almady,
Söýginin onça-munçasyn.
Aýralyk ajy derman deý,
Söýgiň emi-ýomy boldy.
Seni ýitirip tanadym.
(Beýgeleniň gowy boldy).
Gedem göwnüm,
neden göwnüm,
Saňa togap ediberdi?!
Ýüzüme bir seretdi-de,
Durmuş dowam ediberdi...
Eden uly işimiz ýok,
Kalba köz basdyk diýmeseň...
«Halyň niçik?» diýşenem ýok,
Ezilen ýassyk diýmeseň...
Aglaýanym, dözmeýänim,
«Söýgim aýnamady» diýip,
Ýöne, ýalan sözlemäýin,
«Guşlar saýramady» diýip...
✍🏻✍🏻✍🏻
«Undupdyryn, kän zat ýada düşenok».
(Indi bu sözlerim äleme ýaýrar...)
Seret ahyr, dolanmasaň wagtynda,
Men başga adama öwrülip barýan.
Menden öňki duýgy deňzi akanok.
Tebigatyň bir gahary gelmesin!
Men ykbaldan razy, näme alsa-da,
Ýöne menden, ylhamymy almasyn.
Men sensiz aglany güldürip bilmen.
Ýa agladyp bilmen, dolup ýöreni.
Maňa ylham gelsin,
Onsoň gara gyş
Gyzyl güller güllemesin, göreli!
Sen edil howa deý zerur ekeniň,
Bolmazeken, seni zada çalyşmak.
Ylham, seniň göwnüňe kän degipdim,
Mümkin bolsa, ýazygymy bagyşla!
✍🏻✍🏻✍🏻
Ýollar meni sen ýanyňa äkider,
Näçe aýlaw, näçe çatryk bolsa-da..
Ýöne sen «Uzak-la?!» diýip, geň galma,
Bagtly ýollar kyn bolýandyr ýogsa-da.
Gowusy, meň sabrymdan sabyr böl-desen,
Öz sabryň üstüne sabyr sarap goý.
Hemem aýralyga göwün bölme sen,
Çykyp, zol-zol ýollaryma garap goý.
Men ak gyşda ak gar bolup bararyn.
Ýa, ýazda bararyn, meňzäp güllere,
Ýöne, sen ýadyňdan çykarma meni,
Hem göwnüňi berme özge dilbere.
Sen diňe garaşgyn, garaşgyn maňa.
Bir gün barýanymy aýdar ýagyşlar.
Men seni hiç zada deňäp bilmedim,
Senem meni hiç bir zada çalyşma!
✍🏻✍🏻✍🏻
Şatlyk ýumdy gözlerin,
Gussa açdy, tersine.
Gamdan sürme çekdirdi,
gözleriňin hersine.
Elin çarpyp ýalňyzlyk,
o ýan, bu ýan garady.
Soň oturyp, özüniň
hiç haçan gutarmaýan,
Saçlaryny darady.
Duw-ak edip ýüzlerin,
mejal tapman durara.
Hyjuw, höwes mündüler
gabat gelen ulaga.
Söýgem kem oturmady,
Goşun daňyp biline.
Taýýar bolup oturdy,
Garaşýan deý birine...
Duýgular ähli zady,
öňünden bilýärmişin.
Bu kalba bir sagatdan,
Aýralyk gelýärmişin...
Aygül Garayewa