garlawac
11.09.2023 19:47

Salam, Kaka! Ýatyrmyň gara ýere garylyp? Bagyşla meni, kaka, seniň ýanyňa gatnamamy azaldanym üçin.

Topragyň astynda seniň ýatanyň üçin ädimlerimi gatyrak basmakdan hem çekinýän, kaka! Göwnüme sen menden ynjaýjak ýaly bolup duýulýar. Käşge, käşge men seni ynjytman bilen bolsadym. Arman...

Ýadadym, kaka! Maňa bir zatlar-a bolýar, özüme özüm düşünip bilemok, düşünesimem gelenok! Içimi gemirip barýan gussa bar kalbymda. Meni ýaşadýanam şol gussa ýaly...

Aýtsana, kaka, maňa sadalygy berip özüň nirä gitdiň?

Maňa sensiz sadalygy saklamak kyn düşýär ahyr! Soňky wagtlar düýşüme gelmäňide bes etdiň. Bul-a bolmaýar,kaka! Meniň seni göresim gelýär ahyr! Ýa-da ykbal seni düýşümde görmek peşgeşinem maňa köp görýärmikä?! Onam bilmedim! Ýöne uzak gün senli pursatlar aklyma geldi-durdy, esasanam maňa alyp beren ilkinji aýyjygyň göz öňümden gidenok. Ýok, ýok, men senli günleri, senli pursatlary hiç haçan unudamok, kaka, unutmarynam! Ýöne bärde durmuş meni özüniň adalatsyz oýunlary bilen birazajyk başagaý edýär. Hemem seniň beren öwütleriň manysyna indi-indi düşünýän, kaka! Arman, sensiz düşünýän! Emma näme bolsa-da men özlügimden nalamok. Özlügimden nalasam ejem ikiňiziň maňa beren terbiýäňizi hak etmedigim bolar. Ýüregimem, düşünjämem oňa rugsat bermez! Hemem, kaka, her näme bolsa-da seniň ynamyňy ödejek, seni buýsandyrjak bir ynsan boljagyma söz berýän...

Bolýar, kaka, ejem çagyrýar, ýeneki gezek gelýänçäm hoş! SENI SÖÝÝÄN KAKAJYGYM!


11.06.2023

@garlawaç.

51
391
momm
12 Sentýabr 2023
Dunyede eje kakasyz yasamak in erbet zat yone bu dunyan gurlusy seyle. Dine yone Allajan bendelerin ozi gorasyn.
king_tm
12 Sentýabr 2023
Endamym tikenekläp gitdi😶
bitanem
12 Sentýabr 2023
Sen kaka zaryny çekýàñ men ejemiñ zaryny indi 6 aýdyr sesini ne òźùni gòrýàs ýatan ýerleri ýagty bolsun jaýlary jennet bolsun sañada sabyr bersin eziz allam hemmàmizem òlmeli bir gùn
ayuada
11 Sentýabr 2023
@okayjy, gowy gosgy eken
wolf
11 Sentýabr 2023
👍🔥👍🔥👍😔
okayjy
11 Sentýabr 2023
Ýagmyr ýagar, ýagar gar,
Gar astynda gabyr bar.
Şol gabyryñ içinde,
Meniñ ýalñyz atam bar...👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.