garlawac
12.09.2023 20:44

Ýalňyzlyk näme? Näme üçin ynsan ömür ýolunda käte özüni ýalňyz duýýar? Ýalňyzlyk bu ýagdaýa şertine görä atlandyrmamy ýa haýsydyr bir duýgymy? Meniň pikrimçe ýalňyzlyk bu jemgyýet köpçüliginden, ynsanlardan uzakda galmak dälde ruhy taýdan tenha galmak, göwniň kimdir birini küýsemegi. Ýalňyzlygy her hili taryplap bolar:


Ýalňyzlyk bu ynsanyň öz özi bilen söhbet etmegi üçin asuda ýer.


Ýalňyzlyk bu pikirler ummanyna çümmek üçin ajaýyp pursat.


Ýalňyzlyk bu eden ýagşy we ýaman amallaryň hakynda wyždanyň bilen iki çak söhbet gurmaga berlen wagt.

Ýalňyzlyk bu heýjana gelýän duýgularyň gurşawynda galmak.


Ýalňyzlyk bu geçmiş ýatlamalary bilen paşmadyk söýgiň hijranyna ýene bir gezek gowrulmak.

Ýalňyzlyk bu gaýgy, hasrat we geçmiş barada ýazýan ýazyjynyň iş stoly.


Ýalňyzlyk bu bir stolyň başynda kofedir, süýji kökeler bilen garşyňdaky adam bilen dälde diwanda, krowatda, ýerde, üçekde umuman nirede tenhalykda galsaň ana şol ýerde kalbyň bilen edilen içgin gürrüň.


Ýalňyzlyk bu eden haýsydyr ýalňyşlyklaryň belki-de durmuş adalatsyzlygy sebäpli ýitiren bir wagtlar kämil hasaplan şol garagöz söýgiňi, ýakyn ynsanyňy küýsemek.


Ýalňyzlyk bu bedeniňi dälde kalbyňy iýýän zombiler üýşip ýören şäherçe zombilend ýaly ejir berýän duýgular.


Ýalňyzlyk barada ýokardaky sanawy ýene-de dowam etdirse bolar. Bu ýazyjynyň näçe wagt ýalňyz galmagyna bagly. Dogry ene-atasy, maşgalasy bar adamyň özüni ýalňyz duýmesi onçakly dogram däldir welin, ynsan ogly ýigrimi ýaşyndan geçenden soň haýsydyr ýat duýgulara teşne nähilidir ruhy goldawa mätäç bolýan eken. Belki "Ruhy goldawy mähirli maşgalaňdanam alyp bolar" diýýänlerem bardyr we ol pikrem dogry emma diýmekçi bolýan zadym ynsan ogly haýsydyr ýaşyna ýetýänçä maşgalasyndan alýan ruhy goldawy, mähiri bilenem oňňyt edip biler. Ýöne ýaş ulaldygyça ol mähir ynsana azlyk edip başlar, soňra dos ýarlaryň barlygam göwnüni gandyrmaz ana şol döwürde hem adam kalby gapdaldan gelýän ruhy goldawa ýagny söýgä mätäçlik duýar. Ana şol mätäçlik sebäpli döreýän duýgularyň netijesinde hem ynsan özüni ruhy taýdan ýalňyz duýar. Diwanda oturanda gapdalymyzdaky boş ýeri dolduryp oturýan dälde, esasy kalbymyzdaky boşlugy dolduryp biläýjek adama mätäçligimiz bar...


@mrokas

25
221
rusalka
7 Oktýabr 2023
garlawac sizin aydanynyza gosulyan menem derdim gozgaldy
okayjy
13 Sentýabr 2023
@garlawac_, Gamygyn bolup ýaşamak bir iş bitirmez diýerdim welin, adam hem aslynda hiç zat edip bilmeýändigi üçin gamgyn bolýada... 😶
okayjy
13 Sentýabr 2023
@Sunshine lady, Bolýa
okayjy
13 Sentýabr 2023
@Sunshine lady, Bolup biler 🙂. Iñ halan kitabym Jack Londanyñ "Martin Iden" kitaby. Esasan daşary ýurt eserlerinem şondan son köp okap başlapdym.
okayjy
13 Sentýabr 2023
@moana,Salam. Bilýän señ postlaryñ birinde ýazyk hem bolmalydy
okayjy
12 Sentýabr 2023
@Sunshine lady, Salam. Okadym 🙂. Stefan Zeweyg ömri boýunça janyna kast etmek arzuwynda ýaşan ýazyjy, ýagny muny her ýazýan eserinde hem görmek müñkin. Öz janyna kast edip bilmeýändigi üçin muny hemişe eserlerindäki gahrymanlaryna ýaşadypdy...
okayjy
12 Sentýabr 2023
@garlawac_, Salam. Alla döneýin 🙂. Öziñ gowmy ?
okayjy
12 Sentýabr 2023
# Ynsan hatda köpçilikde hem özini ýalñyz duýup biler... 📌Dosteyevski
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.