garlawac
11.12.2023 00:35
Penjireden dolan Aýyň bakmasy,
Meňem oňa şahyrlarça seretmäm...
Bu gije owadan asman sahnasy,
Kofe süzýän şekerini eretmän.

Kagyz. Galam. Kofe. Ýürek melhemi.
Düşün, läläm, men mert bolup ýadadym.
Gel, otur gaşymda hem diňle meni!
Aslynda, näme-kä meni ýadadan?!

Barha golaýlaşýar sensiz geljegim,
Belki, şodur göwni salýan dowula.
Özüm hakda diňe diýip biljegim,
Ölmesem başymdan bar zat sowular.

Razy, menli günleň hoş geçen bolsa,
Kim ömür sürüpdir perişde bolup.
Geçenleri ýatlamaga çen bolsa,
Geljegiň gaýgysyn aýraly ýolup.

Biz solar öýtmändik arzuwlaň reňki,
Söýgi üçin köp zatlara taýyndyk.
Arzuw-hyýallaram däl indi öňki,
Olaň ýerin tutup barýar kaýyllyk.

© Seýitmyrat GELDIÝEW
33
280
garlawac
10.12.2023 14:12
Üýtgeşik däl ilden görküň-görmegiň,
Güýz ýaly agras sen, gül ýaly sada.
Seň gapymdan girip-çykyp ýörmegiň
Öwrülip gidipdir adaty zada.

Bozmasaňam şu ýönekeý däbi kän,
Ýeke gün ýok bolsaň, ýekesiredýäň.
Öýe gelsem, öýdemikäň, dälmikäň,
Diýip, ilki seň köwşüňe seredýän.

Atajan Annaberdiýew
36
84
garlawac
09.12.2023 20:17

Sen rahat ýatyrsyň,
Gapdalyňda men
Otyryn boş goýup ýassygyň ýaryn.
Şu çaka çen, seniň bilen geçilen
Günleri bir-birden ýada salýaryn.

Düşünip bilemok, nämedi eýsem
Düýp sebäbi saňa sataşan derdiň?!
Işden sähel gijä galyp geläýsem,
Saçlarymy ysgap-yasgap görerdiň.

Bilýärdim seň oda düşüp ýöreniň,
Ýaşyrsaňam, bilýärdim men baryny.
Taparyn öýdýärdiň eşiklerimiň
Epininden yat saçlaryň taryny.

Köýnegimden ysyn alyp öz eliň,
Köşeşerdiň ysgap gören badyňa.
Wah, duş gelmek isläňokdyň özüňem
Yhlas bilen gözläp ýören zadyňa.

Bilmedik bolardym, aňsam-da muny,
Senden ýüz öwürip, terse bakmadym.
Gabansaňam, söýgiň bilen sen meni
Garaşýan zadyňdan gorap sakladyň.

#Atajan Annaberdi.
38
111
garlawac
27.11.2023 00:49
Pablo Escaboryň dostlary ony halas etmek üçin bütin şäheri ýakdylar. Seň dostlaryň söýgüliň bilen dawalaşansoň söýgüliňe ýazyp başlaýar...
31
126
garlawac
16.11.2023 07:57

 Daş çyksaňam ýyly geýin , bolýamy ?!
Üşäýmegin " janjagazy toşap " gyz :))


Seret bu gün...


Seret bu gün pese düşdi bulutlar ,

Howa sowuk çapgyn ýel bar aýazly .

Gowsy bu gün öýden çykman otyrgyn ,

Ýyly pejiňize çoýup aýagňy.


Iş bitmän-ä galmaz siziň öýňüzde ,

Jany sagka iki sany agalaň .

...Seňem içiň gyssa gürleşmek üçin ,

Daýzaňyzyň lälik gyzyn çagyryň .


Ýa bolmasa öýüň körpe " hanynyň " ,

Gözi burlup salançaga ýetdigem .

Üwre şony , bolman durmaz saňada

Bahanamyz akja bäbek etseňem .


Gelnejeňä birazajyk dynç alar ,

Seňem näme çaga üwrän adyň bor .

Daşardaha üşärsiň sen ýenede ,

Ne üýtgeşik edip bilen zadyň bor .


Sallançakda ýatan kiçi " hanyňam " ,

Ullakan bir bolup durmaz azary .

( Sallançagy üwremekmiş ynsanyň ,

Edip biljek iň mukaddes azaby . )


Kitap oka , goşgy ýazyp bolmanda -

Ýürekdäki diyjeklerňi boşatgyn .

Daş çyksaňam ýyly geýin , bolýamy ?!

Üşäýmegin " janjagazy toşap " gyz .

31
99
garlawac
15.11.2023 15:43

Sen nirede,

şu hal dara-direde

Şeýle bir sesiňi eşdesim gelýär.

Sen bolsa arzymyň ýeterinden daş.

Aşyk bolan ömrüň eşretin bilýär,

Diňläsim gelýär seň saz ýaly sesiň,

Dem alşyňy, aýnaýşyňy, gülkiňi.

Sen bolsa ret edip, yşkym tütedip,

Meň aşyk pälimi, şahyr küýümi

Bitaý kapyýa deý özüme goýýaň.

Ah, şol telefonňam ebedi öçük.

Men bolsa bir seniň sesiň küýseýän,

Bar zatlaň, ýok zatlaň baryndan geçip.


Aýlanyp-aýlanyp özüme gelýär

Gulaga öwrülip diňleýän jaňlam.

“Abonentiň telefony öçürlen..”

Wah, şu wagt ýüregmi şu jaňa daňsam,

Telefonňy açyp goýar el bile.

Diňe saňa duşup ejizledim men,

Sözüm ýele berdim, ömrüm ýelgine.


Bir ädim ýanymda dem alan günleň,

Düýşüňe girýänim gürrüň bereňde,

Günler zybrym mensiz duşuňdan geçip,

Mahal-mahal “SMS”-lem göreňde...

Bir gün eşiklerim eýesiz galyp,

Senem özüň ýetim ýaly duýmasaň,

Isleýşimçe söýen dälsiň, ezizim,

Eden jaňlaryma hormat goýmasaň!


Aýtmadyk sözleriň ýürege sygman,

Soňky deme çenlem ýetmän takadyň,

Agy bolup bokurdagňa direse,

Pyşyrdylaň barar maňa jaň bolup:

“Sen nirede, sen nirede, nirede?!.”



Seýitmyrat GELDIÝEW

35
103
garlawac
15.11.2023 00:09

Öz güýçlüdigime meniñ özümem ynanýaryn, çünki güýçli bolmaga mejburdugym üçin güýçli boldum, öz islegim bilen däl...

32
120
garlawac
14.11.2023 20:38

Döwük-döwük bu göwnümiň derdi kän,
 Gursagymda çogup duran gussa bar.
 Häzir öz hoşuma ýaşasym gelýär,
 Bagtam bolsa, wagtyndan öň gyssamaň.

28
71
garlawac
13.11.2023 11:22

Ýüregim ýüregiň elinden tutup...

Ýa-da, tersine!

Ýüregiň ýüregmiň elinden tutup,

Ylgasady,

ýöresedi,

dursady!

Günlerem süýjije-süýjije ötüp,

Elmydama gülkim tutup dursady.

34
395
garlawac
11.11.2023 13:32

 Güneşli Asmany gaplap bulutlar,
Kem ýaly bolup dur, sensiz birzadym.
Köp zat islemedim, her gün sesiňi
Birje gezek eşitsemem yrzadym.

BAKY AMANÝAZOW

32
157