garlawac
09.12.2023 20:17

Sen rahat ýatyrsyň,
Gapdalyňda men
Otyryn boş goýup ýassygyň ýaryn.
Şu çaka çen, seniň bilen geçilen
Günleri bir-birden ýada salýaryn.

Düşünip bilemok, nämedi eýsem
Düýp sebäbi saňa sataşan derdiň?!
Işden sähel gijä galyp geläýsem,
Saçlarymy ysgap-yasgap görerdiň.

Bilýärdim seň oda düşüp ýöreniň,
Ýaşyrsaňam, bilýärdim men baryny.
Taparyn öýdýärdiň eşiklerimiň
Epininden yat saçlaryň taryny.

Köýnegimden ysyn alyp öz eliň,
Köşeşerdiň ysgap gören badyňa.
Wah, duş gelmek isläňokdyň özüňem
Yhlas bilen gözläp ýören zadyňa.

Bilmedik bolardym, aňsam-da muny,
Senden ýüz öwürip, terse bakmadym.
Gabansaňam, söýgiň bilen sen meni
Garaşýan zadyňdan gorap sakladyň.

#Atajan Annaberdi.
38
111
ennish
9 Dekabr 2023
Yaman gowja🩷
sabyrly
9 Dekabr 2023
@garlawac_, Öý ruhunyñ gündeliginiñ yzyny goýmadyña bar bolsa paýlaşsana
sabyrly
9 Dekabr 2023
@garlawac_, bagyşla görmändirin ýazanñy üýtgeşik mowzuklar acýardyñ hemmesini söýüp okaýadym şondan ýatda galdy
sabyrly
9 Dekabr 2023
Her gezek soraýyn diýip çekinip galýan sen islenendãki garlawaç myñ ya beýle dãlmi
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.