garlawac
11.12.2023 00:35
Penjireden dolan Aýyň bakmasy,
Meňem oňa şahyrlarça seretmäm...
Bu gije owadan asman sahnasy,
Kofe süzýän şekerini eretmän.

Kagyz. Galam. Kofe. Ýürek melhemi.
Düşün, läläm, men mert bolup ýadadym.
Gel, otur gaşymda hem diňle meni!
Aslynda, näme-kä meni ýadadan?!

Barha golaýlaşýar sensiz geljegim,
Belki, şodur göwni salýan dowula.
Özüm hakda diňe diýip biljegim,
Ölmesem başymdan bar zat sowular.

Razy, menli günleň hoş geçen bolsa,
Kim ömür sürüpdir perişde bolup.
Geçenleri ýatlamaga çen bolsa,
Geljegiň gaýgysyn aýraly ýolup.

Biz solar öýtmändik arzuwlaň reňki,
Söýgi üçin köp zatlara taýyndyk.
Arzuw-hyýallaram däl indi öňki,
Olaň ýerin tutup barýar kaýyllyk.

© Seýitmyrat GELDIÝEW
33
280
sazsoft
21 Dekabr 2023
🦋
sazsoft
21 Dekabr 2023
Şöhratparazlygyň goşulan ýerinde arassa ýürege ýer galmaýar.
sazsoft
21 Dekabr 2023
Adam gepläp bilmek ukyby bilen haýwandan ýokarydyr, ýöne geplemegi mynasyp başaryp bilmeýänler haýwandan has pesdedir.
sazsoft
21 Dekabr 2023
Ýaşamagy başarmak - bu ruhubelentligiň her damjasyna togsan dokuz damja der goşmakdyr.
sazsoft
21 Dekabr 2023
sazsoft
21 Dekabr 2023
Söýgi we iş durmuşda iň gymmatly zatlardyr. Aslynda, iş hem söýgüniň bir görnüşidir.
sazsoft
21 Dekabr 2023
Her kişini diňläp bolar, ýöne hemme adam gürrüňleşilmäge mynasypmy?! :)
sazsoft
21 Dekabr 2023
Kalbyň akyldan we erkden gaýry üçünji ukyby - döredijilikdir.
sazsoft
21 Dekabr 2023
Adamzat durmuşynyň maksady adamlara hyzmat etmekden, olaryň durmuşyna gatnaşmakdan we olara kömek etmekden ybaratdyr.
sazsoft
21 Dekabr 2023
Maddy ýaşaýşa meýil edýänler üçin ýaşaýyş göýä diýersiň, deňiz suwuny içen mysalydyr, içdikleriçe suwsarlar, suwsadyklaryça-da içerler.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.