SALAM GADYRDANLAR! Hemmäňize giç ýagşy!
Soňky wagtda bu ýerde hili ýaramaz postlar juda köpeldi. Munuň sebäbi nämekä?
Biri-birinden manyly, gyzykly post paýlaşýan agzalarymyza hormatymyz aýratyn uly. Janlary sag bolsun! Ýöne teňňäniň iki tarapy boluşy ýaly post paýlaşmakda ýalňyşlyk goýberýän agzalarymyzyň dykkadyna şu aşakdaky zatlary ýetirmek isleýäris:
1)Ilki bilen mowzuklaryň hiliniň pes görünmegine sebäp bolýan halatlara seredeliň:
a) Postuň mowzugyny haýsy internet platformasyndan, ýa-da haýsy kitapdan alan bolsaňyz şol ýeriň çeşmesini galdyrmazlyk.
Mowzugyň asyl çeşmesi bu siziň deliliňiz bolup durýar! Deliliňiz agzalar postuňyzy ýerliksiz tankytlan halatynda mowzugy alan çeşmäňiz siziň, mowzukda aýtmak isleýän zadyňyzyň ýöne ýerden toslama däldigini subut edýär! Goý, tankytlamalar siziň haksyzdygyňyza subutnama bolmasyn. tankyt üçin hemişe taýýar boluň!
b) Käbir gündelik ulanylýan katagoriýalarda (manyly sözler, goşgular, çeper sözler we şm) paýlaşylýan mowzuklaryň awtorlyk hukugyna hormat goýmazlyk, awtorlaryny galdyrmazlyk:
Awtorlyk hukuklaryna hormat goýmaklyk paýlaşýan zadyňyza nä derejede ähmiýet berýäniňizi görkezýär. Mowzukda awtory galdyrylmadyk post, agzalara doly däl we nädogry maglumat ýetirmek hem-de awtorlyk kanunlaryna garşy hereket etmek bolýar
ç) Postda ýüzüne degişme ýa-da ýazgy ýazylan suratlary paýlaşyp, mowzuk ýazylýan ýere belli bir maglumat ýazmazlyk, ýa-da ,,Hemmä salam" ,,Giç ýagşy" ýaly sözler ýazyp paýlaşmak.
Bu hereket bilen hili düýpleýin ýaramaz post eýesi bolmakdan başga gazanýan zadyňyz bolmaz. Iň bolmanda boşluk ýerine birje atalar sözüni ulanjak boluň! Şol atalar söziniň manysyny goýuň, ýa-da düşünmeýän atalar sözüňiziň manysyny sorag hökmünde paýlaşyň! Agzalaryň hemem özüňiziň wagtyňyzy boşuna harçlanmagyna sebäp bolmaň! Olar ýaly postlar imo, link we şm platformalarynda doly. Bu ýerde bir beýleki saýtlardan tapawutly çemeleşjek bolalyň!
d) Beýleki agzalar bilen aragatnaşygyňyzda dörän düşünişmezçilikleriňizi alagada post edip paýlaşmak. Kimdir birine kakdyryp post goýmaklyk!
Bir agza bilen düşünişmezçiligiňiz bar bolsa, araňyzda başardygyňyzdan dawasyz çözjek boluň . Postlarda kimdir birine kakydyp mowzuk açyp jogapkärçiligiňizi we özüňiziň hormatyňyzy peseltmäň!
e) Mowzugyň ady ýazylýan ýerine mowzuga degişli at goýmazlyk.
Postda mowzugyň ady ýazylýan ýerine aşakdaky ýaly dyngy belgileri goýsaňyz paýlaşýan postuňyz üçin laýk gazanyp we postuňyzy düzedip bilmersiňiz. Meselem:
: ; * " ... , _ - / ) ( £ ° we.şm
2)Postlarymy agzalar söýüp okamagy üçin nämeler etmeli?
a) Ilki bilen beýleki agzalar bilen mylakatly aragatnaşyk saklap başarmaly. Goý siziň sypaýy häsiýetiňiz agzalary özüne çeksin, agzalar siziň häsiýetiňize hormat goýýany üçin postlarňyzyň muşdagyna öwrülmegini gazanyň.
b) Başardygyňyzdan beýleki agzalaryň postunda manyly teswirler galdyrjak boluň. Goý siziň teswiriňizi okan her bir agza siziň muşdagyňyza öwrülsin! Paýlaşylan mowzuk barada öz düşünjäňizi aýdyň, agazlar bilen düşünjäňizi çalyşmaga ymtylyň, olardan täze düşünje almaga çalyşyň. Düşünjämizi ösdüreliň. Çünki bu ýer sosial, ýaşyňa görä däl düşünjäňe görä hormat goýýalar bu ýerde...
ç) Beýleki agzalara hormat goýup başarmak. Agazlar bilen dostlukly aragatnaşyk saklaň, olaryň düşünjesine hormat goýýanyňyzy olara duýduruň, olar bilen ýersiz-ýere çekeleşmäň! Postlaryna olaryň şahsyýetini kiçeldiji teswirler ýazmaň!
d) Paýlaşan postuňyza özüňiziň şahsy emlägiňiz ýaly seretmegi bes ediň. Size ýalňyşyňyzy aýtjak bolýan agzalara ýa-da siziň paýlaşan mowzugyňyz bilen ylalaşmaýan agzalara öz emlägiňizi talajak bolýan ýaly seretmäň! Dogry düşünip başaryň! Siz öz mowzugyňyzy köpçülige çykarýaňyz, köpçülikden hem mowzugyňyza görä netijä garaşyň!
e) Düzgünlere hormat goýuň! Unutmaň tertip düzgünden çykylsa wirtual däl, real durmuşda hem ýazgarylýar. Köplük bar ýerde tertip düzgün kadalary hökman bardyr.
Bu ýer wirtual älem. Biz bu älemdäki adamlary özümiziň hyýaly dünýämiziň güýjüne daýanyp tanajak bolýarys. Şonuň üçin her birimiz kimdir biriniň hyýaly dünýäsinde özümizi ajaýyp duýgular bilen janlandyrjak bolalyň!
Öwrenmeli bilen galyň, gadyrdanlar!
Mowzugy taýýarlan: Garlawaç.