garlawac
25.02.2024 01:50

Ýene goşgy ýazýañmy?
Niçik şygryñ haly gyzym?!
Sen mydama al-asmanda,
Uçup ýören ýaly gyzym.

Ýöne eliñ galamlyka,
Neçüýn çytyk gaşly-la sen?!
Sähel zada aglaberýäñ
Derrew gözüñ ýaşly-la señ.

Göwün keşdän setirlerni,
Diñe yşga sapýaň gyzym.
Kalbyñda ýok bolsa şo zat,
Nireden söz tapýaň gyzym?!

Dogry düşünmezler olar,
Ejen bilýär-ä hiç kime,
galdyrmaýanñy gabagny,
Yaz Watan hakda wasp eýle,
dag arçasyn, çöl sazagny.!

Kowup ýörme-dä bagtyny,
Diñe goşga ylgama sen,
Gelse yazmaly bolýansyň,
Dözümsiz-dä ylhama sen.!

Wah üytgeşik ynjyk gyzym,
Ah, üytgeşik näzik gyzym,
Her hal senin bagt kölün,
Bolmasyn-da läbik gyzym.!

Belki aýdanlarym seni,
Zemine düşürer gyzym,
Beräýmesek şahyr ýigde,?
Kim saña düşüner gyzym.!

...Gülnabat Begenjowa..
29
94
sabyrly
25 Fewral 2024
Bet bolupdyr malatsy ýetirip dur
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.