garlawac
29.02.2024 11:26
Juda giç duşuşdyk...
Barybir, duşduk.
Didelerim ogşap aldy ýüzüňi.
Tolgunmakdan sandyraýan barmagňa,
Ah, aslynda men dakjakdym ýüzügi.

Ýöne ýene şükür, solmandyr meňziň,
Gözleriňde görünenok gussa-gam.
(Hak söýgüniň kanuny bar şeýleräk:
Biz söýgide utulsagam, utsagam,
Oňa diňe bagty arzuw etmeli,
Ak ýol dilemeli.
Menem şeýderin!)
Gözleriňde görünäýse damja ýaş,
Ony bagtyň gözýaşydyr öýderin...
Hoş gal, gülüp ýaşa, sag bolup ýaşa,
Birmahallar öz bagtymdyr öýdenim!..

🔹🔹🔹🔹🔹🔹🔹🔹🔹🔹🔹🔹🔹

INTERNETDE DÖRÄN SÖÝGI
Bilmedim, nireden girdiň dünýäme,
Tötänden tanyşdyk, tötänden duşduk.
Ýogsa, imrinmäge pursatam ýog-a,
Bary-ýogy internetde ýazyşdyk.

Soraşdyk, ideşdik, duşuşdyk soňam,
Göwnüň ýaly gözel eken keşbiňem.
Şondan bäri ak kagyza sen hakda
Goşgy bilen çekip ýörün keşde men.

Hat ýazaňda ýyndam urýar ýüregim,
Jaň edeňde has ýagtylýar töwerek.
Duýgularmy ýaýyp goýduň öňüňde
Gursagymy beýlesine çöwürip.

Öňde-soňda bolan sowuklyklary
Unutdyk-da, kalbymyzda ýaz açdyk.
Ýogsa, imrinmäge pursatam ýokdy,
Bary-ýogy internetde ýazyşdyk.

🔹🔹🔹🔹🔹🔹🔹🔹🔹🔹🔹

Ýene-de oýamyň gijäň ýarymy?
Ýene-de depäňe ýakynmy asman?
Ýene-de dört diwar gysyp-gowuryp,
Ýene-de bimaza edýärmi gussaň?

Ýene bir nokady gözlerin bilen
Deşäýjek bolýaňmy? Ýüregiň go:rmy?
Kalbyň dyrmalanyp, göwnün döwülip,
Başyň dumanlymy? Gursagyň darmy?

Ýene ýel düşdümi naçar ýüregňe?
Damarlaň dartylyp, kirşe döndümi
Birsydyrgyn günler ýaly pikirler
Çakylyksyz gelip, ukyň böldümi?

Könlüň kapasadan boşaýsam diýip,
Ýöne el-aýagyň bagly ýalymy?
Ýene-de birahat edýärmi dünýä,
Ýene-de oýamyň gijäň ýarymy?...

🔹🔹🔹🔹🔹🔹🔹🔹🔹🔹🔹

Yüregim agyrýar...
Bagyşla, serwim,
Men bir heňlän dünýä sepleşip barýan.
Yzymda galdyryp utuşym, görgim,
Göze görünmeýän nätanyş bilen
Bir düşnüksiz dilde gepleşip barýan.

Umytlam titreýär, ysgyn ýok halys
Urulyp-urulyp, egbarlan kalpda.
Höwes ýok, maksat ýok, toý-baýram — alys,
Gözlerim lezzetde, ýüregim - galpda.

Başym ýaş bolsa-da, arzuwlam - goja,
Ýaza ýaza garaýsym deý bakmayan.
Derdi dökmek küje, derdinmek küje!
Men olary miras kimin saklayan.

Bu dostlaryň dost boldugy däl heniz,
Ýansam ýanyp, öçenimde öçmese.
Sen meni bagyşla, Bagyşla, eziz,
Dözemok men duygularmy hiç kese.

🔹🔹🔹🔹🔹🔹🔹🔹🔹🔹🔹🔹

Imisala köçelerde
Keypine gezip agladym;
Atyr ysly elýaglygmy
Gözyaşa ezip agladym;
Geçmişimi dyrnap-dyrnap,
Dörjeläp, gazyp agladym;
Yoňlap dünýäň gussasyndan,
Üşüdip, gyzyp agladym;
Ýüwrüp ýadamsoň sapada,
Ayagmy ýazyp agladym;
...Bu ahwalyň geçmejegin,
Hasratlara a:ç gujagyň
Wagty bilen doýmajagyn
Hem erkime goýmajagyn
Bibaş pikir-oýlaryň hiç.
Iň soňky umyda deňiç
Hasratlaryň bakydygny
Ap-aýdyň syzyp agladym...
Ýazyp agladym...

🔹🔹🔹🔹🔹🔹🔹🔹🔹🔹

Eý, Heser, elheder!
Hyýalymdaky
Keşbe juda-juda meňzeýän Eser!
Damakdaky agy ýaly, gözümiň
Owasyndan daşa dyňzaýan Eser!

Eý, giç gelen Ylham!
Eý, göwni Joşgun!
Saçy özündenem uzyn Gözellik!
Ykbaly özgertjek bagta çalymdaş,
Asmanpisint göwni göwne gönezlik!

Sözleň bilen gowulanýar teň halym,
Köňül kölüm gözleň bilen suwlanýar.
Nazaryňa nyşan bolsa (eý, aman!),
Ýanyp duran o:t üşeýär, suw ýanýar.

Eý, gujagy Behişt!
Hijrany — Dowzah!
Kebzelemden ganat çykdy — uçdum men.
Eý, özi bir Dünýä!
Pany dünýäniň
Höwesinden birmahallar geçdim men...

🔹🔹🔹🔹🔹🔹🔹🔹🔹🔹🔹🔹🔹

...Gowusy, goýaly!
Mert bolmak gerek...
Ýürek täze derde uýgun bor, bilýän.
Düşünmesi çetin göwün bar mende -
Köpräk aglaýan, azrak gülýän.

Günleň aýdymlary täzelenipdir,
Sazyna tans edip bilmen (dag arman!).
Indi gijelerden gam ysy gelip,
Daňlar atyberýär süýt deý agarman.

Aýyň gözelligi, gör, hanjak gitdi!..
Ýyldyzlar endigan petreşýäler,
Olar ýerli-ýerden çola köňlüme
Bir ýerlerden gussa getirişýäler.

Yşkyň patasyny bireýýäm aldyk,
Muny aýtmamda-da bilibem dursun.
...Gowusy, goyaly!
Yok, "Söýýän" diýme!
Ömrümi büdreden şol söýgi gu:rsun!


Sapa Hommadow

34
182
Bkm
1 Mart 2024
@garlawac, imoda yoklay
efsane_tm
29 Fewral 2024
@garlawac, sagbol onda!
tyllayev_allanur
29 Fewral 2024
Name ucin ulaldyp yazyanyz
efsane_tm
29 Fewral 2024
@garlawac, ok sps
efsane_tm
29 Fewral 2024
şu şriftiñ kodyny aydayda postyma🙁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.