flowers_
28.05.2024 18:24

Ynam deňzinden damjalar.



Kämillige barýan ýol özüňe bolan ynamdan başlanýar.
***

Adamyň özüne bolan ynamy, beýik işlere girişmegiň ilkinji şertidir.
***

Üstünligiňiziň beýikligi, özüňize bolan ynamyňyzyň ululygyny görkezýär.
***

Ýüreginiň we akylynyň uçgunyna ynanmaýanlar, üstünlik oduny ýakyp bilmezler.
***

Özüňe bolan ynamy gazanmagyň ýeke-täk ýoly — durmuşyňda “Men başarmaryn” diýen söze orun bermezlikdir.
***

Edip biljegiňize ynansaňyz, başararsyňyz, edip biljegiňiz hakda pikir edýän bolsaňyz, onam başararsyňyz.
***

Başgalaryň size ynanmagyndan öň, siz, ilki bilen, özüňize ynanmaly.
***

Hiç hili merdiwan bolmasa-da, özbaşyňyza dyrmaşmany öwrenmelisiňiz.
***

Ýeke özüňiziň çykan ýoluňyzdaky iň gowy ýoldaşyňyz özüňize bolan ynamyňyzdyr.
***

Üstünlik ukyp bilen däl, isleg hem-de ynam bilen döredilýär.





Taýýarlan: Gurbansähet.
23
100
flowers_
28.05.2024 11:07

Lew Tolstoýyň durmuş kadalary

Beýik rus ýazyjysy Lew Tolstoý 22 ýaşynda öz durmuşy üçin kada-kanunlar düzýär we oňa bütin ömründe amal edip gezýär.





Näçe baý bolsaň-da, durmuş terziňi özgertme.

* * *

Şöhrat üçin harajat sarplama.

* * *

Bir özüň hötdesinden gelip biljek işiňe ikinji birini goşma.

* * *

Hiç haçan syrlaryňy äşgär etme.

* * *

Her gün agşam gündiz öwrenenleriňi gaýtala.

* * *

Artykmaçlyk edýän zadyňy özüň üçin däl-de, jemgyýetiň üçin ulan.

* * *

Ýagşylyk etmäge mümkinçilik gözle.

* * *

Gowy adam bol we gowulygyňy özgelere bildirmezlige çalyş.

* * *

Hemmeleri deň derejede gowy gör, bu söýgüden özüňem çetde galma.

* * *

Halkyň söýgüsi üçin ownujak duýgularyňdan ýüz öwür.

* * *

Şert näçe kyn boldugyça, hereketiňi hem şonça güýçlendir.

* * *

Özüň bilmeýän ýa-da tanamaýan adamyň öwgüsini almazlyga çalyş.

* * *

Her bir zada her tarapdan nazar sal — peýdasyny hem, zyýanyny hem.

* * *

Ýadawlygyňy başgalara bildirme.

26
127
flowers_
27.05.2024 23:15

Ýalňyşýar söýgüden bagtyn agtaran...


Seni tapyp, men özümi ýitirdim,
Ömrümiň ýaryna çeken gözlegde.
Men öz belet şäherimde azaşdym,
Azaşdym men seniň gara gözleňde.


Bilemok ýüregňe barýan ýoly men,
Hem tapamok barýan ýoly tünegme.
Adam aljyrarmyş bagty ýatanda,
Aljyrarmyş adam bagty çüwende.


Bu bagtmy ýa betbagtlykmy, kim bilýär?
Ýalňyşýar söýgüden bagtyn agtaran.
Ejizdir öz betbagtlygna ynanan,
Bagtly däldir: “Bagtly men” diýp magtanan.


Söýgüde bagtam ýok, betbagtlygam ýok,
Söýgi diňe salýar ýürege dowul.
Şoň üçinem yşkyň ýoly kötelli,
Şoň üçinem yşkyň kadasy ýowuz.


Gözleri ümezlär yşka düşeniň,
Açyk gözler aýdyň ýoly saýgarmaz.
Yşk bir ýowuz dertdir, bu derde ýolgan
Ýaryň wysalyna ýetmän aýňalmaz.


Men aýňalman, halas boljak bolamok.
Ýokdur yşk derdine ýolugyp ölýän.
Ýüregime täze ýara salsa-da,
Bu sataşan derdim köne dert örän.



Atamyrat ATABAÝEW
Türkmenistanyň halk ýazyjysy

26
46
flowers_
27.05.2024 18:51

Pursatlarda durmuş bar



Bir ýigit öýüniň töwereginiň garyny arassalap ýören eken. Şol barmana, onuň dostlarynyň biri «Ilki jaýyň üstüniň garyny süpürip, soň onuň aşagyny arassalasaň, gowy bolmazmy?!» diýip, maslahat beripdir. Onda ýaňky ýigit: «Olam-a ýadyma düşmän durmady welin, jaýda atam otyrdy. Onuň depesine çykmagy biedeplik hasaplaýaryn» diýipdir.




Goçmyrat ORAZBERDIÝEW.
18
62
flowers_
27.05.2024 15:30

Bagtyň taýýarlanylyş usuly:)

Sabyr käsesini alyň. Oňa ýüregi dolduryp söýgi guýuň. Iki goşawuç jomartlyk atyň. Biraz ýumor hem sepeläň. Ýagşylygam guýuň, ynamy näçe köp goşsaňyz, şonça gowy. Onsoň bularyň baryny gowy edip garyň. Soňra ony özüňize berlen ömrüň bir bölegine çalyň-da, ýoluňyzda duş gelenleriň ählisine hödür ediň!!!




Terjime eden: Orazmyrat MYRADOW.
32
321
flowers_
21.05.2024 17:21
Ilçi
(kyssa)


Öňki döwürlerde bir kazynyň görmegeý, berdaşly alym we takwa ogly bar eken. Bir gün şol juwan ýigit aradan çykypdyr. Kakasy onuň ölümine köp ahy-perýatlar edip, ýanyp-köýüp ýörüpdir. Şondan soň ol ýüregindäki hasrat oduny köşeşdirip bilmän, sabyr-takatdan daş düşüp, kazylyk mejlisine barmandyr. Musulmanlaryň meselelerini çözmek işi agsap başlapdyr. Bir tersa kişi onuň ýanyna gelip:

— Musulmanlaryň kazysyna bir soragym bar, kerem-sahawatyňyz bilen jogap bermegiňizi haýyş edýärin  — diýipdir. Ol:

— Sora, näme islegiň bar?

— Näçe ýyl bäri kazy bolup işleýärsiň?

— Elli ýyl bäri.

— Eger sen ýasawulyňy iş bilen bir ýana ugratsaň, ol hem seniň ýanyňa gaýdyp gelmän, saňa boýun bolmasa, onuň bu hereketini bagyşlarmydyň?

— Ýok.

— Eý kazy, Ýaradan saňa bir perzent berdi we ol hakyndaky ýazgydyny amala aşyrdy. Näme üçin Onuň hökümine razylyk görkezmeýärsiň?

Kazy bu sözlerden soň, akylyna aýlanyp, ýüregi rahatlanýar. Şondan soňra ol wezipesini birkemsiz berjaý etmäge başlaýar.
36
292
flowers_
18.05.2024 15:18
«Endişe gazan gaýnatmaz»

Ata­babalarymyzyň durmuşy temada döreden bu nakylynda gaýgy­ alada etmegiň adama peýda bermeýändigi barada söz açylýar. Endişe näme Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde: «Endişe – gaýgy­alada, ünji, alada» diýip düşündiriş berilýär. «Gazan gaýnatmak» bu ýerde degerli bir iş etmek, peýda bermek diýen manyda gelip, gaýgy­ aladanyň peýdasynyň ýokdugy aýdylýar. Gaýgy­alada adamy sussu peslige eltýär, kellesine dürli pikirleriň gelmegine sebäp bolýar.
Şeýle-de saglyga hem ýaramaz täsirini ýetirýär. Şol sebäpli ata­-babalarymyz durmuşda islendik ýagdaýda sabyrly bolmagy,wakanyň
anygyna ýetilýänçä garaşmalydygyny, ruhubelent we şähdaçyk bolmagy ündäpdirler. Şeýtmek bilen hem özüň, hem töweregiňdäkileriň rahatlygyny saklap bolýar. Muňa ugurdaş manyda «Müň gaýgy bir iş bitirmez», «Äre gaýgy ýoldaş bolmaz», «Adamy iş garratmaz, gaýgy­alada garradar» ýaly nakyllary mysal getirmek bolar.
27
70
flowers_
18.05.2024 12:00

Goşa mukaddesligiň baýramy.




Her ýylyň 18-nji maýynda Esasy Kanunymyzyň we Döwlet baýdagymyzyň güni halkymyzda belent watansöýüjilik döredýän, täze üstünliklere ruhlandyrýan milli baýram hökmünde bellenilýär. Bu baýramyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyryň hatyrasyna bina edilen ägirt uly heýkeliň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy bilen utgaşdyrylmagy umumadamzat gymmatlyklaryna ruhy we medeni taýdan möhüm goşant goşan türkmen halkynyň beýik döwre ýetip, mizemez berkarar döwlet gurandygyny dünýä äşgär edýär.Döwletimiziň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy döwletliligimizi alamatlandyrýan nyşanlarymyz bolup, olar Watanymyzyň garaşsyzlyk hem-de bitaraplyk ýörelgelerini we agzybir türkmen halkynyň parahatçylyk, döredijilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik gatnaşyklaryna bolan üýtgewsiz ygrarlylygyny özünde jemleýär. Goşa mukaddeslik umumadamzadyň ruhy gymmatlyklary bilen sazlaşyp, çuňňur mana eýedir hem-de halkymyzyň nurana geljegine bolan garaýyşlaryny äşgär edýär. Watanymyzyň saýlap alan döredijilikli ýoly bilen ösüşiň we rowaçlygyň belentliklerine tarap bolan ynamly ädimini has aýdyňlygy bilen beýan edýär.
Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji döwürlerinde, 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda öz Konstitusiýasyny kabul etdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde hukuk we halkara gatnaşyklarynyň emele gelmegi netijesinde, olaryň kanuny we taryhy ähmiýete eýe bolandygy sebäpli, döwletiň Esasy Kanunyna döwrüň talabyna laýyk gelýän birnäçe üýtgetmeler, goşmaçalar girizildi. Ýurduň täze taryhy eýýamynda ösüşleriň berk hukuk binýady döredildi. Milli kanunçylyk ulgamynyň berkidilmeginde Esasy Kanun aýratyn orun eýeleýär. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda 2008-nji, 2016-njy we 2020-nji ýyllarda amala aşyrylan konstitusion özgertmeler arkaly ösüşleriň täze tapgyrlarynyň hukuk binýady kämil derejede berkidildi. Ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan iki gezek ykrar edilen bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Esasy Kanunymyzda beýan edilmegi Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde ykrar edilmeginde uly ähmiýete eýe boldy.

Baýdak döwletiň nyşany, halkyň gadymy däpleriniň, adatlarynyň görkezijisi hasaplanylýar.
Türkmenistanyň Döwlet baýdagynda türkmen halkynyň mukaddes ýörelgeleri jemlenendir.
2008-nji ýylyň 29-njy iýunynda paýtagtymyzda dünýäde iň belent flagştok oturdyldy we ol belentligi
bilen Ginnesiň Bütin dünýä rekordlar kitabyna girizildi. 133 metrlik bu flagştokdaky baýdagymyzyň ini 35,
boýy 52.5 metr, agramy bolsa 420 kilograma barabardyr. Ýaşyl Tugumyzyň şeýle belentlige
galdyrylmagynyň özboluşly manysy bar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen Watanymyz ähli ugurlar boýunça ösüşiň täze belentliklerine galýar. Döwlet baýdagymyzyň iň belent flagştogda
pasyrdamagy halkymyzyň buýsanjyny artdyrýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Döwleti dolandyrmakda, demokratik, adalatly jemgyýeti gurmakda, toý-baýramlarymyzy, şanly senelerimizi ýokary derejede geçirmekde toplan tejribämize daýanyp, Esasy Kanunymyzyň we Döwlet baýdagymyzyň gününi mähriban halkymyzda belent watansöýüjilik döredýän, täze üstünliklere ruhlandyrýan milli baýram hökmünde belleýäris» diýip nygtaýşy ýaly, her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni uly dabaralara, şatlyk-şowhuna beslenýär. Munuň özi ösüşleriň belent maksatlaryna ruhlandyrýan milli mukaddesliklerimize goýulýan ýokary hormat-sarpanyň kepili bolup dabaralanýar.

Baýramyñyz gutly bolsun!🇹🇲
28
50
flowers_
16.05.2024 15:55

Bil­bi­liň göz­le­gi.

(Tym­sal)

Ir za­man­lar­da bir bil­bil ýo­lun­y ýi­ti­rip, çöl-be­ýe­wa­na dü­şüp­dir. Gül-gül­zar­ly­gy küý­se­ýän bil­bi­liň, bu üm­süm­li­ge ýü­re­gi gy­syp, ba­gy-bos­san­ly bak­ja­nyň göz­le­gi­ne çy­kyp­dyr. Bil­bil şol uçup bar­şy­na si­ňe­ge ga­bat ge­lip­dir.
– Şu tö­we­rek­de gül­ler bit­ýär­mi? – di­ýip, bil­bil si­ňek­den so­rap­dyr:
– Ony bi­le­mok we­lin, şun­dan uzak bol­ma­dyk ýer­de zir-zi­bil­dir ha­pa dö­kül­ýän çu­kur­la­r-a nä­çe diý­seň ta­pyl­ýar – di­ýip, si­ňek pert jo­gap be­rip­dir. Si­ňek bil­bi­le ol ýer­dä­ki özü­niň mes­gen tu­tu­nan ha­pa dö­kül­ýän çu­kur­la­ryň äh­li­si­ni sa­nap be­rip­dir.
Ýe­ne-de ýo­lu­ny do­wam et­di­ren bil­bil, ahy­ry ara ga­bat ge­lip­dir.
– Şu tö­we­rek­ler­de ha­pa dö­kül­ýän çu­kur bar­my? – di­ýip, bil­bil ary­dan so­rap­dyr.
– Ha­pa dö­kül­ýän çu­kur?! Ha­pa­çy­lyk diý­se­ne? Ýok, men-ä ga­bat gel­me­dim – di­ýip, ary ge­ňir­ge­nip­dir.
– Ýö­ne şun­dan uzak bol­ma­dyk ýer­de nä­çe diý­seň hoş­boý ys­ly gül­ler kän­dir – diýip, ary oňa haý­sy jül­ge­de ar­hi­de­ýa gü­lü­niň ös­ýän­di­gi­ni, haý­sy meý­dan­da bä­gül­le­riň açyl­ýan­dy­gy­ny sal­gy be­rip­dir.
Bu he­ka­ýa­tyň üs­ti bi­len dur­muş­da dog­ry ýo­ly saý­la­mak, kyn hem bol­sa özü­ňe mah­sus ýo­ly göz­läp tap­mak mas­la­hat be­ril­ýär. «Duzlaga dü­şen duz bo­lar» diý­li­şi ýa­ly, köp­çü­li­gi ta­na­mak, tir­keş­ýän dost­la­ryň hüý-hä­si­ýe­ti­ni bil­mek we en­dik­le­ri­ni saý­gar­mak dur­muş­da dog­ry ýol saý­la­mak­da mö­hüm şert­ler bo­lup dur­ýar.
«Är dog­ry – ýol dog­ry»

45
102
flowers_
16.05.2024 08:19

Hereket etmek näşükürlikmi?... Ýa-da şükür barada gysgaça



Şu makalany ýazmak meniň üçin diýseň kyn düşdi... Sebäbi üstünde oýlanasy meseleler kändi. Şükür etmekligiň bir gyrasy dini mowzuklara deginip geçýändigi sebäpli, diýseň inçe pikirlenmäge we ýaşulylardan, halypa-mugallymlardan bu hakda soramaga mejbur boldum. Iň soňunda alan maglumatlarymyň ählisini jemläp, umumy bir galyba sygdyrmaga çalyşdym. Ynha netijesi:

Ilki bilen oýlanylmaly we jogaplanylmaly soraglar şular: 

"Şükür näme? Şükür etmek nämä gerek?"

. Şükür - bu minnetdarlyk duýgusy. Şükür etmek - eliňde bar bolan zatlara minnetdarlyk duýmak hadysasy. 
Käbirimizde şükür etmek bilen baglanyşykly ýalňyş düşünjeler bar. Käbirlerimiz şükür etmegi razylyk duýmak bilen çalşyrýarys, şükür etmeklige eliňde bar bolan zat bilen çäklenmeklik ýaly seredýäris. Zähmet çekmeklige we özüňi kämilleşdirmeklige, yhlas, gaýrat görkezip birzatlar gazanmaga näşükürlik ýaly seredýäris. Köpimizde şeýle düşünje bar:

 "Baryňa şükür et-de geziber-dä! Köp zat nämä gerek?", ýa-da "Allahyň bereni bilen razy bol-da oturyber-dä! Hars urup näşükür bolmak nämä gerek?" 

we ş.m.

Bu düşünjeler aslynda, şükür etmekligiň düýp manysyna düşünmeýändigimiz sebäpli dörän düşünjelerdir. Arzuw etmek we arzuwyňa ýetmek üçin zähmet çekmek näşükürlik däl; gazanjyňy halal ýol bilen artdyrmak näşükürlik däl... Eger başgaça aýtmaly bolsa, onda 

şükür etmek - bu häzirki wagtda eliňde bar zat üçin minnetdarlyk duýmak. Şükür etmek - ýeten derejäň we gazananlaryň üçin bu zatlary saňa beren Allaha minnetdarlyk bildirmek. Has gysga aýdylanda bolsa şükür etmek - bu Elhamdulillah diýmek; 

ine, şükür etmegiň düýp manysy şunuň bilen bagly. Şükür edýän adam özünde bar zadyň gadyryny bilýän adam, ol zatary oňa miýesser edeni (bereni) unutmaýan adam, özünden we Ýaradandan razy bolýan adam. 

Umuman, meniň özüm bu tema şeýleräk seredýärin:

Şu günüme şükür, ertirime - zikir.



P.S. ýazylanlar umumy faktlardan we düşünjelerden getirilip çykarylan subýektiw garaýyşdyr. 



Joraýew Babageldi.
32
59