flowers_
22.06.2024 19:55

Tragediýa


Gowy görýän adamlarymyň ýene birini jaýlap gaýtdyk.

Özüňe ýakyn hasaplaýan adamlaryň ýok bolman, olaryň diňe dünýesini çalyşandygyny bileniňde, muňa çyn ýürekden ynananyňda, bu ynanç-ygtykat düşünjesi seniň sönen çyra mysaly ruhuňy birdemde ýagtaldyp gidýär. Çyra ýanmak üçin bar edilipdir. Ruh çyrasynyň ýüzündäki ylahy tejellileriň ähmiýetidir mazmuny diňe ynanç nurunyň ony tutaşdyran mahaly ýüze çykýar. Ynsan özüniň ruh aýnasyna şöhlelenýän ylahy atdyr-isimleri diňe imanyň saýasynda okap bilýär. Şol atlar okalmasa ebedilik üçin sünnälenip ýasalan ynsan, döwrüň materialistik dili bilen aýdanyňda, diňe nerwlerdir duýgylardan, beýniň çylşyrymly signallaryndan ybarat pany, gymmatsyz biologik mahluga öwrülýär. Adam mydama öz gymmatyny özi gaçyrýar. Beden agzalaryndan başlap ruhunyň her bir tikesine çenli diňe ebedilik, bakylyk üçin ýaradylan ynsan oglynyň özüni harlamagyndan has uly tragediýa bolup bilermi eýsem?



#Ahmet Sähetmyrat.
20
112
flowers_
23 Iýun 2024
@geldiyevna, neboldy inni🙄
flowers_
23 Iýun 2024
@geldiyevna, şükür Hudaya gowy, özi aýran bolaýmasa garlawaçyñ, bolan zada ýok, arkaýyn bol😄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.