flowers_
22.06.2024 00:22

Gelsene, ýürekdeş, gürrüň edeli...


Şeýle bir ýürekdeş gürrüň edeli,
Bar zat hakda dogry pikir ýöredip.
Men-ä saňa özümmikäm öýdeýin,
Senem özüňi gör, maňa seredip...

Meniň bu hyň berip duran kellämem,
Baş atyplar ýetişmesin sözüňe.
(Baş näme, janyňam bagyş etseň bor,
Saňa şeýle dünýäsini dözene).

Men goşgy ýazsamam «dymma» diýdiler,
«Gedemem» diýdiler, tanaman, bilmän.
Hemme üýşüp, meň göwnümi tapanok,
Men nädip taparkam göwnüni hemmäň?!...

Sen-ä «mydam görsem» diýýän, käte-de,
Senden başgalary görmäsim gelýär.
Gelsene, ýürekdeş gürrüň edeli,
Ah, meniň şeýle bir gürläsim gelýär.


Aýgül Garaýewa.

21
96
t_ayp
22 Iýun 2024
flowers_
22 Iýun 2024
@t_ayp, aha
t_ayp
22 Iýun 2024
@flowers_, Arman siz bilen şol ýerde söhbetdeş bolup bilerdik(täze girsem habar berjek hökman size ;)
flowers_
22 Iýun 2024
@t_ayp, hmm
flowers_
22 Iýun 2024
söhbetdeş*
t_ayp
22 Iýun 2024
@flowers_, Şoda😅
flowers_
22 Iýun 2024
@t_ayp,😄, öz-özünden gowy söhbetseş ýok, öz içiñi sowatjak boloñda janyñam ýakaýýalar)
t_ayp
22 Iýun 2024
@flowers_, Ýekelik janymy alýa meň :") (bir gowy söhbetdeş tapyp şoň içini ýakyp öz içimi sowatsam diýýän menä😆)(ýöne dogry ýekelikde öz-öziň bilen galyp hem durmaly)
flowers_
22 Iýun 2024
@t_ayp, "Iň gowy pisholog - tebigat. Ol derdiňi diňleýär, sessiz köşeşdirýär, iň gowy ýerem hiç kime gürrüň bermeýär" diýip okadym häli @alma atly agzañ postunda😊
t_ayp
22 Iýun 2024
@flowers_, Maňa-da gerek şo:))
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.