flowers_
02.01.2024 12:31
Daň düýbi çyzyldy, ümsümlik oba,

Guşlar gum- guklugyň hyýalna mündi.

Hem tamlaň ýanynda säginip ulag,

Ota- da gidenok aýallar indi.

 

Asmanyň ýüzünden süýrelýän misli,

Içi ak pagtaly halta- bulutlar.

Öý bikeleri deý taýýar zat iýip,

Indi pişiklerem ýalta bolupdyr.

 

Mal ýataklardan hem bir ses çykanok,

Gazyk çalşyp, zowzalardyk geçä biz.

Häzir ümsümligiň mukamy akýar:

Asudaja köp gatnawly köçämiz.

 

Sygyrlar örä- de gidenok indi,

Şowhunly daňdanlar ötäýen ýaly.

Peçlerden tüsseler çykanok indi,

Adamlar hut göçüp gidäýen ýaly.

 

Ýygym günlerinde iş has köp bolýar,

Belki olar gidendirler atyza.

Häzir asman- zemin arasyn ölçäp,

Derekler çyzgyç deý, durlar hatara.

 

Şemal yralanok ýaşyl baglary,

Şol müň ýylky oba, pelek gadymy.

Men bagra basýan- da ümsümlik bilen,

Açýan kildi gulplanmadyk gapyny…

 

… Hany meniň barlygymyň gözbaşy,

Daňdan ot satmaga ugraýan käbäm?

Ýa şoň ýoklugyna gyýylyp senem,

Sessizje otyrmyň mähriban obam?

 

“Geldiňmi?” diýýärmiň şahyr gyzyňa?

Sen näme üçin dymýaň, bir sözle ahyr.

Ýa geçen günleriň çöküp dyzyna,

Küýseýäni üçin müýnlimi şahyr?

 

Hiç tapmadym jogap, köne tanşym dek,

Imrindim obadan çykýan atyra.

Göýä ýaşlymyň ölçegi bolup,

Derekler çyzgyç deý durlar hatara…



”SIREN GIJESI” GOSHGULAR TOPLUMY OGULJENNET BASHIMOWA
34
39
flowers_
02.01.2024 08:01
"MEDENI MIRAS
«PAÝHAS ÇEŞMESI» ESERINDEN «GYZ» HAKYNDA NAKYLLAR"


Gyzly öýüň iti dynmaz.

* * *

Gyzlygym – soltanlygym, gelinligim – zyndanlygym.

* * *

Gyzlykda gyzyl gyz, nädip ýaman aýal bolduň.

* * *

Gyzmalyk özüňe bagly, mylaýymlyk – sözüňe.

* * *

Gyzy baryň näzi bar, ogly baryň – döwleti.

* * *

Gyzy kim söýmez, gymyzy kim içmez.

* * *

Gyzy saklap bilmeseň, güň bolar, ýüpegi saklap bilmeseň – ýüň."
34
131
flowers_
01.01.2024 23:06
Kitaplaryň gatlaryny sermeseň,
Tapyp bolýar näçe diýseň pelsepe.
Ýöne durmuşyňdan orun bermeseň,
Akylyňam paýlap ýörseň her kese,
Her kesden garaşsaň akyl almaga
Ýetişmersiň hiç bir zady öwrenip.
Guran pikirlerňe bakna bolmaga,
Barýaňmy buýsanjaň başyňy egip?!
Sen dälmi ol agşam düýşüme giren,
Sahawatly kitabyňy sahaplap…
Ýorgudyna düşmez düýşlermiň birem,
Bozulyp otyryn bolşuňy ýatlap...


Aýjahan ANNABAÝEWA
29
82
flowers_
01.01.2024 20:23
Ýylgyr eje, ýylgyr eje!

Arzuwlarmyz hasyl boldy,
Ýylgyr, eje, ýylgyr, eje!
Meniň bar umydym şoldy,
Ber şatlykdan bulgur, eje,
Ýylgyr, eje, ýylgyr, eje!

Dünýämi gül büredi, gör,
Umma gitdi hasrat hem şer.
Gülýän göwnüme ganat ber,
Gel, golumdan galdyr, eje,
Ýylgyr, eje, ýylgyr, eje!

Asman melegi mysaly,

Gülkiň gülleýşiň nyşany,
Näme bolsa bolsun pany,
Gülseň dünýäm güldür, eje,
Ýylgyr, eje, ýylgyr, eje!

Bulut deý dagydyp derdim,
Billerime kuwwat berdiň.
Gözleriňde gussa gördüm,
Sen arkaýyn bolgun, eje,
Ýylgyr, eje, ýylgyr, eje!

Ykbal käte alçy sülýär,
Joşup-joşup bahar gelýär.
Erte ne bor, Hudaý bilýär,
Ömür inçe gyldyr, eje,
Ýylgyr, eje, ýylgyr, eje!

Başym sypap bilmeseňem,
Jak-jak urup gülmeseňem,
Düýşde kalbym dilmesene,
Indi niçe ýyldyr, eje,
Ýylgyr, eje, ýylgyr, eje!
33
45
flowers_
01.01.2024 10:22
Owadan Gün dogup gyzyl çog bolup,
Bägül haýran galyp, agzyny açsyn.
Şahasyndan guşlar ören çynaryň
Damjalary ýere paýyrdap düşsün.


Berdinazar Hudaýnazarow.
37
174
flowers_
31.12.2023 22:29
Salam öwrenmeli programmaň hormatly agzalary, moderatorlary we adminleri!
Sizi we siziň maşgalaňyzy ýetip gelen täze ýyl baýramyňyz bilen gutlaýaryn!
Gelejek balyk ýylynda işiñizde, durmuşyňyzda üstünlik, abraý, jan saglyk arzuw edýän!
33
40
flowers_
31.12.2023 03:46
Salam hormatly @_Bilesigeliji we @sun_light!

@beghanym agzamyzyñ bäsleşigine diýip açan postlaryñyzda meni hem ýatlap geçeniñize tüýs ýüregimden minnetdarlygymy bildirýärin.
Bäsleşikde, durmuşda size üstünlik arzuw edýärin.
@_ Bilesigeliji size 7777 bal 🎁berýärin.
@sun_light size 9999 bal🎁 beýärin.

Ýetip gelen täze ýylyñyz gutly bolsun!☃️💝
28
69
flowers_
30.12.2023 22:37
Ýadama sen,
                   aladaňy men etjek,
Ýapraklary sübseleme ýel bilen.
Gijelere çyn syrdaşyň men barkam,
Ümmüldeşme del bilen.

Çözlem-çözlem bulupdyr-a kalbymda,
Pynhan söýgim, gyşa çenli göterýän.
Men gyşda-da seniň Zemine taşlan
Ýapraklarňy ýatlap güni ötürýän…

Göýä ýapraklarda aryň bar ýaly,
Alynmadyk söýgiň üçin öçli sen.
Alynmadyk söýgiň sapak bolupdyr,
Hut şoň üçin güýçli sen!

A men gijelerňe syrdaşyň bolup,
Ýeňletjek bolýaryn seniň derdiňi.
Aýtsana, bu derdi beren jenan kim,
Aýsana, güýz, ony Hudaý berdimi?



Aýjahan ANNABAÝEWA.
32
50
flowers_
30.12.2023 12:37
Salam @amanmyradowna_!

Men @beghanym agzamyzyň bäsleşigi üçin goýan postuñda õzüm barada ýazan zatlaryña gaty begendim. Minnetdarlygymy postuň üsti bilen bildirmek, hemde baýramyñy gutlamak isledim.
«Gülmek» sözi «gül» sözünden dörän bolmaly, ýürekden gülen ynsanyň güllere çalym etmegi-de, megerem, şondan bolsa gerek. Hemişe güler ýüzüňizde gülki gülleri açylyp, ýüreklere şatlyk uçgunjyklaryny paýlap dursun!».🎄☃️💝

Men seniň @beghanym agzamyzyň bäsleşigi üçin açan postuňa 9753 ball🎁 berýärin. Bäsleşikde-de durmuşda-da üstünlik arzuw edýärin!!!
38
281
flowers_
29.12.2023 20:08
Ýene müň sowalyň üstünden ätläp,
Tapylmadyk jogaplara gynanman.
Diňe söýgiň lezzetinden ganmaga,
Seniň ýanyňa barýan.

Ýene edilmedik işlem dag boldy,
Ýyldyzlardan köpdür entek gözleglem.
Köňli huzuryňa atmaga barýan,
Isleglerme döz gelmän.

Ömrümi bir gyra süýşürip bu gün,
Hiç zat etmesemem bolşuma kaýyl.
Indi ahli zada gözümi ýumýan,
Bir saňa maýyl.

Çünki senden başga howandarym ýok,
Çünki senden başga ýok meniň arkam.
Özümi tümde-de bagtly duýaryn,
Kalbymda barkaň.


Aýjahan ANNABAÝEWA.
30
33