flowers_
24.10.2024 21:18
Ahyrzamana.
Köňlüm aýdar, dostlar, eýläýin beýan,
Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana,
Dünýä üçin şerigatny taşlaban,
Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana.
Mollalar ylmyna etmedi amal,
Şerigat işine eýlemeý jedel,
Pälimiz bozulup, köpeldi kesel,
Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana.
Müftüler mal alyp, rowaýat berer,
Nähak pulny alar, hakny köýdürer,
Pälleri bozulup, pisat köpeler,
Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana.
Reýis bolan paýekiden pul alar,
Bermese, boýnuga gyl arkan salar,
Günäler köpelip, şerigat galar,
Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana.
Işanlary yrýa eýlär namazyn,
Gaflatda ötürer gyş bilen ýazyn,
Ýalan sözläp, ilden alar nyýazyn,
Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana.
Sopular nebs üçin mele don geýip,
Şübheli tagamny halal diýip iýip,
Şeýtan pygly bilen keramat diýip,
Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana.
Şyh bolonlar nezr üstünde uruşyp,
Bir pul üçin zen, perzende sögüşip,
Öwlüýä gapysynda mundag boluşyp,
Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana.
Hojalar hafr eder asly zatyny,
Kyýam Ysameddin goýup adyny,
Pylan kes hoja diýp hem öwladyny,
Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana.
Kethuda bolonlar dogry sözlemez,
Para alar, leýken hakny gözlemez,
Nähak güwä bolar, dawa düzlemez,
Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana.
Baýlarda galmady haýry-sahawat,
Dünýä diýp gezerler bolmaý parahat,
Garyplar baýlardan görmez kipaýat,
Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana.
Ogly hoşroý bolsa edermişler şat,
Göýä ki, döwleti bolondyr zyýat,
Gün-günden jahanda köpeldi pisat,
Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana.
Gyz juwandan ýokdur haýadan eser,
Ýigitler gyz bilen oýnaýyp gezer,
Ýaman iş köpeldi gün-günden beter,
Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana.
Zamana işleri ýaman bolupdyr,
Jahan içre pisat işler dolupdyr,
Pälimiz gidiban, reňler solupdyr,
Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana.
Baýlar zekat bermeý, bolupdyr süýthor,
Il içinde köpelipdir husythor,
Ömür ötüp, gaflata bolupmyz magrur,
Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana.
Günäler köp bolup, egsildi sogap,
Gorkar men,bu jahan bolmagaý harap,
Kesp edip satarlar arag-u şerap,
Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana.
Magtymguly, munça kylmak hekaýat,
Akyllara şaýed, bolgaý kipaýat,
Dünýäniň işine ýokdur nehaýat,
Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana.
8
62
flowers_
24.10.2024 00:42
Pursatlar.
Kämahal şeýle bir gepläsim gelýär,
Küýseýän şeýlekin hemsyrdaş adam
Dyzba-dyz oturyp şol adam bilen,
Geçmiş elipbiýin hetjikläp «A»-dan,
«Ýa» harpyna çenli çözläsim gelýär.
Isle zenan adam, isle-de erkek –
Sözledesim gelýär,
Sözläsim gelýär.
Emma beýle döwlet
Duşdumy entek?
Iň bagtly günümde duşupdy biri.
Sözläpdim, diňläpdim. Giňäpdi
göwün.
Işimem şowludy, ýüzümem ýagty,
Ýüregmiň urşy-da başgady şo gün...
Kämahal şeýle bir dymasym gelýär.
Ne adam küýseýän, ne-de bir gürrüň.
Dyzba-dyz oturyp öz-özüm bilen,
Gaýgym,
söýgim,
ömrüm,
aladam,
döwrüm.
Hakynda gürrüňler edesim gelýär.
Özümden özgäni küýsänok ýürek.
...Häp-häzir nähili? Häzirem şeýle.
Diňe özüm bilen
Gepleşmek gerek.
Kerim Gurbannepesow.
10
98
flowers_
20.10.2024 22:47
Göwnüm.
Gözlerime garap bir dem,
Aňlap bilseň ýürek derdim.
Wah, näler boljak-la merdem,
Gaýgydan ejiz göwnüm.
Assa-assa pursat saýyn,
Gädip barýan berlen paýym.
Başa näme gelse kaýyl,
Biçäre keniz bu göwnüm.
Senden aýyrmasyn takdyr,
Sözlerim söýgüme hakdyr,
Ýene elli ýyl bir çakdyr,
Ölümden eziz bu göwnüm.
Il bilen giden dolanar,
Pil bilen giden ne bolar,
Dünýe giňär, daş çolarar,
Toýdadyr heniz bu göwnüm...
Gülşirin HANOWA
12
71