flowers_
24.10.2024 00:42
Pursatlar.


Kämahal şeýle bir gepläsim gelýär,

Küýseýän şeýlekin hemsyrdaş adam
Dyzba-dyz oturyp şol adam bilen,
Geçmiş elipbiýin hetjikläp «A»-dan,
«Ýa» harpyna çenli çözläsim gelýär.
Isle zenan adam, isle-de erkek –
Sözledesim gelýär,
Sözläsim gelýär.
Emma beýle döwlet
Duşdumy entek?

Iň bagtly günümde duşupdy biri.
Sözläpdim, diňläpdim. Giňäpdi
göwün.
Işimem şowludy, ýüzümem ýagty,
Ýüregmiň urşy-da başgady şo gün...

Kämahal şeýle bir dymasym gelýär.
Ne adam küýseýän, ne-de bir gürrüň.
Dyzba-dyz oturyp öz-özüm bilen,
Gaýgym,
söýgim,
ömrüm,
aladam,
döwrüm.
Hakynda gürrüňler edesim gelýär.
Özümden özgäni küýsänok ýürek.
...Häp-häzir nähili? Häzirem şeýle.
Diňe özüm bilen
Gepleşmek gerek.


Kerim Gurbannepesow.
8
74
flowers_
24 Oktýabr 2024
@okyyjy, Salam, öñräk şeýledi indi düzeldä, ýene gelnokmyka ýa🤔
geldiyevna
24 Oktýabr 2024
Häzir-ä özüňden oňaýly adam ýok, iç döküşmek üçin😢
okyyjy
24 Oktýabr 2024
Salam @smiling proga girip bilemok, sms gelenok diýä, adminlere duýduryp beräýiň diýä
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.