Basgançak.
Kimseler bu ýerden geçip ýeňlejek,
Kime bolsa, ondan ýollar başlanjak.
Kim üçin bu ýerde menzil soňlanjak,
Garşylap hem ugradyp dur basgançak.
Büdüräýme basgançaga müneňde,
Adamlary gursagyndan geçirýän.
Ol kimleri alyp gidýär belende,
Kimi bolsa ýene aşak düşürýär.
Mämetgurban Mämetgurbanow .