flowers_
15.02.2024 01:53

Nemli didelerňe ýagyş damdymy?!
Kalbyňda ýyldyrym çakypdyr öýdýän.
Ýürekdeş saýanyň derdiň aňdymy?!
Ah, olam janyňy ýakypdyr öýdýän.

Yşkyň hakydasy-soňlanmaz gussa,
Tutaryk ykbaldan öýkelemäge.
Ynsan käte ynsanlygyndan arsa,
Başlaýar göwnüni ýekelemäge.

Yhlas ynjar,
Umyt ynjar mydama
Sergezdan hyýala ser, baş bolmakdan.
…Eden hatasyny bilýän adama,
Agyr jeza ýokdur bagyşlanmakdan. 





Gurbansähet GURBANSÄHEDOW.
45
85
flowers_
14.02.2024 21:31

"Kiçikäk ejem, ýerde çörek görse:
'Ýokarda goý guşlar iýer' - diýerdi.
Söýenlerimizi hemişe ýokarda tutdyk,
Ýa olary hem guşlarmy iýdi?"


Can Yücel.
35
200
flowers_
14.02.2024 17:09

Jenneti nikaly ýaryňdan gözle.





Mertebesiz ýigdiñ geljegi noldur,
Dowamaty namys-aryñdan gözle.
Lola beren mähriñ dowzaha ýoldur,
Jenneti nikaly ýaryñdan gözle.


Bu dünýe müñ dürli oýunly hana,
Oýuna düşünip oýnanlar dana.
Ýeter-ýetmez dosta barsañ myhmana,
Işdäñi saçakda baryndan gözle.


Başyñ bir bolsa-da köpe baglysyñ,
Kimleriñ duşmany, kimiñ janysyñ.
Ýoluny ýitiren zenan namysyn,
Erkek dogan bilen, ärinden gözle.


Islese ärini är eder hatyn,
Islese mertebä zar eder hatyn.
Köçedäki şirleñ asyl gaýratyn,
Ot ýaly gelinleñ töründen gözle.


Özüne baglydyr her kimiñ güni,
Durmuş synap, saýlar hergiz merdini.
Boýa gelen äriñ berekedini,
Onuñ elindäki kärinden gözle.


#Kerim Hally.
40
81
flowers_
14.02.2024 12:58
Kitaplar barada nämeler bilýärsiňiz?


Kitap durmuşymyzyň bezegi. Kitaplaryň syrly dünýäsi bar. Ol dünýäniň syrlaryny açmak okyjynyň paýyna düşýär. Munuň üçin bolsa, diňe kitaby dost tutunyp okamak gerek. Kitap okamak ynsanlaryň dünýägaraýşyny giňeldýär, pikirlenişini ösdürýär. Ynsanyň ýakyn we ynamdar dosty bolan kitaplar barada biläýmeli zatlarymyz kän. Geliň, olaryň käbirleri bilen tanyş bolalyň.

Dünýädäki iň äpet kitap “Çagajyklaryň dünýädäki iň uly kitaby” diýlip atlandyrylýar. Kitabyň uzynlygy 6 metr, ini 3 metr. 492 kilograma deň bolan bu kitap 4 sahypdan ybaratdyr.

*****

Anton Pawlowiç Çehowyň “Hameleon” kitaby dünýädäki iň kiçi kitap hasaplanýar. Bu kitap 2002-nji ýylda dünýäniň iň kiçi kitaby hökmünde rekordlar kitabyna girdi.

*****

Angliýanyň Uestberi-sab-Mendibi şäherçesinde ýerleşýän gyzyl telefon “öýjagazynyň” içinde ýerleşýän kitaphana dünýäniň iň kiçi kitaphanasy hasaplanýar. Geň ýeri, bu kiçi kitaphanadan 100-e golaý kitap neşirlerini tapmak bolýar.

*****

Basma harplar bilen ýazylan iň galyň kitap “WIKIPEDIAL” diýlip atlandyrylyp, onuň 5000 sahypasy bar. Bu kitap Rob Metýusa degişlidir.

*****

Dünýädäki iň gymmat satylan kitap “Lesteriň kodeksi” diýlip atlandyrylýar. Italýan hudožnigi Leonardo da Winçiniň sungat eserleri hem-de olaryň syrlary hakynda ýazylan bu kitaby Bill Geýts 30,8 million dollara satyn alypdyr.

*****

“Britaniýanyň parlament dokumenti” diýlip atlandyrylýan kitap dünýäniň iň köp dilde çap edilen kitaby hasaplanýar. 6 ýyllap gije-gündiz neşir edilen resminama hasaplanýan kitap 1112 tomdan ybarat we onuň agramy 3300 kilograma deňdir.



Aýlar ATAJYKOWA.
32
42
flowers_
14.02.2024 00:36

Günlerimiz,
Ömürlermiz ötinçä
Merjen dänesi deý düzülmelidir.
Söýgüde
duýgular bolmaly inçe,
Çala galplyk etseň, üzülmelidir.


Söýginiň derdine hormat goýmaly,
Şo dert bilen önýär tämiz duýgymyz.
Biz
elmydam
hesret çekip söýmeli,
Degýän bolsa şol hesrete söýgimiz!




Gurbannazar Ezizow.
36
59
flowers_
13.02.2024 22:58
Mydar edýän ýürek bilen
Müň ýamaly.
Aglasyň gelende aglap bilmeseň
Iň ýamany.
Aýaň, yşka duşmadygy,
Synlap öň ýanany.
Aşyk ýöne ýerden gysmaz
Galamy.
Undup bolýa ähli derdem,
Unutma ýok,
Dert salany.
Bar zat ýazgydyňa görä,
Pozup bilmersiň
Sen ony…
Noldan başlap ýene nola
Getirýän yşkyň jemini.
Bu bir durmuş kadasy
Görüp gelen ýok
Soňuny…
Çaklaýşymdan juda ýeser,
Gör, ony.
Mydama söýüp ýaşadym,
A sen meni?


Ogulnur ATAÝEWA.
34
34
flowers_
13.02.2024 18:52
Deňizden damja.


•Adam akar suwa meňzeýär: bulanyk wagty düýbündäki merjenler, dürler görünmeýär. Şonuň üçin-de ony arassa, dury görnüşde saklajak bolmaly.
#Jelaleddin RUMY.

•Katra-katradan ýygnanan suw köl bolar.
#Alyşir NOWAÝY.

•Ýapdan akyp giden suw gaýdyp yzyna gelmez.
#Sagdy ŞIRAZY.

•Deňiz az diýmez bir damja suwa.
#Ahmet ÝOGNAKLY.

•Gara agaç miwe bermez, gögermez,
Suwsuz ýerden mekan olmaz, ýurt olmaz.
#Soltan SANJAR.

•Bulut hiç haçan deňziň üstüne sepelän damjasyna minnet etmeýär, sebäbi onuň suwy deňizden alnandyr.
#Bedig USTURLABY.

•Derýanyň kenarynda durup, mugallym: «Ähli zat, her bir gün, her bir gije şu suwlar ýaly akyp gidýär» diýdi.
#KONFUSIÝ.

•Suwy hyýalyňa getireniň bilen teşneligiňi gandyryp bilmersiň, ot hakda oýlananyň bilen ýylanmarsyň.
#Ebu Bekir NESSEJ.

•Çünki ýalpak suwlar beýniňi zäherleýär, bol suw ynsany arassalaýar.
#POMPEÝ.

•Biri ýata suwda diňe ýata suwy görýär, başga biri bolsa onda ýyldyzlary görýär.
#L.N.TOLSTOÝ.



Toplan: Diýar ÖWEZOW.
38
47
flowers_
13.02.2024 13:59

Dünýä dilleri barada bulary bilýäsmi?!




▪︎Dialektleriň we dilleriň mukdary boýunça ähli ýurtlaryň arasynda Täze Gwineýa birinji orny eýeleýär. Bu kiçi ştatda bary-ýogy 700 adam bolup, her şäheriniň we obasynyň öz şiwesi bar.


▪︎Dünýä ýüzünde takmynan 7 müňe golaý dil bar, ýöne ilatyň 70%-i iň köp ýaýran dilleriň 40-syny bilýär. Bu bolsa bar bolan dilleriň ýitip gitmegine sebäp bolýar. Mysal üçin, şu asyryň ortalaryna çenli dünýä dilleriniň sany iki esse azalyp, bar bolan 7 müň diliň 2680-ne ýitmek howpy abanýar.


▪︎Iň köp gürleşilýän dilleriň hatarynda hytaý dili birinji orny, degişlilikde hindi, iňlis, ispan, arap we rus dilleri eýeleýär. Emma ýurtlarda resmi dil hökmünde kabul edilen iňlis dili (66 döwlet) birinji ýerde durýär.


▪︎Gadymy wagtlarda rus imperiýasynda 1812-nji ýyldaky watançylyk urşy döwründe-de fransuz dilinde gürlemeklik makul bilnipdir.


▪︎Ýewropa ýurtlaryndaky dürli ownuk dilleriň ulanylyş çägini giňeltmek maksady bilen Ýewropa diller güni her ýylyň 26-njy sentýabrynda bellenilip geçilýär.


▪︎Dünýä dilleriniň arasynda iň kiçi elipbiý Bugenwil adasynyň aborigenlerine degişli bolup, ol 11 harpdan ybarat. Kambojada resmi dil bolan khmer diliniň elipbiýi bolsa 72 harpdan durýar.


▪︎Birnäçe şiwe sözleri bolan abhaz dili täsin dil bolup, onda bary-ýogy iki sany çekimli we 67 sany çekimsiz ses bar.


▪︎Awstraliýa materiginde XX asyrda 400 dil bolan bolsa, häzir ol ýerde bary-ýogy 25 dilde gürleşilýär.


▪︎Dünýä dilleriniň ýitip gitmezligi üçin ÝUNESKO tarapyndan dürli möhüm çäreler durmuşa geçirilýär. Muňa mysal hökmünde Halkara ene dili gününiň bellenilmegini aýtmak bolar.




Aýna BAÝRAMOWA.

59
242
flowers_
13.02.2024 00:04

Sen gitdiň, şemlerem durkun ýitirdi,
Gelmediň, garaşdym, gideliň bäri.
Indi öňküler deý ýazamok goşgy,
Ýalňyzlyga dözendigňi bilýäňmi?!

Seniň ýollaryňa intizar gözler,
Garaşypdy aýtmak üçin syryny.
Senden özgelere dözmedim men-ä
Gursakda çaň basyp giden syrymy.

Bilýän köp täzelik toplansyň maňa,
Ýellerden, güllerden habar ugratgyn.
Ne-hä seň özüň bar, ne-de ses-selem
Aýt, sen arzuwlamy nirä ugratdyň?!




Gülnar GELDIMYRADOWA.
28
65
flowers_
12.02.2024 20:38
Ikilemeler.


Näme etseň, çyndan etgin, taslama,

Uzaga gitmeýär ýalan toslama.

***

Eger-de ýagşylyk isleseň ile,

Küýüňde-köýüňde bolmasyn hile.

***

Bagtyňy zähmetden, derden gözlegin.

Näme ýitirseňem ýerden gözlegin.

***

Eneňe-ataňa bermeseň wepa,

Görjegiň görgi bor, çekjegiň jepa.

***

Başyň aman bolar, gulak goý, akla,

Diliňi dişiňden aňyrda sakla.

***

Söýmek bir zat, nalamagam bir zatdyr,

Gorkmak bir zat, sylamagam bir zatdyr.

***

Ynanmagyn näçe etse-de puşman,

Dönük bir sypdygy ýene bor duşman.

 

 

Awtory: Gurt Näzliýew.
31
47