flowers_
14.02.2024 17:09

Jenneti nikaly ýaryňdan gözle.





Mertebesiz ýigdiñ geljegi noldur,
Dowamaty namys-aryñdan gözle.
Lola beren mähriñ dowzaha ýoldur,
Jenneti nikaly ýaryñdan gözle.


Bu dünýe müñ dürli oýunly hana,
Oýuna düşünip oýnanlar dana.
Ýeter-ýetmez dosta barsañ myhmana,
Işdäñi saçakda baryndan gözle.


Başyñ bir bolsa-da köpe baglysyñ,
Kimleriñ duşmany, kimiñ janysyñ.
Ýoluny ýitiren zenan namysyn,
Erkek dogan bilen, ärinden gözle.


Islese ärini är eder hatyn,
Islese mertebä zar eder hatyn.
Köçedäki şirleñ asyl gaýratyn,
Ot ýaly gelinleñ töründen gözle.


Özüne baglydyr her kimiñ güni,
Durmuş synap, saýlar hergiz merdini.
Boýa gelen äriñ berekedini,
Onuñ elindäki kärinden gözle.


#Kerim Hally.
40
81
flowers_
21 Fewral 2024
@orazow96, gowumy, giç yagsy, minnetdar 😊
flowers_
21 Fewral 2024
@orazow96, 👍
orazow96
21 Fewral 2024
Gaty dowry
rovik23
14 Fewral 2024
❤️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.