flowers_
23.02.2024 23:34
"Arzuwym azaşdy, öte howlugyp…"
Ogulnur Pirjikowa


Arzuwym azaşdy, öte howlugyp,
Hyýallarym umytlarma gowrulyp,
Diý: «Ýa gowy bolar, ýa-da gowluga»,
Özümden kän zada garaşan wagtym.

Bilseň, söýgüň ýaraşygy ynamdyr,
Ynsan şonuň bilen beýge galandyr,
Dideleriň nurydygma ynandyr,
Özümden öýkeläp, ýaraşan wagtym.

Kinämi ir-giçde ýeňjekdigime,
Goşgularňa siňip geljekdigime,
Ynan, bagtyň bolup biljekdigime,
Sabaňa düýş bolup oraşan wagtym.
31
40
flowers_
23.02.2024 13:33
"Meniň gelinim".
Kerim Gurbannepesow.



Meniň bir gelinim bar.
Şeýle bir gelin –
Beýle ajap gelin dünýäde
ýokdur,
Şeýle bir naharlar bişirýär welin,
Kekre-de oň ýanda
tagamlyrakdyr.

Aş bişirse – şerebedir şerebe.
Çapady bişirse – duran bir
daşdyr.
Emma özi weli şeýle görmegeý.
Özümem ýaş weli,
Gelinimem ýaşdyr.

Unaş bişirende – belkesi hamyr,
Palaw bişirende – deň-ýary
kesmek.
Çörek bişirende ýüzi gül-güldür,
Deň-ýarysy küldür,
Deň-ýary kesek.

Çişlik bişirende – deň ýary
kömür,
Börek bişirende – öt ýaly ajy.
Emma ýüregi bar duran bir
göwher,
Dilleri bar weli,
baldanam süýji.

Mundan öňki ömrüm biderek
eken,
Indi üç ýyl bäri tukat günüm ýok,
Gaýgy, gussa, hasrat diýilýän
zatlaň
Adyn eşitsem-de, özün bilemok.

Seýle bir bälçik ol,
bir söz diýdigi
Adam bary burlup,
Şol güler ýatar.
Üç ýyl bäri garnym gyzyl aç weli,
Şonda-da gaharym gelenok
beter.

Ýeri, nädip oňa gaharym gelsin,
Ýüzüne gyňralyp bakan
mahalym,
Bir bälçigin aýdyp goýberýär
welin,
Şo bada güm bolup gidýär
gaharym.

Onsoňam, diňe bir bälçikligi däl,
Dökülýär elinden şeýle bir dürler
Çeken keşdesini gören adamlar
Başyn ýaýkap,
ýaýkap,
ýaýkap giderler.

Alçaklyk, bälçiklik, eli çeperlik
Gyzlar üçin juda gerekdir welin,
Jan eneler, käte gyzlaryňyza
Nahar bişirmänem
öwredeweriň.



Şu goşgyny okanyñyzdan soñ
@imissyou agzanyñ "Öýlenmek: bu pul berip başyña belany satyn almakdyr" diýýän sözune nähili garaýañyz? :)
32
81
flowers_
23.02.2024 07:04
Men – Türkmen ogly.


Men erkin adam, meniň demim — tamdyryň howry, meniň emim — düýe çaly. Meniň sazym — dutar, aýdymym — ene hüwdüsi. Hiç haçanam bananyň süýjüsini gawunymyň şiresine deňemerin. Meniň üçin klassika — Nury Halmammedow. Däbim, buýsanjym, arkam — Oguz.  Şu topraklarda ýöremegi öwrendim, oýunjagym — aşyk, mekdebim — namys. Sähram — bahar ýaýlasy, ummanym — Hazar. Teşnäm — Jeýhun, penam — Garagum. Kitabym — Merw, Köneürgenç, diregim — Gökdepe. Heýkelim — Köpetdag, joşgunym — Sumbar.
Men — milleti üçin galam tutan Magtymguly, gylyç oýnadan — Jüneýit han. Men — köpi gören Kerim şahyr, men — güýze aşyk Gurbannazar. Men — milleti üçin pida bolan Gaýgysyz Atabaýew, men — esger papak geýen Aýdogdy Tahyrow. Meniň baýlygym — Garaşsyzlyk, syýasatym — Bitaraplyk. Asmanym asuda, göwnüm päk. Düýnüm — dessuryny goran aksakgallar, ertirim — milliligini saklaýan altyn nesil. Baýdagym — haly, edebim — salam, haýam — keteni, gussam — gopuz. Yşkym — Aşgabat, şapagym — Awaza. Kölegäm — arçalar, ganatym — bedew, wepalylygym — alabaý. Palaw — hödür-keremim, çaýym — sazak. Nygmatym — ak altyn, mirasym — ene dilim. 
Men sada, men – Türkmen ogly!

Begli Saparow.
35
80
flowers_
23.02.2024 00:32
Erkek dogan.




Erkek dogan suwjuk bolmaz,

Ýüregi hut çelpek dogan.

Barsam, gaýtsam ýollaryma,

Sözüň bilen gül dök dogan.


Bir mahallar batbörege

Çolaşardy galpak dogan,

Diýme maňa: “sözüň çuň däl”

Aýna ýaly ýalpak dogan!



Mündirer “sürerdiň ulag”

Bizi şonda galtak dogan.

“Geldi- gelmedi” diýmäwer,

Gözde gizläp, çylpyk dogan.



Süýji geplemersiň bilýän,

Şonda- da ýürek dok dogan,

Seň kalbyň aňyrsy umman,

Garramawer entek dogan,

Erkek dogan, erkek dogan...



OGULJENNET BÄŞIMOWA
30
83
flowers_
22.02.2024 20:29
Ýatdan çykmajak syýahat üçin ýurdumyzyň iň owadan ýerleri



Her bir ýurduň özboluşly owadan ýerleri we olaryň öz relýefi bar. Türkmenistanyň çäginde müňýyllyklaryň dowamynda ilkinji döwletleriň binalary we Merkezi Aziýanyň ajaýyp tebigy aýratynlyklary saklanyp galypdyr.

Gadymy Merw şäheri

Beýik Ýüpek ýolunyň iň gowy goralýan gadymy merkezi hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Merw Aziýanyň iň gadymy şäheridir. Ol öz döwründe Margiana we Seljuk imperiýasynyň paýtagty boldy. Şäherde meşhur akyldarlar Omar Haýýam, As-Samani we beýleki alymlar ýaşap, özleriniň dünýä belli eserlerini döretdiler.

Parfiýanyň paýtagty

Häzirki wagtda Nusaý şäheri gadymy harabalyklary özünde jemleýär. Bu ýerde b.e.ö. IV asyra degişli bolan yzlar bar. Nusaý gadymy döwürlerden bäri Türkmenistanyň iň möhüm taryhy ýadygärlikleriniň biridir. 2007-nji ýylda Nusaý ÝUNESKO-nyň Bütindünýä sanawyna girizildi.

“Köneürgenç” taryhy – medeni döwlet goraghanasy

Köneürgenç – Beýik ýüpek ýolunyň iň uly şäherlerinden biri bolan Demirgazyk Horezmiň gadymy paýtagtydyr. VIII asyryň ortalarynda şäher Buharadan soň ikinji uly şäher bolupdyr. Şäher 1221-nji ýylda “Yslamyň ýüregi” diýlip atlandyrylýar.

Goňurdepe

Bürünç asyry (miladydan öňki 2300-nji ýyl) şäherçesi Türkmenistanyň günorta – gündogarynda, Mary oazisinde ýerleşýär. Margian 1972-nji ýylda arheologiki ekspedisiýasy tarapyndan açyldy. Goňurdepe köşk we birnäçe ybadathanasy bolan paýtagt Margiana welaýatynyň iň uly şäherçesidir. Onuň meýdany takyk kesgitlenmedi we dürli çaklamalara görä 20 gektardan 50 gektar aralygynda diýlip hasaplanylýar. Ybadathana şäheri miladydan öňki XVI asyryň ahyryna çenli ömür sürýär.

Dehistan

Etrek derýasynyň aşak akymlaryny öz içine alýan sebit bolup, Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda Madaw obasynyň 22 kilometr demirgazyk – günbatarynda ýerleşýän şähristanlykdyr. Taryhy maglumatlar şäheriň VIII – IX asyryň başynda ýüze çykandygyny görkezýär. Dehistan Horezmşahlaryň döwründe pajarlap ösýär.

Abiwerd

Abiwerd Sassanid döwrüniň gadymy şäheridir. Ol Beýik Horasanyň demirgazygynda ýerleşýär. Abiwerd wagşyçylykly hüjümleriň öňüni almak üçin serhet şäheri bolup hyzmat edýär. Arheologiki gazuw – agtaryş işlerinde birnäçe taryhy ähmiýetli depeler tapyldy. Abiwerdiň golaýynda Bandianyň ot ybadathanasy ýerleşýär.

Seýitjemaleddin metjidi

Oňat bişen kerpiçden bina edilen metjit syrça bilen gysganylman bezelipdir. Peştagy demirgazyga bakdyrylypdyr we jaýyň jümmüşinde, günorta diwaryň ýüzünde syrçalar bilen bezelen mährap bolupdyr. Peçtagyň syrçaly bezeginiň çeperçilik özboluşlulygynyň uly gymmaty bolupdyr, onda biri-birine tarap kellelerini uzadyp, süýnüşip gelýän iki sany eýmenç görnüşli aždarhananyň şekili çekilipdir. Olaryň sarymtygrak göwresi ownuk ösümlik nagyşly garamtyl – mawy syrça düşegiň üstünde towlanyp barýar, ol ownuk ösümlik nagyşlary jandarlaryň her biriniň açylan agzyndan başlanýar.

Şuňa meňzeş aždarhanalaryň dini ymaratda şekillendirilişiniň nusgasy Orta Aziýada başga ýokdur.

Dinozawrlaryň aýak yzlary

Dinozawrlaryň yzlarynyň saklanyp galan tekizligi Köýtendagyň demirgazyk – günbatar eňňidinde, Hojapil obasynyň derejesinden 850 metr belentlikde ýerleşýär. Täsin jandarlaryň aýak yzlarynyň uzynlygy 70 x 65 santimetre, ädiminiň aralygynyň uzynlygy bolsa 1,5 metr, käýerde 2,20 metre çenlidir.

Bu sebitde takmynan 1500 jübüt gowy saklanan dinozawr aýak yzlary we 31 ýoda hasaba alyndy. Bu ýer planetanyň bir ýerinde dinozawr aýak yzlarynyň iň uly ýygyndysydyr.

Ýekegowak gowaklar toplumy

Tagtabazar şäherçesiniň ýanynda ýerleşýän Ýekegowak Ýekedeşik ady bilen bellidir. Ýekegowak iki gatdan ybarat bolup, gitdigiçe birneme beýgelýän, içine tarap 37 metre çenli uzaýan, göni gümmez görnüşli desgadyr. Onuň iki tarapyndan biri-birine garşy, gönüburçly otaglar ýerleşendir. Otaglaryň her birinde ondan has kiçiräk otaga çykýan gapy deşikler bar. Bu otaglaryň 35-sine baryp bolýar, galan birnäçesi bolsa opurylypdyr. Gowagyň käbir ýerlerinde içi tegelek çukurly tamjagazlar gurlupdyr. Bular gömülen guýular ýa-da azyk önümlerini saklamak üçin ýerler bolmagy ähtimaldyr. Birnäçe otaglarda ikinji gata çykmak üçin kertli basgançaklar çapylyp ýasalypdyr.

Garlyk gowaklary

Köýtendagyň esasy ajap ýerleriniň biri hem Garlyk obasynyň golaýyndaky Gapgotan, Haşymoýuk, Gülşirin, Aralyk, Daşýürek, Dik (Kunstkamera) ýaly we ýene-de ownuklarynyň onlarçasyny birleşdirýän Garlyk tebigy ýerasty köwler ulgamydyr.

Köýtendag gowaklary dürli stalaktitler we stalagmitler, täsin daş güller, gips kristallarynyň druzlary, gipsden emele gelen egrem-bugram şekiller bilen bezelen hakyky ýerasty labirintdir! Bu ýerde mermer oniksiň açyk reňkli, mele, seýrek duşýan üýtgeşik şekilli we sadap ýalpyldyly dürli görnüşleri gabat gelýär. Şeýle hem bu ýerde owadanlygy bilen haýrana goýýan kiçeňräk kölçeler hem bar.

Köwata köli

Köwata köli 60 metr çuňlukda ýerleşip, ýylyň ähli möwsüminde öz ýylylygyny saklaýar. Kölüň suwunyň düzüminde kükürt, ýod, magneziýa, potasýum, natriý, sulfat, alýumin, bromin, demir, stibýum we ş.m. – jemi 38 element bar. Kölüň suwunyň temperaturasy ýylyň ähli möwsüminde 33 – 38 dereje aralygynda bolýar. Kölüň uzynlygy 80 metr, ini 30 metr we çuňlugy 16 metre çenli ýetýär. Köwata dünýäde iň uly ýerasty kölleriň biri hasaplanýar.

Ýangygala

Gadymy Üstýurtda ýerleşýär. Bu ýer bir wagtlar suwuň astynda bolup, millionlarça ýyllap gadymy ummanyň galdyran ýerinde emele gelipdir. Kanýonlaryň güýçli gyzyl reňkli demiriň bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Gumdur toýunlar howanyň täsiri bilen kem – kemden daşa öwrülipdir.

Derweze

Türkmenistanda 50 ýyldan gowrak wagt bäri ýanýan bu gaz krateri bütin dünýäde mälimdir. Ol 1971-nji ýylda ýanyp başlaýar. 1963-nji ýylda Merkezi Garagum ýataklar toparynyň Çaljülbe gurluşynda gözleg skwažinasyny burawlap başlaýarlar, ýöne ilkinji sapar uly bolmadyk çuňlukda üstüne topragyň ýokarky gatlaklary çöken gazdan dolup duran boşluk tapylýar. Diametri 60 metre, çuňlugy 20 metre deň bolan boşluk emele gelýär.

Şonda adamlaryň we haýwanlaryň gazdan zäherlenmeginiň öňüni almak üçin bu krateri otlaýarlar.

Palçyk wulkanlary

Ýüzlerçe kilometre çenli uzalyp gidýän, ýeke-täk çöl landşafty bolan gadymy Hazaryň kenaryndaky palçyk wulkanlary millionlarça ýyllap işjeňligini dowam etdirip gelýärler. Häzirki wagtda hereket edýän patlawuklar hemişe üýtgäp durýarlar. Olarda ýokarsyna inçelýän agzyna derek kiçeňräk erezler ýa-da kraterler bolup, olar suwly, suwuk laýly we nebitli bolýar.

Ýeroýlanduz çöketligi

Bu çöketlik diňe Türkmenistanyň däl, tutuş dünýäde seýrek duş gelýän landşafta eýe. Çuňlugy 500 metre barabar ýerleri bar. 300 km töweregi ýere ýaýlyp ýatyr. Häzirki wagtda bu ýerde ýitip barýan wulkanlaryň yzy bolan gümmezli depeleri görüp bolýar.

Garabogaz aýlagy

Garabogaz aýlagy Türkmenistanyň iň belli tebigy ýerleriniň biri we ýer ýüzünde iň iri duzly basseýnidir. Onuň akwatoriýasynyň meýdany 18 müň inedördül metre golaýdyr.

Garabogaz aýlagynyň düzüminde glauber duzunyň (mirabillitiň) möçberiniň köplügi sebäpli aýlagyň suwy hatda Selsiý boýunça 10 gradus sowukda-da doňmaýar.

Türkmenistanyň şarlawuklary

Iň uly Hur-huri şaglawugy. Geologlar bu şarlawagyň gurluşyny Niagara bilen deňeşdirýärler. Elbetde, bu şaglawugyň ini pes, ýöne beýikligi birmeňzeş. Iň owadany bolsa Umbar şarlawugy. Şeýle hem Kyrkgyz, Koşdemir ýaly owadan şaglawuklar bar.


Mukam BATYROW.
27
108
flowers_
22.02.2024 13:12
Peýdaly maslahatlar.



 Kitap okamak

Kitap okamak - depressiýa garşy göreşmäge we aragatnaşyk endiklerini ösdürmäge kömek edýär. Özüňize ýakymly tekstleri okamagyňyz saglygyňyza oňyn täsir eder, şähdiňiziň açyk we ruhubelent bolmagyňyza getirer. Şonuň üçin esasan hem jemgyýetçilik we syýasy gazet-žurnallar däl-de, çeper edebiýatlary has köpräk okamagyňyz nerw ulgamyňyzyň kadaly bolmagyna kömek edýär.

Haýal iýmitlenmek

Iýmitleniş hünärmenleriniň aýdyşy ýaly artykmaç agram köplenç adamlaryň köp iýmegi bilen däl-de, eýsem iýmitleri çalt iýilmegi bilen baglanyşyklydyr. Gaty çalt iýýänleriň artykmaç iýmitlenmäge meýillidigi görkezildi. Bu, bedeniň iýmitlenendigine düşünmäge wagtynyň ýoklugy we doýma signalynyň gaty giç gelmegi sebäpli bolup geçýär.



Arzygül ELÝASOWA.
29
37
flowers_
22.02.2024 01:59
SYNANŞYK.


«Men seni söýýäni» kän gezek diýdim,
Ömrümden köp gyza nesibe ýetdi.
Käbirinden puç dolandy umydym,
Käbiri ýanymda ýekesiretdi.

Sözleri ýüzüme çaýsa-da gülki,
Özleri dünýämden daşardadylar.
Olar bagtym bolup bilerdi, belki,
Emma söýgim bolup başarmadylar.

Meger, men sebäpli ökünip näler,
Kimleň geçmişine dolanşy gamdyr.
Ýöne, öt ýazygmy, öňki günälem,
Meniň seni gözlän synanşygymdyr.



Mätgurban MÄTGURBANOW.
33
45
flowers_
21.02.2024 23:21
NÄME ÜÇIN?!


Sen maňa näme üçin ir sataşmadyň?!
Du:şman nirde bolduň ir baharlarda?
Saňa çenli täleýime gargynyp,
Duşman boldum oňa ir säherlerde.

 

Sen maňa näme üçin ir sataşmadyň?!
Çekerdim-ä illeň çeken näzini.
Tutuş ömür boýy gözledim ahyr,
Sen deý arassa gan türkmen gyzyny.

 

Sen maň näme üçin ir sataşmadyň?!
Dözmediňmi pyntyk wagtyň özüňi?
Sen maňa näme üçin ir sataşmadyň?!
Ýa-da artyk saýdyňmy sen özüňi?

 

Hiçden giç ýagşymy, ýa giçden hiçmi?
Manysyny bilmän galýan azara.
Orta ýolda duşan eý, zalym peri
Nädip meni eýläp bildiň awara?!

 

Sen maňa näme üçin ir sataşmadyň?!
Dözmediňmi pyntyklaňda özüňi?
“Herki zadyň öz wagty bar, sagady”
Diýip gaýta alawladýaň közümi.



Sädi SÄDIÝEW.
38
226
flowers_
21.02.2024 18:52

Ibn Sinanyň öwüt-ündewleri.




▪︎Bagry agyryly çig şugundyry et üweýänden geçirip, suwuny içmeli.


▪︎Çopantelpek gaýnadylan suwa birki çaý çemçesi bal garyp içseň, peşew gowy ýörär.


▪︎Nahardan doýan çagany şolbada ýatyrmaly däl.


▪︎Bogazyň agyranda, horaz çorbasy haýyrly, içiň ýellenende-de onuň nepi örän oňat.


▪︎Ökjäň ýarylanda, oňa towuk ýagyny sogan suwuna garyp çalmaly.


▪︎Oňat gaýnadylan tüwi aşgazan üçin has ýaramlydyr.


▪︎Ýanan ýeriňe ýumurtga çalsaň, teniň awuşamagyny kiparladýar.


▪︎Ýumurtganyň sarysyny bala garyp, ýüze çalsaň, ondaky düwürtiklerden nam-nyşan galmaz.


▪︎Aloýeniň ýapragyny gaýnadyp, suwy bilen agzyňy çaýkasaň, dem almagyň gowulanar.




Taýýarlan Döwletgeldi ÇARWAÝEW.

38
196
flowers_
21.02.2024 14:19
Merkezi Aziýa halklarynyň milli çörek önümleri.




Çörek, eger iň esasy zat bolmasa, köp ýurtlaryň aşhanasyny nazara alanyňda iň möhüm tagamlaryň biridir. Merkezi Aziýa ýurtlarynda çörek we un önümlerine aýratyn hormat goýulýar. Türkmenistanda, Özbegistanda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda we Täjigistanda dürli usullar bilen taýýarlanan el çöregi bolmasa ýekeje nahar hem dokundyrmaýar. Merkezi Aziýanyň milli çörekleriniň umumy aýratynlygy, aýlaw şekilli toýun peçlerinde — tamdyrlarda bişirilmegidir. Emma her bir halkyň çöreginiň hamyrynyň taýýarlanylyş usullary we goşundylary bar.

Özbegistanda çörekleriň iň esasy görnüşi. Özbeklerde çörek taýýarlanyş usullary köp. Bular ak undan hamyrmaýa we süýt bilen bişirilen adaty çörek ýalydyr, ýöne mekgejöwen unundan ýa-da kepekden taýýarlanylýan süýji, milli çörekler, tamdyrda bişirilen çörekler, saçda gury gowrulan ýa-da ösümlik ýagyna bişirilen çörekler ýaly dürli görnüşde bolup biler.

Hamyra gatyk, adaty pakmaýa ýa-da «hamyr moýa» goşundysy goşulyp ýugrulýar, öňki bişen çöregiň hamyrmaýasyndan peýdalanylýar. «Şirmoý non» çöreklerini taýýarlamak has kyn bolýar: undan başga-da, suw, kepek we anis goşundysy (ol pakmaýanyň ornuny tutýan goşundyny taýýarlamak üçin ulanylýar) goşulýar we hamyry taýýarlamak üçin bir gün diýen ýaly wagt gidýär.

Özbekleriň tegelek çörekleri dürli ululykda bolýar, ýöne hemişe diýen ýaly merkezi nagyşly we gyralary ýumşak görnüşde taýýarlanylýar. Respublikanyň her sebitinde çörek bişirmegiň öz resepti bar; Özbegistanyň ýaşaýjylary Fergana, Samarkant we Hywa çöreklerini aňsatlyk bilen tapawutlandyryp bilýärler. Kokand petiri birmeňzeş galyňlykda bolup, tutuş üstünde kiçijik deşikli nagşy bolýar; hamyry taýýarlamak üçin ýörite reseptiň ulanylýandygy üçin bu çörek uzak wagtlap zaýalanman durýar.

Täsin hakykat: Özbegistandaky iri çörekhanalaryň köpüsinde erkekler işleýärler — hamyry ýugurýarlar, çörekleri göwrüme getirýärler, bişirýärler. Emma adaty bir öýde çörek bişirmek aýalyň jogapkärçiligidir.

Özbegistanda bolşy ýaly, Täjigistanda-da çörekleriň köp sanly reseptleri bar: çapoti (Hatlon sebitiniň lawaş ýaly tekiz we inçe çöregi), süýji külçe, Raşt girdaçasy — iň uly görnüşli çörek bolup, gowrulan soganly çörek, gowrulan gatlakly kalama, adaty çörek, gök otlar goşulan çörek. Şeýle hem, olar tamdyrda bişirilýär ýa-da gazanda ýagda gowrulýar. Çörekleriň reseptleri edil özbek «hamir moýasyna» ýa-da pakmaýa goşulyp, un, suw, duz we hamyrmaýa, süýt we ýag ýaly zatlary öz içine alýar.

Gazagystanda hem çörek bişirmegiň reseptleri az däl — şelpek, tokaş, taba nan. Gazaklarda çörekleri taýýarlamagyň giňden ýaýran usuly gazanda ýagda bişirmekdir (mysal üçin, şelpek), emma çörekleriň tamdyrda bişirilmegi üçin hem milli reseptleri bar (taba nan, tokaş we beýlekiler). Kazanjappaý atlandyrylýan çörekler gyzgyn we ýagly gazanda bişirilýär.

Şelpek tekiz çöregi süýji ýa-da dykyz bolup biler; onuň hamyry gatyk goşulyp, pakmaýa ýa-da sogan bilen taýýarlanylýar. «Şelpegiň» «kattama» diýilýän gatlakly görnüşi hem bar.

Gazak saçagynda ýygy-ýygydan iýilýän nahar — baursakdyr. Bular köp mukdardaky ýagda gowrulan süýtli ýa-da kefirli hamyrdan taýýarlanylýan tegelek ponçiklerdir.

Gyrgyzlaryň çörek önümleriniň görnüşleri sebite baglylykda üýtgeýär. Olar göwrümli çöreklerdir (katamma, çurek nan, şirin tokoç, frunzenskiýe, höwesjeňlik, çuýskiý) ýa-da adaty, hamyrmaýa çörekleridir (kaşgar, gulça, tamdyr nan, gyrgyz komoç). Daşyndan göräýmäge Gyrgyzystanyň çörekleri Merkezi Aziýanyň beýleki halklarynyň çörek önümlerine meňzeýär — ortasynda we ýumşak taraplarynda ownuk deşijekli nagyşlary bolýar.

Gyrgyz çöreginiň bişirilmegi üçin et çorbasy bilen taýýarlanylan hamyrmaýa we süýt bilen öndürilen özboluşly — «kamyr açatki» ulanylýar. Emele gelen garyndydan çörek bişirilýär we hamyryň galan bölegi indiki gezeklerde ulanmak üçin goýulýar.

Gyrgyzystanda milli çörekleri gyzgyn peçde, gazanda ýa-da tamdyrda bişirýärler.

Türkmenistanda türkmen çöregini bişirmek üçin onlarça dürli reseptler bar, köpüsi goňşy halklaryň reseptlerine hem azda-kände çalym edýär. Tamdyrda bişirilen adaty çörekden başga-da, türkmen aşpezlik däplerinde ýagly ýagly çörek, et bilen taýýarlanylýan etli çörek, gatlama — ýagda gowrulan we şeker sepilen çörek bolýar, gazanda gowrulýan gatlakly we çelpek, tamdyrda bişirilýän inçejik çörek — çapady hem özboluşly tagamda taýýarlanylýar.

Hamyr hamyrmaýa, pakmaýa ýa-da kefir bilen, ak undan ýa-da garyndyly un bilen, süýt hem-de ýag bilen ýugrulýar. Bu görnüşli çörekleriň hemmesi adaty nahar üçin, hem aýratyn ýagdaýlar üçin taýýarlanylýar.

Türkmenistanda we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda köplenç adaty milli reseptlere laýyklykda bişirilen çörekler halanyp iýilýär. Bular diňe bir dadyp görmek üçin däl-de, eýsem ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryndan dowamat bolup gelýän mukaddes dessurlardyr.

Merkezi Aziýanyň çörek bilen bagly käbir täsin däpleri:

- däbe görä, saçak başynda çöregi diňe el bilen döwmelidir, pyçak bilen kesmek bolmaýar;

- çöregiň nagyşly ýüzüni aşak edip goýmak çörege hormat goýmaýandygyňy görkezýär;

- nikadan geçilende çörek döwmek däbi bar;

- çörekden ant içmek iň uly kasam hasaplanýar;

- myhmana saçak başyna çörekler jübüt sanda hödürlenýär. Ýasda bolsa täk san paýlanýar;

- çörek kärhanalarynda çörek bişirmegi näçe awtomatlaşdyrmaga synanyşan bolsalar hem, ol netije bermedi. Bu ýerlerde häli-häzirem tekiz çörekler el bilen ýapylýar.



Peýdalanylan çeşmeler: www.advantour.com; e-cis.info; www.centralasia-travel.com; ru.sputnik.kz; gotovim.uz; hlebinfo.ru 
28
23