flowers_
21.02.2024 23:21
NÄME ÜÇIN?!


Sen maňa näme üçin ir sataşmadyň?!
Du:şman nirde bolduň ir baharlarda?
Saňa çenli täleýime gargynyp,
Duşman boldum oňa ir säherlerde.

 

Sen maňa näme üçin ir sataşmadyň?!
Çekerdim-ä illeň çeken näzini.
Tutuş ömür boýy gözledim ahyr,
Sen deý arassa gan türkmen gyzyny.

 

Sen maň näme üçin ir sataşmadyň?!
Dözmediňmi pyntyk wagtyň özüňi?
Sen maňa näme üçin ir sataşmadyň?!
Ýa-da artyk saýdyňmy sen özüňi?

 

Hiçden giç ýagşymy, ýa giçden hiçmi?
Manysyny bilmän galýan azara.
Orta ýolda duşan eý, zalym peri
Nädip meni eýläp bildiň awara?!

 

Sen maňa näme üçin ir sataşmadyň?!
Dözmediňmi pyntyklaňda özüňi?
“Herki zadyň öz wagty bar, sagady”
Diýip gaýta alawladýaň közümi.



Sädi SÄDIÝEW.
38
226
flowers_
22 Fewral 2024
@Imissyou, senden galmaýyn diýdim, ylhamyñ syçrady😁
flowers_
22 Fewral 2024
Bilýädimä men señ azaşjagyñy😁, Orta ýolda meni taşlajagyñy😁
flowers_
22 Fewral 2024
Sen maña näme üçin ir sataşmadyñ😁, Men şol dükanda otyrdyma garaşyp😄
flowers_
22 Fewral 2024
@Imissyou, nädip bildiñäý bazarda işlänimi😁👍
flowers_
22 Fewral 2024
@Imissyou, şoda, menem şoñ üçin gözledim, özä gelýädi diýip😁
flowers_
22 Fewral 2024
@Imissyou, Hudaý sowupdyr😁
flowers_
22 Fewral 2024
@Imissyou, 😄
flowers_
22 Fewral 2024
@Imissyou, wah gözledimle welin..😁
flowers_
22 Fewral 2024
gulia_maksatmyradowna
21 Fewral 2024
@Kmg gurt, aýýý edil onuňy bilmen men 😄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.