flowers_
06.04.2024 11:36



Bu bir ýyl öň bolupdy.

Dug ýeňiljek mymyk şemala ýüzüni aldyryp Jouä seredip durdy.
–– Salam, Joui! –– Dug aýtdy.
Töwerek daş ümsümlikdi.
–– Bagyşla meni, Joui. Men beýle bolmagyny islämokdym. Ynanaý, gara
çynym. Täze ýylyň gutly bolsun, Joui!
Dug Jouiniň guburyna bägüli goýdy-da, haýaljakdan daşlaşyp ugrady.
–– Haçanam bolsa bir wagt meni şol gije maşyny serhoş halda
dolandyrandygym üçin bagyşlap bilermiň? –– ol sorady:(

Greýs Kagimbaga.
30
210
flowers_
05.04.2024 19:18


 

«Ejem eken»
Ogulnur ATAÝEWA.


Etmişim kän, ötmişem sen çagalygmyň ýeňlesligni,
Öwredipdiň has kiçikäm gyz görküniň agraslygny,
On ýyl geýdiň bir geýeniň, maňa tikip köýnekligňi,
Joralarma güjeňlärdim, şonda aklym çatman eken,
Bir gülenmi dünýä deňän, görüp dursam ejem eken.

Günler geçýär, göçüp barýar başymdaky çagalygam,
Köpelýärdi durmuş hakda saňa berýän soragymam,
Günler geçdi, soň ýat boldy, şol çägeli Garagumam,
Talyp boldym, men özime diýipdim-le «Bagty çeken»,
Ah, bu bagty gije-gündiz Hakdan dilän ejem eken.

Gara saçlaň aklygyna düşünmedim ilki bada,
Jowrandy-da ýürek şonda, atygsady düşdi oda,
Bu dünýäde günäkär men bolan bolsam haýsy zada,
Maňa goýman günälermi bagry bilen süzip çeken,
Indi bilýän. Ejem eken...

Men özümi ýalňyz duýýan şu märekäň arasynda,
Ne alamat bu duýgulam, Taňryň özi gorasyn-da,
Jandan geçip söýjek barmy?! Tapylarmy dyza çöken?!
Bagra basdy bir tanyş el,
Ol ýene meň ejem eken.

Jan beren sen şonsuzam-a, ýene janyň gurban etjek,
Gynap bildim onsuzam-a, sen şonda-da günäm ötjek,
Harlansa-da eden zadym, senden kömek geljek eken,
Bir ýiten soň tapdyrmajak ýekeje zat ejeň eken.

Gyssanyber däli köňlüm, wagtyň şo bolşy, tizlänok.
Ah, bu durmyş ejeň däl-dä, ejizleseň ezizlänok,
Hemme kişi bagt isleýär. Güzaby ýok, azaby ýok.
Köp aýdardyň diňlemezdim, soňam boldum derde çöken,
Awunybam arzyň aýtsaň ejeň seni diňlär eken.

Ýeňil işe tiz ýapyşdym, kynlarynam soňa goýdym,
Şänik ýaryp maňzyn iýdim, gabygynam saňa goýdym,
Çaýlaşmana joraň gelse sen ýene-de gyzyň öwdüň,
Gör-ä durmuş niçiksi zat, ýörän ýoluň hile, gapan,
Ýagşyň ýaýyp, kemiň ýapjak ýekeje ol ýene-de ejeň eken.

28
71
flowers_
05.04.2024 08:49


Säher oýandym. Ýerbe-ýer bar zat.
Göýä meñ gözlerim şatlykdan doly.
Asmana garadym şeýle päkize,
Şonda-da göwnüme bir zat kem ýaly.

Ýuwundym, ardyndym, garbandym biraz,
Howlukman ugradym dükana sary.
Mähirli görüşdim adamlar bilen,
Şonda-da göwnüme bir zat kem ýaly.

Gezelenje çykdym gözel o:bama,
Synladym durmuşy, ýodany-ýoly.
Durmuş gyzgalañda, ýol şüweleñde,
Şonda-da göwnüme bir zat kem ýaly.

...öýlendim, jaý gurdum, ulag edindim.
Daşyndan synlasañ, bar zat jem ýaly.
Çagalarym oýnap ýörler howluda,
Şonda-da göwnüme bir zat kem ýaly.

Kyblam atam! Käbäm enem!-ezizlem!
Sizsiz bu durmuşym gury gum ýaly.
Ne ýaşlykda, ne ömürde many bar,
ýürek gamdan doly, kelläm hum ýaly.

Bir uly kürsüni eýeläp ýörün,
Şonda-da göwnüme bir zat kem ýaly!

https://interesnoe.me.
24
83
flowers_
05.04.2024 05:39


Kerim Hally
GADYR GIJESI

Bu gije Jebraýyl inip Asmandan,
"Ikra oka!" diýip, buýruk getirmiş.
Dünýäni nur etjek beýik Gurhandan,
Bäş aýady Muhammede ýetirmiş.

Byrag atly atyn münüp Pygamber, Huzuryna barmyş Perwerdigärin.
Şondan son mukaddes bolmuş bu gije,
Her musulman zenan, imanly äriñ.

Bu gije gelermiş rysgal seçmäge,
Keşbe girip Hydyr aleyhissalam.
Allañ dergähinde kabul bolarmyş,
Uka eýlenmedik arzuwly kelam.

Gapysy ýapylyp ýedi dowzahyn,
Açyljakmyş sekiz Jennet işigi.
Musulman bendäniñ doga-dilegi,
Owratjakmyş şeýtanlaryň dişini.

Bu gijänin nury, gündizden ýagty,
Şudur "Gadyr" hakda bilenlerimiz.
Musulman doganlar size arzuwym:
Kabul bolsun ähli dilegleriñiz!



Jennetde «Reýýan» diýlen bir gapy bardyr. Bu gapydan kyýamat gününde diňe oraza tutanlar girer. Olardan başga hiç kim o gapydan goýberilmez.
Kyýamat güni: «Oraza tutanlar nirede?» diýlip gygyrylar. Oraza tutanlar girip gutarandan soň, şol gapy ýapylar»,
(Buhary, Müslim, Nesaýy, Ahmet b. Hanbel).
@yslam_nury




Gadyr gijämiz
mübärek bolsun
Allah bu gijede etjek dileglermizi kabul eýlesin. Günälermizi bagyşlasyn. Maddy we ruhy kynçylyklarmyzy gözelliklere öwürsin.
21
75
flowers_
04.04.2024 20:14


Kerim Gurbannepesow



- GEPLÄP BILSEM, AHYRKY DEMIMDE DIÝMEKÇI
ÜÇ OÝNAM SÖZÜM -

Bir-biriňizden ýagşy bolsaňyz,
Gabrymda-da özge rahat küýsemen.
Haýra hossar, şere garşy bolsaňyz,
Zyýarat şol, görde köýmet küýsemen.

Käte ýanyp gezdim, käte tüsseläp,
Käte üşäp gezdim, käte yssylap.
Kä belentläp uçdum, käte pessaýlap,
Öz uçuşym, özge ganat küýsemen.

Bogulyp gezsem-de ýoluň çaňynda,
Egilip gezmedim adam öňünde.
Diňe Enem, Atam, Watan öňünde,
Üç büküldim, aýry kysmat küýsemen.

Söýüp gördüm, söýlüp gördüm dünýäde,
Kesewi dek köýüp gördüm dünýäde.
Arzuw atly gaçdy, ykbal pyýada,
Döz gelipdim, indem aňsat küýsemen.

Şeýdip ýöräp-ýöräp maksatly ýoldan,
Kuwwat gaçan güni ejizlän bilden.
Derman dilesem-de mähriban ilden,
Dilegçiläp ynsap, gaýrat küýsemen.

Biriniň ömründen kesip Ezraýyl,
Diýse: «On ýaş peşgeş bermäge taýyn!»
Diýerin: «Iýmändim-özgäniň paýyn,
Öz yrsgymdan başga owkat küýsemen!»

Bütin ömrümboýy setirler ýasap,
Almaly muzdumy etmedim hasap.
Şygrym okap, oýurgansa naýynsap,
Muzdum şodur, başga hiç zat küýsemen.

Kerräk bolsa – gulak bolsam adama,
Şerräk bolsa – ýürek bolsam adama,
Gerek bolsa – kömek bolsam adama,
Öwezine hüşür-zekat küýsemen.

Laureat, Gahryman atly bolsaňyz,
Şöhratymdyr siz şöhratly bolsaňyz.
Ýöne adam diýen atly bolsaňyz,
Şondan beýik abraý-şöhrat küýsemen.

Doglamda doguldym ak zada suwsap,
Ak süýde, aksakgal ussada suwsap.
Indi görüp ýörsem iň ak zat – ynsap,
Ynsapdan ýokarda ussat küýsemen.

Ýeri iňledip dur uruşly sowal,
Soradym toprakdan: – Niçik bor ahwal?
Diýdi: – Erkek erkek, aýal hem aýal,
Bolup bilse, başga myrat küýsemen!
23
64
flowers_
04.04.2024 13:54

Surat: mir24.tv


Ýene 500 ýyldan Ýaponiýada ýeke-täk familiýa galyp biler.


Ýene 500 ýyldan, ýagny 2531-nji ýylda ýaponlaryň ählisi Sato diýen familiýany götererler. Alymlar matematiki modelirleme netijesinde şeýle netijä geldiler diýip, ýerli «Mainichi» gazetine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Kanuna görä, Ýaponiýada aýaly hökman adamsynyň familiýasyny almalydyr. Häzirki wagtda bolsa, ýurtda iň köp ýaýran familiýa Sato bolup, ony ilatyň 1,5 göterimi göterýär.

Hünärmenler ýene 500 ýyldan bu familiýa ähli beýleki familiýalary gysyp çykarar diýip çaklaýarlar. Eger kanunçylyga üýtgetme girizilip, aýallara gyz familiýasynda galmaga rugsat edilmese, ýaponlaryň ählisi Sato familiýaly bolar.

Netijede, olaryň ýa-ha atlaryny tutmaly, ýa-da belgilemeli bolar diýip, barlaglary geçiren Tohoku uniwersitetiniň professory Hirosi Ýesida aýdýar.




https://turkmenportal
28
183
flowers_
04.04.2024 09:47


MAK­SAT­LY ÖMÜR — MA­NY­LY ÖMÜR.


Bir gezek ýaş ýigitleriň biri akyldaryň bosagasyndan ätläpdir. «Halypa, men durmuşda hiç bir zada uzak gyzygyp bilemok. Käbir zatlar birbada göwnümi açýan ýaly görünse-de, sähel salymdan göwnüm, dünýäm sowan tamdyra dönäýýär. Ýaşaýşyň gyzygyny, durmuşyň gözelligini artdyrýan zat barmy ýa-da hemmelerem meniň ýaly käte şatlanyp, soňundan hem lapykeç bolup ýörlermi?» diýip sorapdyr. «Ogul, öňüňde anyk we aýdyň, belli bir maksadyň bolmazlygy durmuşyň gyzygyny gaçyrýan, ömrüňi bimany ötürmäge iterýän ýagdaýdyr. Belli bir maksadyň bolsun. Şol maksadyňa ýetmek üçin nähili hereketleriň zerurdygyny ölçer, kesgitle. Soňra yhlas bilen işe giriş. Janypkeş bol. Ýene bir zat: yzygiderliligiň bolsun. Az önýän hem bolsa, dowamly bolan iş, birbada köp bolup, soňy bolmadyk işden has haýyrlydyr» diýip, akyldar jogap beripdir.




Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşligi
27
175
flowers_
04.04.2024 00:38


Sähel zada ynjap barýarsyñ göwnüm,
Beýdip ajaldan öñ köseme ömrüñ,
Entek öñde ýetilmeli menzil kän,
Giñ dünýä deý, giñ bol ýaşaýan döwrüñ.


Bagtygül Taganowa.
23
55
flowers_
03.04.2024 19:53


HIKMET HOŞALARY


Üç zat göreje nur berýär: ýaşyl çemenzarlyga, akar suwa we owadan ýüze seretmek.

* * *

Eger oduň içinde bolsa hem dostlugyňa wepaly bol!

* * *

Çalt tutaşan ot çalt hem sönýändir. Gyssanmaç edilen iş hem kemçiliksiz bolmaz.

* * *

Subutnamaly, delilli gürlän adam utanmaz, dogry ýola düşen adam azaşmaz.

* * *

Dostuňdan malyňy gysganma, garyndaşyňdan sowgadyňy we zyýaratyňy kesme, duşmanyňdan adalatyňy we ynsabyňy aýyrma!

* * *

Berlen sowala doly we dogry düşünmek ýarym jogapdyr.

* * *

Eger kalbyňa dynçlyk, başyňa rahatlyk isleseň, gürläniňde gürleýän zadyňa gowy akyl ýetirip gürle ýa-da dym!

* * *

Köp dost tutunmakdan saklan, sebäbi olaryň içinde diňe ynamdar bolan dostuň saňa zyýan ýetirmez.

* * *

Duşman gazanmazlygyň iň gowy usuly ýumşak häsiýetli bolmakdyr.

* * *

Iki zat ýalançylygy aňladýar: köp wada bermek we köp bahana aramak.

Toplan Artykmyrat SAPAROW.
24
82
flowers_
03.04.2024 12:29



Dünýäniň iň hapa howaly paýtagty.

«Rbc.ru» -nyň habar bermegine görä, Täze Delini hem öz içine alýan Deli şäheriniň paýtagt etraplary dünýäniň iň hapa howaly paýtagty diýlip ykrar edildi.

Şweýsariýanyň «IQAir» guramasynyň alymlary soňky bir ýylda dünýädäki howanyň hilini seljerip, «Deliniň PM2,5 derejesi 2022-nji ýylda her kub metr üçin 89,1 mikrogramdan 2023-nji ýylda 92,7 mikrogramma çenli ýaramazlaşdy» diýen, netijä geldiler.

Bilermenler Hindistanyň paýtagtynyň 2018-nji ýyldan bäri 4 gezek dünýäde iň hapa paýtagt diýlip ykrar edilipdi. Häzirki wagtda ýurt kub metr üçin 54,4 mikrogram PM2,5 derejesi bilen üçünji orunda durýar. Bu sanawda jemi 134 döwlet bolup: anti-liderligi kub metr üçin 79,9 mikrogram görkeziji bilen Bangladeş eýeleýär.

«TürkmenGazet».

27
174