flowers_
22.04.2024 16:04

Eleşan sazanda.

Meşhur aýdymçy Pälwan Halmyradowyň ýerine ýetirmeginde bu setirlere döredilen aýdymy diňlemedik ýok bolsa gerek.





Aýlanyp saz çalýaň köçeme-köçe,
Millet içre restoranda-barlarda.
Ýok, sen mes bolaňok al şerap içip,
Ýa minnet çekeňok ynjyk ýarlardan.

Sen — gedaý,
hiç kime eliň sereňok.
Sen — Hudaý
hiç kime edeňok höküm.
Sen saz çalýaň sagy-sola, seleňe —
Jübüňde harjyň ýok,
egniňde — ýüküň.

Aýlanyp saz çalýaň mes şäher içre,
Tukat köňlüň dünýe üste seçeläp.
Sende howandar ýok,
Ýok sende hüjre,
Seň öwzaryň garaňky dar köçeler…

Sen — gudrat,
kim oňa edýär pitiwa?!
Sen bir bilbilgöýe —
gulak salýan ýok.
Seni kowýan,
direýän ýok petige,
Ýa çagyryp habaryňam alýan ýok.

Sen — hazyna,
ýok jübüňi çöwürýän,
Sen — diwana,
a eliňde mandolin.
Saňa degseň, sarsyp gidýär öwülýä.
Sen — perişde, aýagyňda gandalyň.

Başyňda gyşardyp köne papagyň,
Weýran dünýe içre saz çalyp ýörsüň.
Seret o sümükli telbe-mahawa,
Seň üstüňden gülýär?!
Wah, özi, gör, kim?!

Diňlenýärmi, diňlenmeýär — parh etmän,
Gowşadanok mandolinaň kakuwyn.
Sen saz çalýaň ýelesinde bihepbäň,
Çalýaň degresinde keýtik-sakawyň.

Millet şerap süzýär,
sen gözüň süzýäň,
Millet arabaly,
a sen pyýada.
Ýöne sen saz çalýaň yzyny üzmän,
Ker dünýeden sen saz çalýaň, byradar!

Çal sazyňy paýradyp gözýaşyňy!
Goý, üstüňden gülübersin süpükler,
Üns berme!
Çal sazyňy, ýaşuly!
Sen kirşiň kak,
millet kaksyn heşelle,
Çal sazyňy bu lal açan dünýede!
Gynanma ýoklugyna öýüň — düşelgäň,
Çal sazyňy
bakyp kepbä — kümmede!
Dirikäň saz bilen ýasyň tutup git,
Ýogsam sende ne hossar bar,
ne syrdaş!
Öz agyňy özüň aglap ötüp git —
Çal sazyňy!
Çal sazyňy,
çal, gardaş….

* * *

Men dünýeden doýmadym,
Doýurdylar,
Deýýuslar!!!!
Yşkym — täjim,
sypdyrdylar başymdan.
Weýran kylnyp öňki şowhunly ýurtlar,
Bir men galdym bir ullakan goşundan.

Barly wagtym meýlis gurdum barymdan
Ýoksul olam — ýeke teňňä geçmedim.
Göwherdim men,
Gara guma garyldym,
Derýa idim,
gurap galdym çeşme dek.

Bagşy olam — gulak goýan tapmadym,
Dost tapmadym bir içimi dökere.
Meň öňüme bir bölek süňk oklaşyp,
Sejd etdiler ygyp ýören köpege.

Ýigrendiler aşa söýenim üçin,
Meýdimi öz yşkym bilen ýakdylar…
Dowzahy dünýeden gitjekdim gaçyp,
A jennete goýbermedi sakçylar….

Meýhana kän,
Meý ýok maňa içere.
Meni dertden gizläp biljek pynhan ýok.
Ganatym ýok başym alyp uçara.
Zyndan kändir —
Men taşlara zyndan ýok.

Döwlet GARKYN.
35
187
flowers_
25 Aprel 2024
@yalnyz_, siziñem😊
flowers_
25 Aprel 2024
@yalnyz_, bagyşlap bagyşlamaz ýaly zat ýok, hiç gelinem beýle soragy halamzmyka diyyan, sag boluň!
flowers_
25 Aprel 2024
@yalnyz_, hiç kim bilenem sorap gyzyklanamok, onda munda ýazan teswirlerini okap tananym bilen oñyan menä😊
flowers_
25 Aprel 2024
@yalnyz_, 😂😂🤦‍♀️, gowyda erbet bolmasañyz, yogsa erbedem boljakmy?
flowers_
25 Aprel 2024
@yalnyz_, 🙄adamlañ şahsy durmuşy barada gaty gyzyklanýan ekeniñiz
flowers_
25 Aprel 2024
@yalnyz_, şu wagt gijemi🤔, onda sizem ýatmansyñyza😊
flowers_
25 Aprel 2024
@yalnyz_, hmm, dogry👍
flowers_
25 Aprel 2024
@yalnyz_, şu ýerde bolup ýörsek ýuwaş ýuwaşdan tanyşarysda😊
flowers_
25 Aprel 2024
@yalnyz_, sag boluñ, aydyberiñ
flowers_
25 Aprel 2024
@yalnyz_, Salam, şükür Hudaya gowy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.