flowers_
18.04.2024 08:52
Gysga hekaýalar.
Ýyl­gy­ry­şyň­ sy­ry.

Halypa, siz hemişe ýylgyryp gezýärsiňiz, hiç haçan siziň gaýga batyp ýöreniňizi görmedim. Muny hemişe sizden sorajak bolýan, ýöne hiç ugruny tapamok. Eýsem, bu size nädip başardýar?
Goja şeýle jogap beripdir:

– Mundan ençeme ýyl ozal, on ýedi ýaşymdakam çuňňur hasrat bilen halypamyň ýanyna barypdym. Halypam şonda ýetmiş ýaşyndady, ýöne görnüp duran belli bir sebäbi bolmasa-da ça la ja ýylgyrýardy. Onuň ýüzünde gaýgy-hasratyň hiç hili alamatlary duýulmaýardy. Men ondan “Bu size nädip başardýar?” diýip sorapdym. Ol bolsa, diňe ýylgyryp oňaýdy. Ol gama ulaşar ýaly hiç bir sebäp görmeýändigini aýdypdy.

Şonda men şeýle netijä gelipdim. Bu diňe meň saýlan ýolum. Her gün irden gözümi açanymda, men şu gün haýsysyny saýlamaly – tukatlanmagymy ýa-da ýylgyrmagy

diýip özümden soraýaryn. Şeýlelikde, men hemişe ýylgyrmagy saýlaýaryn.




Terjime eden

Ýegenmämmet TAÝLYÝEW
31
135
perijik
22 Aprel 2024
👍🏻👍🏻😊😊
flowers_
18 Aprel 2024
@geldiyevna, ýürek agyrly etjek bolýañmy😂
flowers_
18 Aprel 2024
@magsadowa, hakyky, gowy adamlar bilen söhbetdeş bolsañ göwnüñ açylýa😘
flowers_
18 Aprel 2024
@magsadowa, bolýa gowy bolsañ:), gelip dur 🤗
flowers_
18 Aprel 2024
@magsadowa, özüñem*
flowers_
18 Aprel 2024
@magsadowa, Salam, gowy Hudaýa şükür :), öñem gowjamy, görüneñokla
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.