flowers_
15.04.2024 00:02

Gurbannazar Ezizow

«Halas ediň!»


Beýgelmek üçin däl — dag boljak boldum

Barha köp synladym dagyn ýüzüni.

Çünki, ol uzakdan ýetirdi maňa

Bir bendäniň: «Halas edin!» sözüni.

 

Kim ol bende?

Haýsy darda asylýar?

Bogýar ony haýsy deňzin buzlary?

Ýatsam-tursam rahatlyk berenok

Ýüregimde: «Halas ediň!» sözleri.

Gözlerimi açdy asyryň güýzi,

Haýyram, şer işem açdy gözümi.

Menin galamymam antenna menzäp,

Tutdy durdy «Halas ediň!» sözüni.

 

Bagtly boluň, bagtly boluň, adamlar,

Ýöne bagt gözüňizi tutmasyn.

Şindi känkä «Halas ediň!» ýaňlary,

Bagt sizi körem,

Kerem etmesin.

 

Şu jedelde goýup biljek başymy,

Şol ýüregi ýag baglandyr bireýýäm,

Eşitmeýän bolsa «Halas ediňi!»

Bu çetinden,

O çetinden bu dünýäň!

 

Halas boluň, esgilerden, doklukdan.

Şum adamdan, köçelerin itinden.

Halas boluň, ähli artykmaçlykdan,

Ýöne halas bolmaň «Halas ediňden!»

28
61
flowers_
14.04.2024 20:47

PAÝHAS HEKAÝATLARY.

Elýaglyk.

Ady belli iňlis pelsepeçisi, suratkeş, nazaryýetçi alym Jon Raskin (1819-1900) üýşmeleňleriň birinde elýaglygyna seredip, gözüne ýaş aýlap oturan bir zenany görýär-de, ondan näme bolandygyny soraýar. Zenan oňa gymmat bahaly elýaglygyny görkezip, şeýle diýýär:

– Sap ýüpekden dokalan elýaglygyma gynanyp otyryn. Oňa bir ýerden-ä syýa degipdir. Ine serediň! Tegmillerden ýaňa görer ýaly bolmandyr. Indi ony zyňaýmasaň, zada ýarajak gümany ýok.

Raskin elýaglyga birsalym seredip durandan soň, zenandan şony sorap alýar-da, birki günden yzyna getirip berjekdigini aýdýar. Ol dürli reňkli boýaglary ulanmak arkaly ýaňky syýanyň tegmil bolup duran ýerini gülläp oturan agaja meňzedýär. Şeýlelikde, elýaglyk göze ýakymly sungat eserine öwrülýär duruberýär. Şondan soň, Raskin ony zenana eltip berýär. Elýaglykdaky tegmilleriň ajaýyp surata öwrülendigini gören zenan guş bolup uçaýjak bolýar.



Käte biz hem öz şowsuzlyklarymyza durmuşymyzda tegmil bolup galjak wakalar hökmünde garaýarys. Durmuşymyza kir-kimir ýokdurman ýaşap bilsek ne ýagşy! Emma her nähili bolanda-da durmuşymyzyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygy ýatdan çykarmalyň! Üstünde işlenen ýagdaýynda tegmilleriň şol öňki tegmilligine galmaýandygyny hergiz unutmalyň!

31
59
flowers_
14.04.2024 13:44
Mähir kyssalary.

ÝEKEJE ÝAGŞYLYK  

Bir wagtlar bir söwdagär ýaşaýardy. Öz ugruna ýaşap ýören biridi. Oňa dindar adam diýib-ä boljak däldi. Ýöne onuň bilen söwda eden adamlar hiç haçan puşman etmeýärdi. Ol adamlara gaty eglişik edýärdi, olara elinden gelen kömegi berýärdi. Ýüregi merhemetden, rehim duýgusyndan nesibini alypdy.

Günlerde bir gün ol adam ýogaldy. Ruhuny almak üçin bir perişde geldi-de ondan:

– Dünýä durmuşynda nähilidir bir haýyr iş etdiňmi? – diýip sorady.

– Bilemok – diýip jogap berdi, ol adam.

Hakykatdanam ne-hä bir ybadathana giderdi, ne-de beýleki gulluk wezipelerini ýerine ýetirerdi.

– Ýene bir gezek oýlan, belki ýadyňa düşer – diýip, perişde oňa biraz puryja berdi.

– Hiç zat ýadyma düşenok – diýdi, ol adam. “Emma dünýädekäm adamlar bilen söwda edýärdim. Şonda men, baý adamlara töleg geçme möhletini uzadardym, garyplara bolsa, töleg işlerinde ýeňillik ederdim, hatda köp gezekler olaryň ownuk-uşak egsiklerine göz ýumardym”.

Allah onu şojagaz ýagşylygy sebäpli bagyşlap, Jennetinden ýer berdi.
41
117
flowers_
13.04.2024 23:56

«Sen» - Ogulnur ATAÝEWA


Dünýäň ähli baýlygyna,
Çalşyp bilmedigimsiň sen.
Gyýylma bitaýlygyma...
Gowşup bilmedigimsiň sen.

Duýgulam ýaşaýar entäk,
Köreýän yşkymy ýelpäp,
Bu ýollarda selpäp-selpäp,
Duşup bilmedigimsiň sen.

Säher durmaz aklygyna,
Ynsan ötmez päkligine,
Henizlerem ýoklugyňa
Alşyp bilmedigimsiň sen.

Ötdi ýaşlygym nalaýa,
Aýt bizi näme baglaýar?
Nika, öý hem bir täleýe,
Duşup bilmedigimsiň sen.

33
80
flowers_
13.04.2024 09:14
GÜLKI

"Adamyň bedeni 25 ýaşa çenli ösýär" diýýäler welin, bu garyn bilen syrtyň ol zatlardan habary ýokmyka?!

***

Adamlaryň biri-birini ýitirmekden gorkýan ýerleri hem bar eken. Ýagny, nobata duranlarynda.

***

-Öýlenseň gowumy ata?
-Gowudyr agtyjagym, öýleneňsoň gelniň derdiňi böleşer.
-Ýöne meň derdim ýog-a ata?!
-Alada etme öýleneňsoň o-da bolar.

***

Avon firmasynyň 10 ýaş kiçeltýän kremini çalan Leýlajyk, ýitirim boldy.

***
- Çary näme üçin soňky wagtda aýdym aýtmaňy goýaýdyň?
- Öňräk bir tanymal aýdymçy bilen gürrüňdeş boldum. Ol meniň aýdym aýdyşymy diňlän eken, "Seniň oňat sesiň bar, ony aýawly sakla" diýdi.

***

"Hormatly Aýaz baba, men dünýä belli bolasym gelýär diýip ýazanymda "halkara gözlegde" bolmak barada asla pikir etmändim."

***

Mugallym tagta "2x+4y*84+17xy" ýazyp, "meseläni çözüň" diýdi. Menem elime esgini alyp süpürdim, mesele çözüldi.

***

Gowy buhgalter tapmak kyn. Şonuň üçinem öňki buhgalterimizi polisiýa eýýam bäş ýyl bäri gözläp ýör.

***

- Günä bildirýän, siz näme üçin banky taladyňyz?
- Oň özi ilki başlady.

Toplan:
@ATSYZATLY
44
249
flowers_
12.04.2024 23:36

ÖLSEM

"Ölsem jynazamy bilbil okasyn"
(Özbek şahyry)



Ölsem jynazamy bilbil okasyn,
Aýtmadyk sözlerim aýtsyn sizlere.
Ölsem, güller gözyaş döksün yzymdan,
Siz aglamañ, syr bildirmäñ illere.

Ölsem mazaryma agyr daş goýmañ,
Hem oýup ýazmañ siz oña adymy,
Ýüregimiñ oýuklaram ýeterlik,
Daşdan doly durmuşyñ her ädimi.

Ölsem, ýüregimde bir arman bolar:
Ejem elin goýup bilmez başyma,
Men uka giderin her gijeki deý,
Emma ejem gelip bilmez gaşyma,
Mährem sesi ol gün meni oýarmaz,
(Durmuş sen ne zalym, beyle oýunbaz!)

Irde-giçde ölüm hökmün ýöreder,
Dostlar, diñläñ size birje arzymy,
Ölsem, menden närazylar tapylsa,
Mümkimcilik bolsa töläñ karzymy.

Ölsem, güller gözyaş döksün yzymdan,
Arzuwlarym bersin maña patyýa,
Meniñ size goýup biljek zadym ýok,
Goşgularym bolsun size hatyra,
hem ynamym galar menden ýadygär,
Gorañ ony, sizi Tañryýalkasyn!
Ölsem, ak bulutlar kepenim bolup,
Sayrak bilbil jynazamy okasyn!



Aýsapar EMELOWA.
33
204
flowers_
12.04.2024 17:48
Bir çöpüñ ýerini üýtgedip deñlemäni işlemek.










Iki suratyñ arasyndaky 3 sany tapawut




Suratdaky ýalñyşlyk näme?




Suratda 3 sany ýalñyşlyk bar, haýsylar?
31
329
flowers_
12.04.2024 00:34
ÝÖR, OGLUM, MAMA GIDELI!

Däl bu günler çakymyzyň...
Sygjak ýermiz ikimiziň,
Dünýede iň ýakynymyz,
Ýör, oglum, mama gideli!

Asyl-ha, syr bermez ile,
Kyrk sanalandyr, «Kyrk çile»,
Intizardyr gözi ýola,
Ýör, oglum, mama gideli!

Ömür gyzyl-gara sowsan,
Geçer gider nämä sowsaň,
«Eje» diýer, mähre suwsan,
Ýör, oglum, mama gideli!

Basar seni, meni bagra,
Bu duýgular sygmaz şygra,
Gowzasyn içim bir töwra,
Ýör, oglum, mama gideli!

Galpak, inji paýyň diýip,
Göterjek ýok daýyň diýip,
Aýdyp berer hüwdä salyp,
Ýör, oglum, mama gideli!

© Ogulnur ATAÝEWA
30
83
flowers_
11.04.2024 20:49

1).Tegeligiň aňyrsynda haýsy alamat gizlenýär?


2).Deňlik hakykata öwrüler ýaly 1 oýny nädip göçürip bilersiňiz?



3.1).MÖJEK, TILKI, PIŞIK, AÝY


2).TOMUS, IRDEN, GYŞ, ÝAZ

 
3).UÇAR, OTLY, DIKUÇAR, GARGA

4).KILOMETR, MIL, MILLIMETR, DÝUÝM, KILOGRAM


5).GARPYZ, RAWERTUDANA, GÖK GÜL, ERIK, MALINA


4).Iki inçe sütün
ullakan bir gala saklaň:
Iki penjire,
Ledges, basgançaklar bilen.
Sütünler durmaýar,
Elmydama gala bilen bile gezýärler.

5).Atyň üstünden bökjek şeýle meýdan barmy ?

6).Çatrykda
üç gözli jadygöý asylýar, ýöne birbada üç göz bilen
görünmeýär .

7).Ýeňil ýa-da agyr bolup biler, ýöne agramy hiç zat däl.
Çalt we haýal bolup biler, ýöne ýöremez, ylgamaýar, uçmaýar.
Bu näme?

8).Oturan wagty kim ýörär?

9).Wanýa babanyň agtygy Sanýa, pişik Manýa we Walýa gyzy bar. Atamyň näçe agtygy bar?

10).Burun bar, ýöne kellesi ýok. Bu nädip bolup biler? 


11).Haýsy aýyň 28 güni bar?

12).Üç pişik üç minutda üç syçan tutýar. Syçan tutmak üçin bir pişik näçe minut alar?

13).Käşir ilki nirede ösdürilip ýetişdirildi?

14).Ejem menden bir çüýşe limonad, bir banka ýaşyl nohut we sowadyjydan bir karton süýt almagy haýyş etdi. Ilki näme açarsyň?

15).Bu adam pili we aty göterip biler. Bu kim?

16).Ony tersine öwürseňiz, diňe ulalýar. Bu näme?


17).Dimanyň üç miwesi bardy: iki alma, bir armut we galan apelsin. Dima näçe apelsin bar?

18).Uçýar, ýöne ganaty ýok. Aglaýan, ýöne göz ýok.

 
32
446
flowers_
11.04.2024 15:26
Bu suratdaky ýalñyşlyk näme?


Bu stolda hir zat ýalñyş?!



Suratdaky ýalñyşlygy 7 sekuntda tapyp bilersiñizmi?!



Ýalñyşlygy bary-ýogy 7 sekuntda tapyp biljegiñiz bir surat



Bu suratdaky ýalñyşlygy 14 sekuntda tapyp bilersiñizmi?!


Bu suratda ýalňyşlyk bar! Diňe IQ ýokary adamlar gramofon bilen işleýän oglanjygyň keşbinde ýalňyşlygy 10 sekuntda tapyp bilerler



Diňe IQ ýokary bolanlar itleri 20 sekuntda barlaýan weterinarlaryň şekilindäki 3 logiki ýalňyşlygy tapyp bilerler
33
274