flowers_
21.05.2024 17:21
Ilçi
(kyssa)


Öňki döwürlerde bir kazynyň görmegeý, berdaşly alym we takwa ogly bar eken. Bir gün şol juwan ýigit aradan çykypdyr. Kakasy onuň ölümine köp ahy-perýatlar edip, ýanyp-köýüp ýörüpdir. Şondan soň ol ýüregindäki hasrat oduny köşeşdirip bilmän, sabyr-takatdan daş düşüp, kazylyk mejlisine barmandyr. Musulmanlaryň meselelerini çözmek işi agsap başlapdyr. Bir tersa kişi onuň ýanyna gelip:

— Musulmanlaryň kazysyna bir soragym bar, kerem-sahawatyňyz bilen jogap bermegiňizi haýyş edýärin  — diýipdir. Ol:

— Sora, näme islegiň bar?

— Näçe ýyl bäri kazy bolup işleýärsiň?

— Elli ýyl bäri.

— Eger sen ýasawulyňy iş bilen bir ýana ugratsaň, ol hem seniň ýanyňa gaýdyp gelmän, saňa boýun bolmasa, onuň bu hereketini bagyşlarmydyň?

— Ýok.

— Eý kazy, Ýaradan saňa bir perzent berdi we ol hakyndaky ýazgydyny amala aşyrdy. Näme üçin Onuň hökümine razylyk görkezmeýärsiň?

Kazy bu sözlerden soň, akylyna aýlanyp, ýüregi rahatlanýar. Şondan soňra ol wezipesini birkemsiz berjaý etmäge başlaýar.
36
292
manolya
26 May 2024
@flowers_, hawa 🤦
flowers_
26 May 2024
@manolya, men çykypdyryn senem ýazypsyñ öýdýän 🤦‍♀️
manolya
26 May 2024
😁
flowers_
25 May 2024
@geldiyevna, işiñi tapypsyñ sena😁
flowers_
25 May 2024
@geldiyevna, göz degiraýme😂
0322
25 May 2024
Ok paka
flowers_
25 May 2024
@0322, kowulmankañyz gowsy sypaýylyk bilen gidiñ
0322
25 May 2024
Bagyslarsynda godegrak diydim oyudya
0322
25 May 2024
Alooo
flowers_
25 May 2024
@0322, kowulmankañyz gowsy sypaýylyk bilen gidiñ
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.