flowers_
08.05.2024 23:07
Batyrlyk­ hakynda.
Gysga hekaýalar

– Sen meni batyr hasapla ýarsyňmy? – diýip, bir gezek dostum sorady.

– Eý sem näme!

– Mümkin, şeýle hem bolup biler, ýöne bir gezek meniň gözümiň alnynda nusga alarlyk, ruhlandyryjy waka bolup geçdi.

Men saňa şol waka barada gürrüň bereýin. Birnäçe ýyl mundan ozal, Stenford keselhanasynda meýletinçi bolup işleýärkäm, Laýza atly kiçijik gyz bilen tanyş boldum. Ol seýrek duş gelýän agyr keselleriň birinden ejir çekýärdi. Onuň sagalmak üçin ýeke­täk umydy özüne gan goýberilmeginden ybarat bolup, onuň donory bolsa, bäş ýaşly dogany bolmalydy. Lukman oglanjyga emele gelen ýagdaýy düşündirýär we ondan öz uýasyna ganyny bermäge taýýardygyny ýa­da däldigini soraýar. Men onuň jogap bermezden ozal, diňe bir pursat ýaýdanandygyny görüp galdym.

– Hawa, elbetde, eger­de, bu Laýzany halas etse.

Gan goýberilip durka, ol uýasynyň

ýanynda, diwanda ýatyrdy, biziň ählimiz ýaly gyzjagazyň ýaňagynyň täzeden gyzarjakdygyny synlap ýylgyrýardy. Soň onuň ýüzüniň reňki öçdi we ýylgyrmasyny goýdy. Ol lukmana gabagyny galdyryp, sandyrawuk sesi bilen sorady:

—Eýsem, men edil häzir jan bererinmi?

Kiçijik oglanjyk lukmanyň sözlerine nädogry düşünip, uýasyna özüniň bar ganyny bermelidir öýdüpdir.

Şonuň üçin, eger­de men batyrgaýlyk

edýän bolsam, bu diňe meniň gözümiň öňünde şeýle nusga alarlyk, ruhlandyryjy wakanyň bolup geçenligi üçindir – diýip, ol sözüni jemledi.



Terjime eden
Ýegenmämmet TAÝLYÝEW
34
94
milana
9 May 2024
Brothers 🥰🥰🥰🥰🥰
awgust
8 May 2024
😊❤️👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.