fl_ower
11.05.2024 06:12
Gyz perzent mydama mähirli bolýar
Gyzyň bolsa Jennetdedir ornuňyz
Köpler ogul dilär Alladan mydam
Aýdyň haýsy oguldan kemdir gyzyňyz

Gyz jigiň bar bolsa bilýä oglanlar
Olar mydam ýygnap gezýär yzyňyz
Kakasyna oguldan hem mähirli
Seredip gezýändir bolsa gyzyňyz

Gyz perzent öýüne myhman bolýandyr
Aklap gider siziň beren duzyňyz
Hatda Pygamberiň ogly bolmandyr
Ullakan bagtdyr bolsa gyzyňyz


Awtor:🤷
17
42
fl_ower
09.05.2024 21:20
Öýke dälmi ýürekleri gatadan,
Perzentleri öýkelär ene - atadan.

Sylagy, sarpany har etdi öýke,
Dogany dogana zar etdi öýke.

Öýke daşlaşdyrdy ýary ýaryndan,
Öýke üstün çykdy ýürek zaryndan.

Dost dostdan öýkelär, goňşydan goňşy,
Geň olaryň birek-bireksiz oňşy.

Üç günden köp bolsa öýkeleriňiz,
" Musulman däl " diýen Pygamberimiz.
17
33
fl_ower
08.05.2024 22:43
Gören zatlaryňyzyň diňe ýarysyna ynanyň, eşdenleriňiziň hiçbirine.


Edgar Allan Poe.
17
34
fl_ower
07.05.2024 00:37

Eneň gezip ýörkä ýeriň üstünde,

Ýaza barabardyr gyşyň howasy.

" Dogadan nem tapdym" diýýän bar bolsa,

Megerem şol doga - enäň dogasy.

18
26
fl_ower
06.05.2024 00:01
Kadyr jepbar, senden dilegim kändir,
Sen meni namarda mätäç eýleme!
Hazynaňdan beril meniň ryzkymy,
Bendäňi bendäňe mätäç eýleme.

Azaşdyrma dogry ýolum egrige,
Egrini deňleme hergiz dogryga.
Kişi maly nesip etmez ogryga,
Halaly harama mätäç eýleme.

Magtymguly Hakdan dile baryny,
Dilär bolsaň, dile öz imanyňy.
Abat eýle iki gözüm nuryny,
Sag gözüm sol göze mätäç eýleme.

Magtymguly Pyragy
16
12
fl_ower
04.05.2024 00:54
Perzentsize aýtma çagaň mährini,
Ýetimiň öňünde balaňy öpme.
Baýlygyň lezzetin, barla gürrüň ber,
Ýoksul bendäň ýarasyna duz sepme.
17
21
fl_ower
02.05.2024 21:58
Mätäç bolmawersin adam adama,
Işiň düşüp barsa, hökman şert goýýar.
Käte adamlaram dermana meňzeş,
Kimsi şypa berse, kimsi dert berýär.
18
26
fl_ower
01.05.2024 00:15
Sadaka bermek üçin puluň bar bolmagy möhüm däl. Ýüregiňi ynjydan adamlara salam berip bilýän bolsaň bu iň uly sadakadyr.
15
33
fl_ower
28.04.2024 22:38
Gaýdyp berjek bolma, duz karz alsaň.
Başarsaň, şol iýen duzuňy hakla,
Her ýerde her bela gelseňem gabat,
Duz beren dostlaryň sarpasyn sakla!!
19
29
fl_ower
27.04.2024 23:24
Durmuş gysgadyr..
- Gybat etmekden uzak duruň.
- Hiç kimiň göwnüne degmäň,
- Hiç kimiň hakkyny iýmäň,
- Terslige ýol bermäň.
- Sizi sylamaýan adamlar bilen hoşlaşyň.
- Wagtyňyzy sizi gowy görenler bilen geçiriň.
- Ertir belki giç bolar.
- Ýada Ertir hiç BOLMAZ...
21
57