fl_ower
11.05.2024 06:12
Gyz perzent mydama mähirli bolýar
Gyzyň bolsa Jennetdedir ornuňyz
Köpler ogul dilär Alladan mydam
Aýdyň haýsy oguldan kemdir gyzyňyz

Gyz jigiň bar bolsa bilýä oglanlar
Olar mydam ýygnap gezýär yzyňyz
Kakasyna oguldan hem mähirli
Seredip gezýändir bolsa gyzyňyz

Gyz perzent öýüne myhman bolýandyr
Aklap gider siziň beren duzyňyz
Hatda Pygamberiň ogly bolmandyr
Ullakan bagtdyr bolsa gyzyňyz


Awtor:🤷
17
42
fl_ower
11 May 2024
@mahrisxkam, ýok. Menem awtorynyň kimdigini bilemok😊
ideallider
11 May 2024
"Oglan öýüň möjegi, bürgüt-ýolbarsydyr. Gyz bolsa ary-namysydyr"👍
mahrisxkam
11 May 2024
Duzdunmu
mahrisxkam
11 May 2024
Ozin dusdunmu
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.