enes_∞
27.09.2024 11:44

Öýjükli el telefonlarynyň zyýanly täsirini peseltmegiň usullary
Häzirki döwürde adamzat durmuşyna ýakyndan ornaşan öýjükli telefonlaryň zyýanly täsirini peseltmek, boldugyça onuň öňüni almak iň bir derwaýys meseleleriň biri bolup durýar. Öýjükli el telefony özünden adam organizmi üçin zyýanly bolan elektromagnit şöhlelerini goýberýär. Telefondan çykýan elektromagnit tolkunlary bedeniň galtaşýan ýerindäki dokumalary gaty ýokary derejede gyzdyrýar. Öýjükli telefondan goýberilýän şöhleleriň uzak wagtlaýyn dowamly täsiri merkezi nerw ulgamynda howply täze döremeleriň peýda bolmagyna getirýär. Bu şöhleler arterial basyşa we ýürek-damar ulgamynyň işine oňaýsyz täsir edýär, beýniniň işjeňligini peseldýär. Şöhlelenme gen mutasiýasynyň peýda bolmagyna getirýär. Netijede bedende keselli öýjükler köpelýär, potologik täze döremeler ýüze çykýar. Adamyň ünsi peselýär we ýady gowşaýar. Kelle agyry peýda bolýar. Immun ulgamynyň işi gowşaýar. Gaharjaňlyk we ýadawlyk duýgusy artýar. Beden ýygy-ýygydan sowuklama sezewar bolýar. Elektromagnit şöhleleri göz torjagazy we beýleki duýgy organlaryndan kelle beýnisine geçýär hem-de onuň işine päsgelçilik döredýär.

Alymlar gündelik durmuşda peýdalanylýan öýjükli el telefonynyň zyýanly täsirini peseltmek we onuň öňüni almak üçin şu aşakdaky ýagdaýlaryň göz öňünde tutmalydygyny belleýärler:
Telefonyň sesiniň güýjüniň ýokary bolmagy, onuň şöhle goýberijiliginiň-de ýokary bolmagyna getirýär. Şonuň üçin mümkin boldugyça, telefonyň ses güýjüni pes derejede goýmaly.


- Ulanylmajak wagtynda telefony başga otagda goýmaly.

- Täze telefon satyn alnanda onuň kuwwaty pes bolan görnüşi saýlanyp alynsa, adam saglygyna zyýany pes derejede bolýar.

- Öýjükli telefony jübüde saklamak maslahat berilmeýär. Ol el torbalarynda göterilse, zyýanly täsiri pesräk bolýar.

- Mümkin boldugyça telefonda azrak gürleşmeli, şonda zyýanly täsir hem az bolýar.

- Gijesine ýatylanda telefony öçürip ýatmaly.

- Çagalar, şeýle-de göwreli aýallar telefondan has hem uzak durmalydyrlar.

- Telefonda gürleşilende gulak bilen telefonyň arasy minimum 3 santimetr bolmalydyr. Sebäbi telefondan şöhläniň iň güýçli çykýan wagty jaňlaşylýan wagtydyr.

- Telefon üçin zyýany peseldiji daşlyklardan peýdalanmaly.

- Telefonda gürleşilende demir äýnekler dakynylmasa gowy bolýar.

- Telefony elektrik toguna birikdirilende başga otagda goýmaly.

- Telefon ak-gara reňkli displeýde peýdalanylsa, onuň zyýanly täsiri reňkli displeýe garanda pes bolýar.

Gadyrdan adamlar, hemmämiziň jan saglygymyz öz elimizde! «Saglygyň gadyryn bil, hasta bolmazdan burun» diýip, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sözlerine eýerip, saglygymyzy goralyň!

Saglyk
Muhammetnazar NURNAZAROW,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Harby gigiýena, epidemiologiýa
we toksikologiýa kafedrasynyň müdiri,
l/g podpolkownigi.
10
26
enes_∞
27.09.2024 11:37
Stres ýagdaýy ýüzüň derisine nähili täsir edýär?
Stresli adam daşyndan seredende gaty gynançly görünýär. Adamyň ýüziniň daşky ýagdaýy bilen onuň nähili ýagdaýdalygyny bilip bolýar. Ýagny adam daşky keşbi boýunça gaharjaň, gaýgyly, ýadaw we ş.m ýagdaýda bolsa oňa stres ýagdaýy täsir edýär ýa-da agyr güniň netijesinde bolýar. Ol göze görünýän alamatlar bilen bedene täsir edýär. Stres ýagdaýy akyl saglygyndan başga-da deriniň çynlakaý bozulmalaryna hem sebäp bolup biler.

Dowamly stresiň netijelerinden biri epidermisden artykmaç suwuklygyň ýitmegi. Deriniň suwsuzlanmagy netijesinde adamda şeýle näsaglyklar ýüze çykýar. Ýagny bedende çişme we ýüzde agyry döreýär. Derini janlandyrmak üçin lipid sintezini köp amala aşyrmaly. Derini goraýjy tebigy ýaglar, kislotalar (gialuron), ýaglar bilen derini ideg etmek zerurdyr.

Deriniň gyzarmagy.

Ýüzdäki damar ulgamynyň aşa gowşaşmagy dowamly stresiň ýene bir netijesidir. Deriniň gyzarmagy stres gormony kortizol sebäpli ýüze çykýar. Yzygiderli stres wagtynda damarlar inçe bolýar we käwagt ýarylýar. Uzak möhletli stres, çişme deri keselleriniň döremegine sebäp bolup biler. Çözüw hökmünde kapilýar goragy we köşeşdiriji häsiýetli önümler duýgur deri üçin maslahat berilýär.

Deriniň reňklenmegi.

Kortizol derini gyzardýan bolsa, adrenalin, tersine, kislorod çalşygyny bozýar. Deri doňan ýaly bolýar. Dowamly stresiň reňksiz deri döredip biljekdigi geň däldir. Limfa ulgamyna stres gormonlary hem täsir edýär. Işlemezligi sebäpli dokumalarda suwuklyk galýar, netijede ýüzüň çişmegi we gözleriň töwereginde gara tegelekler ýüze çykyp biler. Hatda stres ýüzüň garramagyna-da getirýär. Sebäbi stres ýagdaýynda adamyň myşsalarynyň dartylmagy bolup, netijede ýüzüň garramagyna getirýär.


Saglyk
Albina ZAKIRJANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
8
21
enes_∞
27.09.2024 11:33
Gözüň aşagynda gara tegmilleriň döremeginiň sebäpleri!
Gözüň aşagyndaky gara tegmilleriň döremegi diňe uky, ýadawlyk we ýaş bilen baglanyşykly däl. Gara tegmilleriň dürli sebäpleri bar. Bu sebäpleriň köpüsini aňsatlyk bilen ýok etmek bilen gözüň aşagyndaky gara tegmillerden dynmak mümkin.

- Gapdal ýa-da aşgazanyň üstüne öwrülip ýatmak. Ýeterlik uky alsaňyzam, irden aýnada gözüňiziň daşynda gara tegmilleri görýärsiňiz. Munuň sebäbi näme? Gapdal ýa-da aşgazanyň üstüne seredip ýatmak nädogry ýagdaýda ýatmaga degişli mümkin boldugyça arkan ýatmany öwreniň, şonda rahat we gowy dynç alarsyňyz. Gara tegmil uky gowy alynmasa hem bolýar şonuň üçin hem dogry ýatmany başarmaly.

- Duzly naharlary köp iýmek. Günortanlyk naharynda gaty duzly nahar, irden turanyňyzda gözüňiziň aşagyndaky gara tegmilleri emele getirer. Sebäbi böwrekler bütin gije gyssagly tertipde işleýärler. Netijede bedende gijesi bilen işjeňlik peselmän dogry uky alyp bolmaýar.

- Nädogry saýlanan kosmetika. Kosmetika ýüzündäki kemçilikleri ýapmalydyr, ýöne ol diňe dogry saýlanan halatynda peýdalydyr. Kosmetika torbasyndaky önümleriň haýsydyr biri size laýyk gelmese, deriniň gyjyndyrylmagy we hatda garalmagy mümkin.

- Gözüň aşa köp sürtülmegi. Gözüňizi näçe sürtseňiz ýa-da gyssaňyz, garaňky tegelekleri ösdürip bilersiňiz. Nämedir bir zat gözüňi gyjyndyrýan we dyrnaýan ýaly duýsaň, gysga wagtda lukmana ýüz tut, bu göz infeksiýalarynyň biriniň alamaty bolup biler.

- Kompýuterde üznüksiz iş. Uzak wagtlap kompýuteriň öňünde oturmaly bolsaňyz, gözüň töweregindäki gan damarlaryndaky ýüki artdyrýar, netijede olar giňelýär. Şonuň üçin olaryň gapdalyndaky deri has gara görünýär. Munuň öňüni almak üçin mümkin boldugyça ýygy-ýygydan dynç alyň: azyndan ýarym minut. Gözüňize dynç almaga we sagalmaga mümkinçilik beriň.

- Suwuklygyň saklanmagy. Gözüň aşagyndaky gara tegmilleriň döremeginiň iň köp ýaýran sebäbi, bedende suwuklygyň kadaly aýlanyşynyň bozulmagydyr. Bu gormonal meseleler, duzly iýmitleri yzygiderli iýmekden böwrek, ýürek problemalary we hatda howanyň üýtgemegi sebäpli ýüze çykyp biler (mysal üçin, çygly yssy gözüň aşagyndaky gara tegelekleriň peýda bolmagy üçin örän amatly şertdir).

- Allergiýa. Gözüň aşagyndaky gara tegelekleriň ýene bir sebäbi umumy allergiýa. Ilki bilen hassalar gijilewükden ýa-da guraklykdan dynmak üçin köplenç gözlerini sürtýärler, ikinjiden, allergiýa hüjümi wagtynda beden gan damarlaryny, şol sanda gözüň aşagyndaky kiçijik kapilýarlary köpeldýän köp mukdarda gistamin öndürýär.


Saglyk
Albina ZAKIRJANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
8
16
enes_∞
26.09.2024 13:20

Güýçli immunitete tarap 11 ädim: güýzi sagdyn geçirmek üçin ýönekeý maslahatlar
Güýz — bu pasylda organizmde möwsümleýin döräp biljek sowuklama, ysgynsyzlyk hem keýpiň beterleşmegi ýaly kynçylyklara taýýarlyk görmek möhüm. Bu hadysalaryň hemmesi immunitetiň gowşamagy bilen baglanyşykly.

Immun ulgamy dürli ýokançlyklara we daşarky täsirlere garşy durmaga kömek edýän bedeniň gorag mehanizmidir. Güýçli immunitet hatda epidemiýalaryň täsiri bolan gurşawda hem saglygyňyz barada aladalanmazlyga mümkinçilik berýär. Şeýle-de bolsa, maýyl möwsüme öňünden taýýarlyk görüp başlamaly, sebäbi organizmiň gowşak bolmagy oňaýsyz täsirlere getirýär.

Şu sanalýan maslahatlar organizmiň goragyny berkitmäge, temperaturanyň üýtgemelerinden aňsatlyk bilen gutulmaga hem-de kesellemekden gorkman güýz paslynyň sergin howasyndan lezzet almaga kömek eder. Bedeniň immunitetini ýokarlandyrmak üçin biderek streslerden gaça durup, ony seresaplylyk bilen bejermek ýeterlikdir.

Iýmitiňizi witaminler bilen baýlaşdyryň

C witamine (sitrus miweleri, kiwi, bolgar burçy) we B topar witaminlere (balyk, et, süýt önümleri, ýumurtga, däneler) baý ter gök önümleri we miweleri iýmegi dowam ediň.

Demir ätiýaçlygyňyzy üpjün ediň

Düzüminde demir saklaýan iýmitleri iýiň: et, bagyr, deňiz önümleri, ýumurtga, alma.

Süýt önümlerini iýmit rasionyňyza goşuň

Probiotiklere baý bolan gatyk we beýleki fermentlenen süýt önümlerini iýseňiz, içegäniň mikroflorasyny berkitmäge kömek eder.

Bagryňyz barada alada ediň
Ýagly we agyr iýmitlerden saklanyň. Bala, dänelere, guradylan miwelere, ýagsyz ete hem-de deňiz balyklaryna uly ähmiýet beriň.

Grippe garşy sanjymy almagy göz öňünde tutuň

Bedeniňiziň immuniteti kemala getirip ýetişmegi üçin öňünden sanjym alyň.

Ukyňyzyň tertibini sazlaň

Her gün 6 — 8 sagat aralygynda ýatyp, ukyňyzy gowy alyň.

Has köp hereket edip, bedeniňizi berkidiň

Bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmak bedene möwsümleýin howa üýtgemelerine uýgunlaşmaga kömek eder.

Gündelik tertibini we dogry iýmitlenmek endigini saklamaga synanyşyň

Nahar edinmegiň kadaly meýilnamasyny düzüň we ertirlik edinmegi hiç wagt ýatdan çykarmaň.

Gigiýenany ýatdan çykarmaň

Elleriňizi hemişe ýuwuň we burun boşlugyňyzy yzygiderli arassalaň duruň.

Howa görä geýiniň

Ýyly, ýöne dem alýan eşikleri geýiň we şarf hem-de ýyly aýakgaplary hem ýatdan çykarmaň.

Özüňize wagt aýryň

Halaýan güýmenjäňiz bilen meşgullanyň, gowy adamlar bilen aragatnaşyk saklaň we ýygy-ýygydan tebigata çykyň.

Peýdalanylan çeşme: Turkmenportal 04.rospotrebnadzor.ru

Şeýle-de okaň:

Çaga bilen gezelenç — şol bir wagtyň özünde bedenterbiýe
12
29
enes_∞
26.09.2024 09:38

Her gün, her sagat, her minut…
Wagt geçip dur, her bir adam wagtyny bihuda geçiresi gelenok. Emma, muňa garamazdan, awtobus duralgasynda ýa-da awtobusda oturan adamlara seredende käwagt wagtyň boş ötürilýändigine — boş oturylýandygyna gözüň düşýär.

Elbetde, okamak aýyp däl, okamazlyk aýyp. Internetde özüňe täze bir hat bukjasyny açyşyň ýaly, okamagam özüňe täze bir dünýäni açmakdyr. Hat bukjasyndaky hatlaryň mydama täzelenip durşy ýaly, okamagam adamyň düşünje görüşlerini, duýgularyny, garaýyşlaryny, pikirlerini täzeleýär ýa-da olara bir öwüşgin berýär. Okamak arkaly adamyň ruhy iýmitlenýär.

Ösýän ýa-da ösen döwletlere ser salsak, ýyllyk her bir adama düşýän kitap sany görnetin üýtgeýär. Ýaponiýa ýaly ösen senagatlaşan ýurda ser salanymyzda adamlaryň ähli ýerlerde — otluda, awtoulagda, maşynda, dürli jemgyýetçilik merkezlerinde hökman ellerinde gazet-žurnaldyr kitaplary görmek bolýar. Diýmek, okamak döwletiň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär.

Ösüp barýan ýaş nesilleriň, ýaşlaryň akylyna, aňyna okalan zatlaryň has gowy ornaşýan döwrüdir. Şeýlelikde, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn kämil bolup ýetişmegine diňe bilimli bolmak ýeterli däldir. Munuň üçin köp okamak gerek, köp bilmek gerek. Boş wagtlarymyzda, isle awtobusda bolsun, isle başga ýerde wagtymyzy boş geçirmäliň. Hudaýa şükür, ýurdumyzda gazet-žurnallar, kitaplar diýseň elýeterli. Ata-babalarymyz: «Ýöne oturandan çöp ýon» diýipdirler biziň. Her bir adam özüni gyzyklandyrýan zatlary gazet-žurnallardan hem tapyp bilýär. Şular ýaly ajaýyp mümkinçilikler döredilip durka, gol gowşuryp, boş durmak bize gelişmez. Döwletimiziň ösmegine goşandymyzy goşmak biziň borjumyz!

Ömür geçip barýar. Her geçen günem yzyna dolap bolanok. Bar bilýänjämiz bilen bazar eýlemäliň. Geliň, her günümizi, her sagadymyzy, her minudymyzy öz haýrymyza ulanalyň! Kitaplary köp okalyň!

♥⁠╣Türkmengazet╠⁠♥
11
90
enes_∞
25.09.2024 20:37

Arzuwlaryňyzy durmuşda görmek isleýäňizmi?!
Dünýä meşhur Garward uniwersitetiniň professorlarynyň talyplaryna ýygy-ýygydan berýän maslahatlarynda şeýle sözler bar: «Häzir uklasaň, elbetde, arzuwlaryňy düýşde görersiň! Eger ukynyň deregine okuwy, kitaby saýlasaň, arzuwlaryňy durmuşda görersiň!» Gepbaşy hökmünde şu jaýdar jümläni ulanmagymyzyň maksady hem kitabyň arzuwyňy hasyl ediji güýçdügini nygtamakdan ybarat.

Kitap hakynda oýa çümüp oturyşyma, serimde dürli pikirler aýagaldygyna at çapýar. Ilkinji okan kitabymdan başlap, soňkusyna çenli ýatlaýaryn, olary öz ýanymdan saldarlap görýärin. Ol kitaplaryň maňa eçilen peşgeşlerini sanaýaryn: kitap mekdepde mugallymyň öwretmedik durmuşyny öwretdi, çykgynsyz güne düşenimde, özüm ýaly gahrymanlaryň üsti bilen maňa kömege geldi, sözleýiş medeniýetini, söz baýlygymy ösdürdi, adamlar bilen söhbetleşenimde, öz aýtmak isleýän zatlarymy däl-de, olaryň diňlemek isleýän zatlary hakda sözlemegimi… Garasaý, kitabyň mendäki ähmiýetini sanap soňuna çykyp bilmekden ejiz gelsem gerek.

Dogrudanam, kitaplarda ähli zatlar bar, olar ähli tarapdan saňa täsir etmäge ukyply. Uçar ýasamakda bütin dünýäde özüni ykrar etdiren oýlap tapyjy A.Ýakowlew kitabyň ähmiýetini belläp, şeýle diýýär: «Ilkinji uçary men ýörite bilimim ýokka ýasapdym. Ýöne uly arzuwlaryň döremegine, kämilleşmegine kitap itergi berdi».

Özara söhbetdeşliklerde söhbetdeşleriň käbirisi kitap okamagyň diňe wagt ýitirmekdigini aýdýarlar. Ýok! Düýbünden ylalaşmaýaryn! Okamak — bu wagt sarplamak däl. Okamak — hereket etmek. Galyberse-de, okamak – wagtlaýyn zat, bilmezlik – ebedi.

Arzuwlaryňyzy durmuşda görmek isleýäňizmi? Baş üstüne, kitap älemine syýahat ediň!

Türkmengazet
17
110
enes_∞
25.09.2024 13:35

«Söýmeseň, söýülmersiň…»
Planetamyzdaky bütin janly-jandarlaryň deň ýarynyň tokaýlarda ýaşaýandygyny nazarda tutsak, onda edil häzirki ekologik ýagdaýda bar bolan 8,7 million bioköpdürlüligiň 1 milliondan gowrak görnüşine ýakynda ýitip ýok bolup gitmek howpy abanýar.

Eger-de ýok bolup gidäýse, şeýle bioköpdürliligi adamlar asla we asla yzyna gaýtaryp getirip bilmeýärler. Bu ýitip gitmek hadysasy biziň pikir edişimizden has çalt amala aşýar. Eger-de öndürilýän däri-dermanlaryň ep-esli mukdarynyň ösümliklerden alynýandygyny göz öňünde tutsak, onda olaryň ýitip gitmegi ynsan saglygy üçin örän uly howpuň abanýandygyny aňladýar.

Adamlaryň kem-kemden ýabany tebigata has ýakyn aralaşmaklary, agaçlary, tokaýlary ýok edip, ýaşaýyş ýerlerine öwürmekleri dürli ýokanç keselleriň döremek howpuny ýokarlandyrýar. Şonuň üçin hem-ä öz saglygymyz we rahatlygymyz üçin, hemem janly-jandarlaryň rahat ýaşamagy üçin planetamyzy agaçlara baý ýere öwürmegimiz gerek.

Ynsan haçan-da tebigat bilen sazlaşykly ýaşanynda durmuş gözelleşýär we tebigatyň eçilýän naz-nygmatlaryndan peýdalanyp bilýär. «Söýmeseň, söýülmersiň» diýlen söz tebigat üçin hem degişlidir. Tebigat barada alada etmesek, onuň hem biz hakyndaky aladasyny azaltmagy mümkin.

Goý, ähli janly-jandarlar rahat ýaşasyn!🕊️

Türkmengazet

Merjen BATYROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.
11
107
enes_∞
25.09.2024 09:40

Beýle bank barada eşidip gördüňizmi?]
Her gün irden size 86,400 dollar nagt berýän bankyň bardygyny göz öňüne getiriň. Günüň çykdajylaryndan soň, bu hasapdan galan mukdary ertirki günüň hasabyna geçmeýär. Günüň ahyrynda hasap boşaýar. Bu pullary nämeler üçin harçlardyňyz?

“Puluň barysyny soňky teňňesine çenli harçlamaga synanyşardyk” diýýärsiňiz. Aslynda, her birimiziň şeýle bankymyz bar. Bu bankyň ady bolsa wagt.

Her gün irden bize 86400 sekunt karz berilýär. Hasap her gün täzeden başlanýar. Galan wagt indiki güne geçmeýär. Gündelik karzy netijeli ulanmadyk bolsaňyz, ýitgi diňe siziňki bolar. Yza bolsa hiç hili ýol ýok. Indiki günden wagty karzyna hem alyp bilmersiňiz.

Biz diňe berlen wagtyň hasabyna häzirki wagtda ýaşamalydyrys. Islendik maksada ýetmek üçin wagtyňyzy dogry sarp ediň. Ony diňe haýyrly işler üçin ulanyň. Her bir sekundyňyzy manyly, dogry we dürs geçiriň. Unutmaň, wagt hiç kime garaşýan däldir. Geçmişi geçdi biliň, geljek entek siziň eliňizde däl. Diňe şu wagtyň özi siziň eliňizdäki uly gymmatlykdyr.

♡✧⁠*⁠。♡Wagtyñ gadyryny bileliň!♡✧⁠*⁠。♡

Türkmengazet
15
91
enes_∞
24.09.2024 22:52

Dejavu (Déjà vu) bu bir keselmi?
Ömrüňiziň belli bir döwründe "Bu wakany öňem başdan geçiripdim", "Bu ýeri öň gören ýalydym" ýaly sözlemleri ulanan bolsaňyz we bu hadysanyň nämedigni bilmeýän bolsaňyz,bu duygynyň ady "Dejavu".



Dejavu gelip çykyşy boýunça fransuz sözi bolup, "déjà" (has ir,ozal), "voir" (görmek) diýen manyny aňladyp, bir hadysany geçmişde öň gören ýaly bolmak duýgysyna aýdylýar.



Barlaglara görä, adamlaryň üçden iki bölegi ömründe azyndan bir gezek dejavu duýgusyny başdan geçirýärler. Esasanam 15 we 25 ýaşly adamlarda bu hadysa köp duş gelinýär.



Näme üçin Dejavu hadysasy bolýar?



Beýniň sag we çep loblary millisekunt tapawudy bilen deň işlemeýär.Netijede beýniň bir tarapy öň duýýar. Şeýlelikde beýniň giç duýýan tarapy, bir wakany ozal başdan geçiren ýaly bolýar.



Dejavu hadysasy kimlerde has köp duş gelýär?



Alymlaryň aýtmaklaryna görä, syýahatçylarda has köp Dejavu hadysasy duş gelýär.Dejavu duýgusy ýaşlykda has köp duýulýar.Aýda bir ýa-da iki gezek Dejavu hadysasyna duş gelmek howply däldir.



Dejavu bolmak adaty zatmy?



Wagtal-wagtal başdan geçirmek adaty we zyýansyz, bu siziň oňaýsyzlygyňyzy görkezmeýär. Emma hepdede birnäçe gezek ýa-da ondanam köp gezek başdan geçirýän bolsaňyz, epilepsiýa ýa-da başga bir newrologiki ýagdaý bolup biler. Şular ýaly hadysa bolan ýagdaýynda hökmany suratda lukmana ýüz tutmagy ýatdan çykarmaň!


つ▽つİNFOつ▽つ
Arzygül Atjanowa,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüṣ uniwersitetiniň talyby.
21
203
enes_∞
24.09.2024 13:46
Dünýädäki iň köp aýlykly iş
Taryhyň dowamynda maýak sakçylygy deňizçileriň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin möhüm borç hasaplandy. Şeýle-de bolsa, häzirki zaman tehnologiýalarynyň we awtomatlaşdyryş ulgamlarynyň ösmegi bilen bu hünär düýbünden ýok diýen ýaly. Şeýle-de bolsa, käbir aýry-aýry sebitlerde bar bolan maýak sakçylygy işine örän ýokary aýlyk tölenýär.

Gämiler howpsuz geçip biler ýaly, maýaklar kenar ýakalaryny ýagtylandyrýan möhüm gurluşlar hökmünde ulanylýar. Maýak sakçylarynyň borjy, bu yşyklaryň yzygiderli işlemegini üpjün etmek, maýagy saklamak we adatdan daşary ýagdaýlarda habar bermek bolup durýar. Geçmişde maýaklarda, esasanam izolirlenen adalarda işleýän sakçylar birnäçe aýlap adamlar bilen aragatnaşyk saklamazdan ýaşamalydy. Bu fiziki we psihologiki taýdan çydamlylygy talap edýän işdi, şonuň üçin aýlyk ýokarydy.

Häzirki wagtda maýak sakçylygy gaty seýrek hünäre öwrüldi, sebäbi awtomatlaşdyryş ulgamlary maýaklaryň köpüsini uzakdan dolandyryp bilýär. Emma bu seýrek ýagdaý käbir ýerlerde ýokary aýlykly işe öwrüldi. El bilen işleýän maýaklaryň üstünde işlemek, esasanam Demirgazyk Atlantik ýa-da Antarktida ýaly uzak we howply sebitlerde ýokary aýlykly iş bolup durýar. Garawullar agyr tebigy şertlerde işleýändikleri sebäpli, izolirlenen şertlerde uzak wagtlap çydamlylyk ukybyna görä saýlanýar.

Häzirki wagtda henizem işleýän maýak sakçylaryň köpüsi bu nostalgiki hünäri dowam etdirmek isleýän höwesjeňleri özüne çekýär. Mundan başga-da, beýle hünärler tehnologiýadan uzak we tebigat bilen aragatnaşykda ýaşaýan adamlar üçin gyzykly bolup durýar. Maýak sakçylygy örän kyn iş bolup, abraýly we jogapkärçilikli işdir.

Häzirki wagtda maýak sakçylygy seýrek we ýitip barýan hünär bolsa-da, käbir kyn we izolirlenen sebitlerde iň köp aýlyk alýan işleriň hataryna girýär. Bu hünär deňiz taryhynda möhüm orny eýelemegini dowam etdirýän hem bolsa, häzirki döwürde nostalgiki täsir galdyrýar.

Gyzyklyლ◕ლ◕ლ
Leýla ABDYREÝIMOWA,
24.09.2024

03:20

👁️‍🗨️0


Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
13
94