«Söýmeseň, söýülmersiň…»Planetamyzdaky bütin janly-jandarlaryň deň ýarynyň tokaýlarda ýaşaýandygyny nazarda tutsak, onda edil häzirki ekologik ýagdaýda bar bolan 8,7 million bioköpdürlüligiň 1 milliondan gowrak görnüşine ýakynda ýitip ýok bolup gitmek howpy abanýar.
Eger-de ýok bolup gidäýse, şeýle bioköpdürliligi adamlar asla we asla yzyna gaýtaryp getirip bilmeýärler. Bu ýitip gitmek hadysasy biziň pikir edişimizden has çalt amala aşýar. Eger-de öndürilýän däri-dermanlaryň ep-esli mukdarynyň ösümliklerden alynýandygyny göz öňünde tutsak, onda olaryň ýitip gitmegi ynsan saglygy üçin örän uly howpuň abanýandygyny aňladýar.
Adamlaryň kem-kemden ýabany tebigata has ýakyn aralaşmaklary, agaçlary, tokaýlary ýok edip, ýaşaýyş ýerlerine öwürmekleri dürli ýokanç keselleriň döremek howpuny ýokarlandyrýar. Şonuň üçin hem-ä öz saglygymyz we rahatlygymyz üçin, hemem janly-jandarlaryň rahat ýaşamagy üçin planetamyzy agaçlara baý ýere öwürmegimiz gerek.
Ynsan haçan-da tebigat bilen sazlaşykly ýaşanynda durmuş gözelleşýär we tebigatyň eçilýän naz-nygmatlaryndan peýdalanyp bilýär. «Söýmeseň, söýülmersiň» diýlen söz tebigat üçin hem degişlidir. Tebigat barada alada etmesek, onuň hem biz hakyndaky aladasyny azaltmagy mümkin.
Goý, ähli janly-jandarlar rahat ýaşasyn!🕊️Türkmengazet
Merjen BATYROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.