Güýçli immunitete tarap 11 ädim: güýzi sagdyn geçirmek üçin ýönekeý maslahatlarGüýz — bu pasylda organizmde möwsümleýin döräp biljek sowuklama, ysgynsyzlyk hem keýpiň beterleşmegi ýaly kynçylyklara taýýarlyk görmek möhüm. Bu hadysalaryň hemmesi immunitetiň gowşamagy bilen baglanyşykly.
Immun ulgamy dürli ýokançlyklara we daşarky täsirlere garşy durmaga kömek edýän bedeniň gorag mehanizmidir. Güýçli immunitet hatda epidemiýalaryň täsiri bolan gurşawda hem saglygyňyz barada aladalanmazlyga mümkinçilik berýär. Şeýle-de bolsa, maýyl möwsüme öňünden taýýarlyk görüp başlamaly, sebäbi organizmiň gowşak bolmagy oňaýsyz täsirlere getirýär.
Şu sanalýan maslahatlar organizmiň goragyny berkitmäge, temperaturanyň üýtgemelerinden aňsatlyk bilen gutulmaga hem-de kesellemekden gorkman güýz paslynyň sergin howasyndan lezzet almaga kömek eder. Bedeniň immunitetini ýokarlandyrmak üçin biderek streslerden gaça durup, ony seresaplylyk bilen bejermek ýeterlikdir.
Iýmitiňizi witaminler bilen baýlaşdyryň
C witamine (sitrus miweleri, kiwi, bolgar burçy) we B topar witaminlere (balyk, et, süýt önümleri, ýumurtga, däneler) baý ter gök önümleri we miweleri iýmegi dowam ediň.
Demir ätiýaçlygyňyzy üpjün ediň
Düzüminde demir saklaýan iýmitleri iýiň: et, bagyr, deňiz önümleri, ýumurtga, alma.
Süýt önümlerini iýmit rasionyňyza goşuň
Probiotiklere baý bolan gatyk we beýleki fermentlenen süýt önümlerini iýseňiz, içegäniň mikroflorasyny berkitmäge kömek eder.
Bagryňyz barada alada ediň
Ýagly we agyr iýmitlerden saklanyň. Bala, dänelere, guradylan miwelere, ýagsyz ete hem-de deňiz balyklaryna uly ähmiýet beriň.
Grippe garşy sanjymy almagy göz öňünde tutuň
Bedeniňiziň immuniteti kemala getirip ýetişmegi üçin öňünden sanjym alyň.
Ukyňyzyň tertibini sazlaň
Her gün 6 — 8 sagat aralygynda ýatyp, ukyňyzy gowy alyň.
Has köp hereket edip, bedeniňizi berkidiň
Bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmak bedene möwsümleýin howa üýtgemelerine uýgunlaşmaga kömek eder.
Gündelik tertibini we dogry iýmitlenmek endigini saklamaga synanyşyň
Nahar edinmegiň kadaly meýilnamasyny düzüň we ertirlik edinmegi hiç wagt ýatdan çykarmaň.
Gigiýenany ýatdan çykarmaň
Elleriňizi hemişe ýuwuň we burun boşlugyňyzy yzygiderli arassalaň duruň.
Howa görä geýiniň
Ýyly, ýöne dem alýan eşikleri geýiň we şarf hem-de ýyly aýakgaplary hem ýatdan çykarmaň.
Özüňize wagt aýryň
Halaýan güýmenjäňiz bilen meşgullanyň, gowy adamlar bilen aragatnaşyk saklaň we ýygy-ýygydan tebigata çykyň.
Peýdalanylan çeşme: Turkmenportal 04.rospotrebnadzor.ru
Şeýle-de okaň:
Çaga bilen gezelenç — şol bir wagtyň özünde bedenterbiýe