enes_∞
27.11.2024 00:36

Geçmişdäki täsin seneler
0-njy mart ýa-da 0-njy ýanwar, 30-njy fewral ýa-da 31-nji fewral. Bular taryhdaky günler. Emma nädip beýlekä?

Taryhdaky täsin seneler sözüni ilkinji gezek okanyňyzda, bu barada biraz pikir eden bolmagyňyz mümkin. Ýöne bu gün siz ýene bir täze maglumaty öwrenersiňiz. Nähili maglumat diýýärsiňizmi? Ozal bar bolan, ýöne, häzirki wagtda ýitip giden ýa-da onuň barlygyndan bihabar günlerimiz barada.

Mysal üçin, 0-njy ýanwar we 0-njy mart diýilýän güni ozal eşidipdiňizmi? 30-njy fewral ýa-da 31-nji fewral? Dünýä ýurtlary bu seneleri taryhda dürli sebäplere görä ulandylar. Ýöne wagtyň geçmegi bilen näme üçin ýitdikä? Näme üçin häzirki wagtda 31-nji fewral diýilýän gün ýok? Aslynda, olaryň hersiniň başga bir sebäbi bar…

Düşündirişi ilkinji nobatda fewral aýyndan başlalyň. Adatça fewral aýynyň 28 gündigini we her 4 ýyldan bir gezek 29 gün bolýandygy ählimize mälim bolsa gerek. Şeýle-de bolsa, taryhda bir wagtlar 30-njy fewral we 31-nji fewral bolupdyr. Senenamany tertiplemek maksady bilen 30-njy fewral gününi Şwesiýa we Finlýandiýa öz ýyl senenamalarynda (kalendarlarynda) ulanypdylar.

Günbatar ýurtlary miladydan öňki 46-njy ýylda Sezar tarapyndan kabul edilen Julian senenamasyny XVI asyra çenli ulanypdyrlar. Emma, Julian senenamasyndaky kiçi ýalňyşlyk ýüze çykarylandygy sebäpli, Günbatar ýurtlary XIII Rim Papasynyň döreden komissiýasy tarapyndan taýýarlanan Gregorian senenamasyna (milady senenamasy) geçipdirler. Beýleki tarapdan Şwesiýa we Finlýandiýa, Julian senenamasyny 1700-nji ýyldan başlamagy we Gregorian senenamasyna geçmegi bolsa, öňdäki 40 ýylyň içinde amala aşyrmagy meýilleşdirdi. Emma Şwesiýa üçin 1700-nji ýyla derek 1704-nji we 1708-nji ýyl boldy. Bu ýagdaý, Şwesiýa senenamasynyň Julian senenamasy bilen deňeşdirilende 10 gün yza galmagyna sebäp boldy. Bu bulaşyklygy aýyrmak üçin 1712-nji ýylda iki gün senenama goşulypdyr. Şeýlelikde, 30-njy fewral ýüze çykypdyr. Şwesiýa Gregorian senenamasyna geçmegi 1753-nji ýylda tamamlady. Şeýle-de bolsa, 30-njy fewraly gün hökmünde kabul eden diňe şwesiýalylar däldi. Bir wagtlar ähli aýlary deň hasaplaýan Sowet Soýuzy hem 30-njy fewraly gün hökmünde ulanýar eken.
Sowet Soýuzynda 1929-1932-nji ýyllar aralygyndaky aýlaryň hemmesi 30 gün bolupdyr. Mundan başga-da, galan 5-6 gün hiç bir aýa degişli bolman dynç alyş güni hasaplanypdyr. Şeýlelik bilen Sowet Soýuzy 1930-njy we 1931-nji ýyllarda 30-njy fewraly ulanypdyr. Emma bu ynkylap senenamasy, 1932-nji ýylda gaýtadan öňki kadaly ýagdaýyna getirilipdir.

Gregorian senenamasynyň hyýaly güni bolan 31-nji fewral, Kristiana Haag atly aýalyň dünýeden ötmegi bilen mazar daşyna ýazylmagydy. Häzirki wagta çenli mundan başga, hiç bir çeşmede 31-nji fewral barada maglumata duş gelinmändir.

Onda size bir aýyň 0-njy güni hakynda aýtsak näme pikir edersiňiz? Geň görýäňiz, şeýle dälmi? Mysal üçin, taryhyň täsin seneleriniň arasynda 0-njy ýanwar we 0-njy mart diýilýän iki aýry gün hem bolupdyr. Bulardan 0-njy ýanwary 31-nji dekabra alternatiw at diýip pikir edip bileris. Mysal üçin, sanly ulgamda wagty ýazmaga mümkinçilik berýän döwür 1900-nji ýylyň 0-njy ýanwaryndan başlaýar. Şeýle hem, 0-njy ýanwarda asman jisimleriniň şol pursatdaky hereketlerini takyk hasaplamak üçin ulanylandygyny hem belläliň!

0-njy mart hem 0-njy ýanwar ýaly hyýaly sene. Käwagt astronomlar fewral aýynyň soňky güni bilen manydaş 0-njy marty ulanýarlar. Beýleki tarapdan, 0-njy martyň başga bir wezipesi hem bar. Mysal üçin, 0-njy mart Microsoft Excel ýaly programma üpjünçiliginde böküş ýyllaryny we üýtgeýän möhletli aýlary aňlatmak üçin ulanmak mümkindir!
9
222
enes_∞
24.11.2024 21:17

Düýşler hakynda bilmeýänlerimiz

Ýatmak barada bilmeýän köp zadymyz bar...

Ukuda wagtymyz beýnimizde bir zadyň bolup geçýändigini bilýäris we munuň sebäbini çaklaýarys. Uky – gündelik wakalaryň uzak wagtlap gurnalýan we saklanýan prosesidir. Gije beýni metafora taýdan ýuwudyp başlaýar we gündiz alýan maglumatlaryny siňdirýär. Düýşler barada aýdylanda köp zat bilýändiris öýdýäris.

Jaň sagady (budilnik) bilen oýansaňyz, düýşüňizi ýatda saklamakda kynçylyk çekip bilersiňiz. Düýşleri ýatda saklamagyň iň gowy usuly, ýuwaş-ýuwaşdan oýanmak we agyr wagtyňyzy birnäçe minutda ýaýratmakdyr. Düýşlerini ýadynda saklaýan adamlaryň beýnisiniň işjeňligi ýokary bolýar.

Käwagt düýşlerimizde gören adamymyza gaharymyz gelýär. Biologiki taýdan gözüňizi açanyňyzda duýgularyňyz dowam edýär.

Erbet düýşler, hakykatdanam gorkunç. Ýöne görýän düýşlerimizde başga duýgular hem bar. Gözlegleriň netijesine görä, düýş görmek we erbet düýşleri görmek köplenç şowsuzlyk, alada, bulaşyklyk, gynanç we günäkärlik duýgularynya ýol açýar.
8
224
enes_∞
23.11.2024 13:24

Yşkyňa aşyk ýüregim
Bolup biler. Näçe adam bar bolsa şonça-da pikir, garaýyş, görüş bar. Eý, meniň heýjan heserlim! Indi sen öz gözleriňe-de ynanmaýan bolsaň, men saňa näme diýeýin…
***
Ilkinji tanyşlyk, bir gujak çemen, öň duýulyp görülmedik geň duýgular. Ählisiniň ilkinji ,,myhmany’’ sen. Joralarym — gijeleriň getiren ýalňyzlygy. Arzuwlarym — armanym. Syrdaşym — syrygan gözýaşlarym siňen ýassyklar…
***
Goýsana göwnüm. Gören zadyňdan ykbalyňa meňzeşlik gözleýärsiň. Ine görersiň, şeýle bir günler geler…
***
Seni söýenligim üçin ilkinji günäkäriň haýsy synamdygyna akylym çatanok. Gözlerimmi ýa-da gursagymdaky ýüregim… Meň azara galyp oturşymy, haýsysy bolanda näme. Barybir söýýän diýen sen däl ahyry…
***
Bir wagtlar bagtymy elimden biri alyp barýan ýaly ýakymly ýatlamalarymy hem ilden çete saýlanyp, gözlerimi ýumup, her wagt bir ädimläp hyýalyma getirýärdim. Indi gözlerimi açyp ýöränimde-de seni görüp bilemok. Haýp biderejik gabananym…
***
Oglan: Sen durmuşda öz ornuň nirededigimi bilýärmiň?
Gyz: Bilemok
Oglan: Eger bilmeýän bolsaň, iň bolmanda meniň gözlerime seredäýmeli ekeniň-dä!
Gyz: Onda saňa aşyk bolardym-da.
Oglan: Sen meniň ýaşamagym üçin gerek bolan zatlaryň ählisinde ýaşaýaň.
Gyz: Ony näme bilen subut edip biljek?
Oglan: Eger bilesiň gelse, iň soňky gezek sensiz howadan dem alyşymy synla…
***
Näme üçinkä? Maňa ömrümiň iň ýatdan çykmajak günlerini peşgeş beren küýseglimiň kyssasyny näçe ýazdygymça şonça-da oňa bolan mährim, küýsegim artýar.
9
128
enes_∞
21.11.2024 21:36

Alymlar operasiýa bolmazdan görüşi dikeltmegiň usulyny tapdylar
Hytaýly we Amerikaly alymlaryň eden açyşy, katarakta garşy göreşde hakyky öwrülişik geçirip biler. Indi dünýäde her ýyl millionlarça adam ony aýyrmak üçin operasiýa geçirmäge mejbur bolýar. «Journal of Clinical Investigation» žurnalynda çap edilen täze ylmy barlaglaryň netijeleri, operasiýa bolmazdan mümkin bolup biljekdigine güwä geçýär.

Alymlar, gyşlamak üçin 9 aýa çenli wagt geçirýän ýer alakalarynyň görnüşleriniň birinde adaty bolmadyk bir täsiri tapdylar. Gözleriniň linzalary, kataraktly adamlar ýaly öçügsi bolýar, ýagny dury bolmaýar. Emma haýwanlar oýanandan soň durulyk gaýtadan dikelýär.

Bularyň asyl sebäbi RNF114 belogyndadygy ýüze çykaryldy. Bu belok ýer alakasynyň bedeniniň gyzgynlygy ýokarlananda işjeňleşýär. Belok linzanyň garran öýjüklerini ýok edýär, kataraktany netijeli ýeňýär. Bu täsir gemriji öýjükler bilen geçirilen synaglarda tassyklandy. Bu açyş, operasiýanyň ornuny tutup biljek täze katarakt bejeriş usullaryny ösdürmek üçin esas bolup biler.
11
188
enes_∞
21.11.2024 13:32
10 adamdan diňe biri muny görüp biler!


Jikme-jiklere näderejede üns berýärsiňiz? Ine, özüňizi synamak üçin amatly mümkinçilik! Şeýle suratlary biz öňräk hem siziň dykgatyňyza ýetiripdik!

Suratdan ýürek, göz we beýniniň şekiljiklerini tapyp bilersiňizmi?



Görýän açaryňyzyň haýsy gapyny açar?



Bu suratda näçe sany aýak görýärsiňiz?



Haýsy çaga oýunda hilelik edýär?



Görüş we pikirleniş ukybyňyzy kämilleşdirýän bu suratlary dostlaryňyz bilenem paýlaşyň! Biz bolsa gyzykly we peýdaly çeşmeleri yzygiderli okyjylara ýetireris!
7
77
enes_∞
19.11.2024 19:42

Täsinlikler
* Pişikler üçin ýedinji gatdan bökmek,otuz ikinji gatdan bökmekden has howplydyr.

* Bir bakteriýadan bir günüň dowamynda iki müň tonna bakteriya emele gelýär.

* Şagallar keýigi tutandan soň aýagyndan iýip başlaýarlar.

* 2500 m çuňlukda we 3000 gyzgynlykda ýaşaýan bakteriýalar hem bardyr.

* Içegelerde dört ýüzden hem köp bakteriýa ýaşaýar.Ol bakteriýalaryň jemi sany biziň öýjüklerimiziň sanyndan köpdir.

* Enelik deňiz atlary ýumurtgany atalyk deňiz atlaryna berýär.Olar hem 6-8 hepde göterýärler we nesliň dowamy ata deňiz atynyň torbasynda gözüni açýar.(dogulýar).

* Bir ary ketegindäki 30.000 bal arysyny 30 sany eşek arysy 3 sagatda öldürip bilýär.Muňa garamazdan, 300 bal arysy,eşek arysynyň daşynda uçan wagty 50-600gyzgynlyga çydap bilmeýän eşek arysy bolar.

* Günde 1 metre çenli ösüp bilýän çyrmaşyk ösümlikler hem bar.

* Aýy ýaryş atlary ýaly çalt ylgap bilýärler.Sagatda 60km geçmäge ukyplydyr.Ak aýylaryň 3 metr boýy bolup,olaryň agramy 1tonnadyr.

* Möjekler çagalaryna berjek iýmitlerini 30 km ýol ýörese-de aşgazanynda saklap bilýärler.

* Bürgüt uçanda 350 km/sag tizlikde uçup bilýär.

* Bir bakteriýa 1 sekuntda öz daşyndan 100 gezek aýlanyp bilýär.

* Dazzarkeller 4 km uzaklykdan hem ýatan keýikleriň ölümi ýa-da ukuda bolup bolmadygyny duýup bilýärler.

* Erkek siňekler ösümlik suwuny,ene siňekler adamyň we haýwanyň ganyny içýärler .

* Balyklar suwda bökenlerinde 10 metr beýiklige böküp bilýärler.
8
304
enes_∞
19.11.2024 16:27

Tana sen meni!
Saňa okan goşgularymdan,
Tana meni säginen setirlerimden.
Aljyrap okamadyk sözümden,
"Şol ýeri şeýle bolmaly"
Diýen sözüňden.

Tana sen saňa aýdan arzuwlarymdan,
Tana sen ejizläp döken ýaşymdan.
Ençeme zat geçdi diýip başymdan,
Tana sen meni, gara gaşymdan.

Tana meni tüm gijäniň aýyndan,
Uzyn saçly gyz geçende yanyňdan.
Tana sen öz ýazan goşgularyňdan,
Tana eden ýalňyş etmişlerimden.








Roza Rozilin 18.11.24 21:56
5
74
enes_∞
18.11.2024 18:17
Gan akmakda ilkinji kömek🩸
Uly adamyň bedeninde dyngysyz hereket edýän ganyň umumy mukdary 5 litre barabar. Şol mukdaryň 1/3-iniň ýitirilmegi bedene ölüm howpuny salýar. Ganyň ýitirilmegi dürli keselleriň netijesinde (ýara, çiş emele gelende) ýa-da damarlara şikes ýetende ýüze çykyp biler. Käbir keselleriň täsiri bilen bolsa ganyň lagtalanmak häsiýeti bozulýar. Şeýle ýagdaýlarda damarlara şikes ýetmegi has hem howpludyr. Ganyň mukdarynyň azalmagy damarlarda onuň basyşyny peseldýär, gan aýlanyşygynyň bozulmagyna eltýär. Şeýle hem kelle beýnisiniň, ýürek myşsalarynyň, bagyr we böwrek ýaly synalaryň kislorod bilen üpjün edilişi bozulýar. Gan ýitiren adama öz wagtynda ýeterlik derejede kömek berilmese, oňa ölüm howpy abanar. Şonuň üçin hem her bir adam gany ýitiren adama ilkinji kömek bermegi başarmalydyr. Gan has inçe gan damardan, wenalardan we arteriýalardan akyp biler. Has inçe gan damardan ganyň akmagy, teniňe sähelçe şikes ýetmeginden hem bolup biler. Has inçe gan damardan ganyň örän haýal we pes basyşda akýanlygy üçin, ony aňsat duruzmak bolar.

Netijede, köp gan ýitmeýär. Sebäbi emele gelen ganyň lagtalanmasy gan akymy bilen ýuwulmaýar. Bu bolsa şikes ýeten gan inçe gan damarlaryň deşiginiň ýapylmagyny üpjün edýär. Örän inçe gan damarlardan akýan gana ilkinji kömek berlende, şikes ýeten ýeri ýod bilen zyýansyzlandyrmaly, soňra arassa daňy (hasa) bilen daňmaly. Wena damarlarynda ganyň akmagy bedeniň üstüne ýakyn ýerleşen wenalara şikes ýetmegi bilen ýüze çykýar. Şular ýaly wena damarlary bedende kändir. Wena damarlaryndan gan akanda, gan kadaly, üznüksiz we tolkunsyz akym bilen akýar, gan gaty garamtyldyr. Şeýle ýagdaýda ganyň lagtalanmagy, elmydama bedeni köp gan ýitirmekden saklap bilmeýär. Bu has inçe gan damarlara görä wenada gan akymynyň tizliginiň ululygy bilen baglanyşyklydyr. Şikes ýeten wenadançalt akýan gan, ganyň lagtalanmasynda emele gelen gan lagtasyny ýuwup aýyrýar. Şeýlelikde, iri wenalar arkaly köp gan ýitirilmegi beden üçin örän howpludyr. Şoňa görä-de wena gan damarlaryndan akýan gany duruzmak üçin ilkinji kömek berilmelidir. Wena gan damarlaryna zeper ýetirilmegi, köplenç, ujaklarda peýda bolýar. şeýle ýagdaýlarda ýaralanan ujagy ýokaryk galdyrýarlar. Bu bolsa ol ýere arteriýa boýunça ganyň gelmegini azaldýar. Wena damarlary boýunça ujaklardan hem ganyň akmagy peselýär. Uly bolmadyk wena gan akmasyny duruzmak üçin, şikeslenen ýeri daňy bilen berkräk daňmaklyk hem ýeterlikdir.
Daňy damarlaryň diwarlaryny gysyp, gan lagtalarynyň tizräk emele gelmegine we gan akymynyň saklanmagyna kömek berýär. Eger-de ilkinji kömek berlende gan akmasy durmasa, näsag basym keselhana äkidilmelidir, ol ýerde oňa ýörite saglygy goraýyş kömegini bererler. Arteriýa damaryndan ganyň akmagy wena damaryndan gan akmasyndan seýregräk duş gelýär, çünki iri arteriýa damarlary bedeniň üstüne ýakyn ýerlerde az ýerleşendirler. Arteriýadan gan akanda açyk gyzyl gan çüwdürilip çykýar. Ganyň şular ýaly akmasy beden üçin howpludyr. Arteriýa damarlarynyň diwarlary örän dykyzdyr. Şonuň üçin gysby daňy seýrek ýagdaýlarda arteriýadan ganyň akmasyny durzup biler. Şol sebäpli hem gyssagly başga çäreleri görmek zerurdyr. Ozaly bilen zeper ýeten ýere gany getirýän iri arteriýany bedeniň üstüne ýakyn ýerleşen ýerinde barmagyň bilen basyp, gan akmasyny gowşatmalydyr. Şolar ýaly ýerlerde pulsuň bardygyny siz bilýänsiňiz. Eliň ýa-da aýagyň arteriýalary ýaralananda, ýaralanan ýere ganyň akymyny azaltmak üçin olary ýokaryk galdyrmak gerekdir. Soňra ýaralanan ýeriň ýarasyndan oňa gan getirýän arteriýany rezin ýa-da elde ýasalan mata daňysy bilen berk daňmalydyr. Daňyny damarlaryň diwarlarynyň ýumşak dokumalaryny gysar ýaly edip, gaty çekmelidir. Şondan soň gan akmasy kesilýär. Daňy dogry daňlan ýagdaýda, bedeniň daňydan aşaky böleginiň reňki öçýär, agarýar, puls duýulmaýar. Şeýle daňynyň iki sagatdan artyk saklanmagy zyýanly bolýar, çünki daňy ondan köp saklanylsa, daňydan aşakdaky dokumalaryň ölmegi mümkin. Daňa daňynyň edilen wagtyny görkezýän ýazgyny berkitmeli.
7
59
enes_∞
17.11.2024 16:07

MODA HAKDA MODASYZ GOŞGY
Saç-sakgal,
Dyrnak - hyna,
Ýa añry-bärijik asynmak boýna,
Alym bolmaklyga nobata durmak,
Aý, ol ýöne...
Paşmak-gulakjyn,
Köýnek-balak,
Başdan-aýak,
Ondan ulukjyn,
Barybir bu zatlar az bolýar juda - moda.
Ýylgyrmak - moda,
Dul galmak - moda,
Gowja bolmak - moda,
Deýýuslyk - moda,
Kibtiñ gysyp
Gün görmek busup - moda,
Betnamlyk - moda,
Biparhlyk - moda,
Bigamlyk - moda,
Yaşamak - moda,
Öýe daşamak - moda.
Yañy gözün açyp dünýäni gören
Diýer: «Maña-da
Maña-da» diýmek - moda.
Modaň özi - moda,
Moda garrasa - kada...
Bu edil,
Pul - Haryt - Pul,
Kada Moda - Kada,
Moda - Kada - Moda.
Modalar ýürege düşäýýär käte,
Yalñyşýarmykam men, dostlarym, ýa-da?!
10
119
enes_∞
16.11.2024 12:34

GALASYM GELÝÄR

Käbir düýşler, ömürleriň bölegi, Düýşlerimde baky galasym gelýär. Gaýtaryp bolsady geçen günleri,
Zemin içre söýgä dolasym gelýär...

...Garry atam gowaçaly pelleriň, Gyrasynda guwanyp dur seredip. Gumaksy ýollarda yzyndan galman, Kebelek kowalaýan heziller edip.

Ak derekler gollaryny bulaýar,
Kömelek çöplemäge çagyrýan ýaly.
Ýylgynlar otyrlar bir geňsi bakyp,
Syrly bakyşlary manydan doly.

Salkym-salkym üzümleri sallanyp, Bagymyzyň erik, alma, nary bar. Howlymyzda jemlenipdir bar güller, Yodalarda çagalygmyň yzy bar.

Süýt bişirip, käselere süýt guýup, Gelnejemiň çagyryşy mähirli.
Bal ýaly çörege sary ýag çalyp,
Goşup berýän ýaly barça mährini.

Enem janyň çep dyzyna ýassanyp,
Gyzyl gülli çäýnegimden çaý guýýan.
Küýsän didaryma sataşmak üçin, Ýüregim howlugýar, men ony duýýan,

Az salym, uklaýyn asla oýarmaň. Çagalygym ömür baky bolsady...
Eziz kyblam mähir bilen ýylgyryp,
Meni ýene gujagyna alsady.

Oguljennet Nazarowa
14
116