Bir sagadyňyz galdy🔺2🔻Men maşgalany pynhan synladym. Ýigidiň ene-atasy ör-gökden gelip, gözleri okara ýaly açylypdy. Ýigidiň bolsa ýüzi boz-ýaz bolupdy. Ejesi hem-de uýasynyň kömegi bilen zordan aýakda duran ýigit, birden dikelip gorkuly nazaryny lukmana dikdi. Ol lukmanyň sözleriniň çynlakaýdygyna-däldigine göz ýetirmek isleýän ýaly, esli wagt garap durdy. Soňra-da, ýigit özüni lampa ýere göýberdi. Aýakda durmaga mejallarynyň galmandygyndanmy nämemi, maşgalanyň beýleki agzalary hem dyza çökdüler. Kakasy hem-de ejesi öz aralarynda umytsyz hümürdeşdi. Bu dymyşlyk esli salym dowam edensoň, kakasy ýene-de lukmana sowal berdi.
– Indi näme bolarka? Hiç zat edip bolmazmy?
– Giç. Bu ýagdaýda hiç zat edip bilmeris. Etsek hem netijesi bolmaz. Ýene bir sagatdan hassany ýitireris. Siziň göwnüňiz üçin, onuň ýagdaýyny gözden geçiräýeli.
Men ýigidiň ýüzüne seredýärdim. Ölüm gorkusy hem-de umytsyzlyk, ony galagoply ýagdaýa salypdy. Öz ýanymdan onuň näme hakda oýlanýandygyny pikir etdim. Ölümi bular ýaly ýakynyňda duýmak, elbetde, bu ýagdaýa taýýarlyksyz ynsan üçin ýeňil-ýelpaý zat däl bolmaly. Adam öz ömri bilen eden şeýle samsyklaç oýnunyň pidasy bolup, bir sagat soň öljegini bilse, kim bilýär, nämeler hakda oýlanmaz? Aslynda hemmämiziň başymyza ölüme bir sagat ýakynlaşjak pursatymyz gelip ýetmeli. Köpimiz, durmuşyň her hili oýunlaryna höwrügip, ölümiň bize juda ýakyn gelendigini hem unudýarys. Häzir bu ýigit öz geçmişi, dost-ýarlary, maşgalasy hakda oýlanýandyr. Ýa bolmasa ölümden soňky durmuş barada? Ýagny bir sagat soň nämeleriň boljakdygy barada? Ýöne, onuň entäk nähili arzuwlary bardy.
Durmuş dowam edýärdi. Içerde ýatan başga bir hassanyň yzyndan gelenler lukmandan nämedir bir zatlar soraýan wagty, daşardan ýene bir hassa getirilýärdi. Şol wagt başga bir lukman gapydan içerik girdi. Duran ýerimizden birnäçe otag ilerde bolsa şepagat uýalarynyň magnitafonyndan aýdym eşidilýärdi. Men bolsa içimi gürledip: “ Wah, biz ynsanlar nähili beýle oýlanyşyksyz bolup bilýärkäk, beýle gaflatda ýaşap bilýärkäk.” diýýärdim.