enes_∞
08.02.2025 18:12

Öz aladaňy edip ýaşamagy nädip öwrenmeli
Aladalardan we yzygiderli talap-tabşyryklardan ýaňa hiç bir zada el degmeýän häzirki dünýäde öz aladaňy edip ýaşamagy başarmak uly bir ussatlyk diýsegem bolar. Işimizi, gatnaşyklarymyzy we beýleki daşarky ownuk-uşak aladalary öňdäki orunda goýup, hut öz mätäjimizi ýatdan çykarýarys. Ýöne, aslynda, fiziki, emosional we psihologiki ýagdaýymyz näderejede özümize seredýändigimiz bilen gönüden-göni bagly.

«Özüňe seretmek» diýen jümlä nähili düşünmeli?

Özüňe seretmek, ylmy dile ýakyn edip aýtsak özüňe ideg etmek diňe bir göwnüňi belentde tutmak hem däl, ol durmuşyňy gowulaşdyrmak üçin oýlanyşykly netijedir. Bu has bagtly, has öndürijilikli we streslere has çydamly bolmaga mümkinçilik berýän öz-özüňi gowy görmek ýörelgesidir. Özüňe seretmek egoistligem däl, eýsem, hakykata seredenimizde-de, biziň her birimiz üçin iň gymmatly zadymyz — özümiz ahyryn.

Öz aladaňy etmegi nädip öwrenmeli?

Ilki bilen, özüňi tana. Öz-özüňi seljermekden başla. Seni bagtly edýän zat näme? Seni näme biynjalyk edýär? Saňa şu durmuşda nämeleri gazanmak zerur?

Serhetleri kesgitle. Gerek ýerinde «ýok» diýmegi başaryň. Beýleki adamlar bilen gatnaşygyňda serhetleri kesgitle we hiç kimiň şahsy dünýäňe girmegine ýol berme.

Bedeniň barada alada et. Yzygiderli maşk etmek, sagdyn iýmitlenmek we ýeterlik derejede ukyňy almak beden saglygynyň esasyny düzýär. Göwnüňe ýaraýan fiziki işjeňligi tap we sagdyn iýmitlenmegi endik edin.
Rahat ýaşa. Dynç almak we özüňi rahatlandyrmak üçin wagt tap. Meditasiýa, ýoga, halaýan kitabyňy okamak — bularyň hemmesi stresden saplanmaga we gujur-kuwwatyňy dikeltmäge kömek eder.

Durmuşdan lezzet al. Durmuşyň şatlykly ýerleriniňem örän kändigini ýatdan çykarma. Halaýan güýmenjäň bilen meşgullan, ýakynlaryň bilen wagt geçir, baryp görmedik ýerleriňe syýahat et.

Duýgularyňa erk et. Duýgularyňy düşünmegi we olary beýan etmegi öwren. Ýaramaz duýgulary ýeňip geçmekde kynçylyk çekýän bolsaň, kömek soramakdan çekinme.

Özüňe söýgi we düşünmek bilen seret. Ýalňyşlyklaryň we kemçilikleriň üçin özüňi bagyşla. Öz iň gowy dostuň bol we islendik ýagdaýda özüňi golda.

Öz aladaňy edip ýaşamak — ilden çykmak däl, ol zerurlyk. Çünki her birimiz özümizi bagtly we sagdyn duýmaga mynasypdyrys.

Peýdalanylan çeşme: www.b17.ru
13
258
sazsoft
3 Mart 2025
Duýgularyma erk etmekde kynçylyk çekýän, ýüregime agram düşýär, saglygyma zyýan ýetýär. 😑 Eger...
sazsoft
3 Mart 2025
Bedeniň barada alada etmek we rahat ýaşamak bölümi bilen doly ylalaşýan ✅ Ýöne sagdyn iýmitlenmege gezek galanda, başarmok 🤦🏻‍♂️
sazsoft
3 Mart 2025
Serhet, çäklendirme diýlen zady düýbünden halamok, öz şahsyýet kultumy öňe çykarmaýaryn "käbir haramzadalar" ýaly. 🤐
sazsoft
3 Mart 2025
«Ýok» diýip bilemok hijem, sebäbi «ýok» diýmeklerinden gorkýan, halamok. Men bir zat aýtsam, bolaýmaly! Şonuň üçinem hiç kime «ýok» diýemok...
sazsoft
3 Mart 2025
Kemçiliklerim we ýalňyşlyklarym üçin özümi bagyşlasam, onda ýalňyşlyklarymdan sapak almaga derek, özümkini dogry edip, hemişe ýalňyşar ýörerin...
sazsoft
3 Mart 2025
Özümi tanasam, meni bagtly edýän zat: kimdir birini bagtly etmek, kimdir biriniň aladasyny etmek. Maňa durmuşda gerek zadam: kimdir biriniň ynamy... Şonuň üçinem egoizm düşünjesini, edil feminizmçe bolmasa-da, ýigrenýän.
sazsoft
3 Mart 2025
Adam hiç wagt öz aladasyny etmeýär, göwnüniň islän zadyny edýär we ýalňyşýar. Şonuň üçinem hemişekimiz ýaly, özümize ýakyn ynsanyň aladasyny etmeli, olam biziňkini. Ana, şonda egoizmem bolmaýar, feminizmem. Gülala-güllük durmuş bolýar 🙂
geldiyevna
26 Fewral 2025
Diňe öz aladaňy edip ýaşamaklykdan Hudaý saklasyn
flowers_
8 Fewral 2025
Hamala kösenmek üçin dogulan ýaly, özümize seredemzok🤦‍♀️
flowers_
8 Fewral 2025
Bu zatlary etmek türkmençilige gelişmejek zat.😐
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.