enes_∞
24.09.2024 08:13

Ertir howa nähili bolarka?
Her paslyň özüne mahsus ajaýyp howasy bolýar. Şol howa bilen hem tebigat gözel keşbe bürenýär. Emma şeýle-de bolsa «Gyşda howa sowuk bolýar» ýa-da «Tomusda yssy bolýar» diýlip oturylmaýar. Ertirki ýa-da has soňraky günleriň howasy barada köplenç gürrüň edilýär. Köp söhbetdeşlikleriň başlanmagynda hem howa gepbaşy bolýar.

Toý-märeke etjekler, ekin meýdanlarynda işlejekler, gezelenje gitjekler, çöle çekene sürjekler, dostlary bilen futbol oýnajaklar, tamdyra çörek ýapjaklar… garaz, ýedi ýaşlydan ýetmiş ýaşa çenli belli bir derejede howanyň nähili boljakdygy barada gyzyklanýarlar. Eýsem, howa maglumaty nähili kesgitlenilýär?! Sagat näçede ýagyş ýagyp, näçede Gün çykjakdygyny, näçe galyňlykda gar ýagyp, näçe gradus aýaz boljakdygyny nädip anyklaýarlar?!

Howany öwrenýän ylma «meteorologiýa» diýilýär. Bu ylym howply tebigy hadysalara garşy öňüni alyş çäreleri görmekde, oba hojalyk pudagynda ýokary hasyl almak üçin ygalyň wagtyny kesgitlemekde, howa we deňiz ýollarynda gatnawlaryň howpsuzlygyny üpjün etmekde hem-de syýahatçylykda örän möhümdir. Häzirki wagtda meteorologiýa ylmy diýseň kämilleşdi. Meteorologlar çylşyrymly matematiki hasaplamalaryň kömegi bilen ýakyn wagtda boljak howany ýokary ähtimallyk bilen çaklamagy başarýarlar. Olar ýerde, deňizde, dagyň depesinde, howada gurnalan dürli ölçeýji enjamlaryň berýän görkezijilerini ýörite niýetlenilen kompýuterlere girizýärler. Gelip çykan netijäni öňki ýyllaryň netijeleri bilen deňeşdirip, ýakynda boljak howany çaklamaga çalyşýarlar.

Barometr arkaly howanyň basyşyny, anemometriň kömegi bilen ýeliň tizligini, dürli radarlar arkaly howanyň akymyny, psihrometeri ulanmak bilen bolsa howanyň çyglylygyny ölçeýärler. Has takyk maglumat edinmek üçin uçarlara, gämilere, howa şarlaryna hem ölçeýji enjamlary ýerleşdirýärler. Älem giňişligindäki emeli hemralar hem howanyň ýagdaýyny çaklamaga giň mümkinçilik berýär. Ýeliň ugruny, howanyň gyzgynlygyny, güýçli harasatlary seljermekde emeli hemralaryň tutýan orny diýseň uludyr.

Häzirki wagtda aragatnaşyk serişdeleriniň kömegi arkaly howa maglumaty bilen tanyşmak has hem ýeňil boldy. Teleradioýaýlymlarda we internet ulgamynda sagatlar boýunça nähili howanyň boljakdygy köpçülige ýetirilýär. Munuň özi bolsa günüň dowamyndaky etjek işlerimizi howa görä meýilleşdirmäge ýardam edýär.

🌨️☀️⚡☔⛈️🌞🌦️🌈🌤️☔
Käbir gyzykly maglumatlar:

— Meteorologiýa baradaky ilkinji ýazgylary b.e öň 350-nji ýyllarda Aristotel ýazypdyr.

— Iň ýokary gyzgynlyk 1922-nji ýylda Liwanda hasaba alnypdyr. Şonda 59 gradus yssy bolupdyr.

— Ýer ýüzündäki iň sowuk temperatura -89,5 gradus bolupdyr.

— Gündelik howa maglumaty ilkinji gezek 1861-nji ýylda Londonda neşir edilip başl×anypdyr.

— 2001-nji ýylyň iýulynda Hindistanda gyzyl reňkli ýagyş ýagypdyr.


✯Turkmengazet✯
12
51
enes_∞
23.09.2024 22:10

Düýn — taryh, ertir — geljek, bu gün — sowgat
Bu jümle bize berlen gymmatly sowgatdan peýdalanmalydygyny ýatladýar. Eýsem, wagt barada nämeleri bilýäris?!
Wagt – öwezini dolduryp, yzyna gaýtaryp, täzeläp, saklap we satyn alyp bolmaýan gymmatly baýlykdyr.
Ýerine ýetiriljek her bir möhüm iş üçin wagt gerekdir. Wagt öňde goýan maksatlarymyzyň esasy özenidir.
Wagtdan alanyň özüňkidir.
Adam tarapyndan gadrynyň bilinmeýän närseleriniň biri hem wagtdyr. Wagt, kä çalt, käte hem ýuwaş geçýär. Şol sebäpli hem wagty obýektiw (hakyky) we subýektiw (çak edilen, pikir edilen) wagt hökmünde ikä bölünýär. Isleg bir işiň hötdesinden gelmek üçin gereklidir, emma gutarmak üçin başlamak gereklidir.
Wagty tygşytly tutmaga päsgel berýän 11 endik:
1•Öňde goýan maksatlary meýilleşdirmezlik.
2•Esasy öňde goýan maksatlary kesgitlemezlik we tertiplemezlik.
Soňa goýmaklyk.
3•Bihuda işlere gümra bolmaklyk.
4•Howlukmak, alňasamak.
5•Netijesiz okamaklyk.
6•«Ýok» diýmekligi başarmazlyk.
7•Meýilleşdirilmedik duşuşyklar.
8•Gün tertibi bolmazlyk.
9•Kararsyzlyk.
10•Dagynyk, we çalam-çaş stol we iş otagynyň tertipsizligi.
11•Eger wagty gowy ulanyp bilsek:

•Hünär we mertebe edinmek
•Okamak
•Gatnaşmak
•Diňlemek
•Pikirlenmek
•üçin wagt galar!

Iň gowy wagt

•Özümiziň iň dynç, energiýaly wagtymyzy anyklamaly.
•Günüň iň netijeli wagtyny iň esasy işimize aýyrmaly.

✪Turkmengazet✪
11
51
enes_∞
22.09.2024 17:05

Sentýabr aýynda dünýäde bellenilip geçilýän täsin baýramçylyklar
🗓️1-nji sentýabr:
Güýz paslynyň ilkinji güni;
Bilimler güni;
Baýkal kölüniň güni;
Serial söýüjileriň güni;
Bütindünýä hat ýazmak güni.
🗓️2-nji sentýabr:
Hrizantema gülüniň güni;
Bütindünýä kokos güni;
Zähmet güni (ABŞ-da);
🗓️3-nji sentýabr:
Bütindünýä sagbollaşmak güni;
Bütindünýä kepderileri iýmitlendirmek güni;
2-nji jahan urşynyň Ýaponýada tamamlanmagy mynasybetli Ýeňiş güni;
Açyk gapylar güni.
🗓️4-nji sentýabr:
Bütindünýä täze talantlaryň gözleg güni;
Nätanyş ýollaryň güni;
Halkara Taekwando güni.
🗓️5-nji sentýabr:
Gija galýanlaryň güni;
Bütindünýä haýyr sahawat güni;
Bütindünýä pizza güni.
🗓️6-njy sentýabr:
Sary reňkli adamlaryň güni;
Uçarmanlaryň güni;
Sungata arakesme bermek güni;
Çikago Festiwaly.
🗓️7-nji sentýabr:
Agtyklaryň güni;
Moskwa şäheriniň güni;
Kömelek ýygnamak güni;
Bütindünýä Arassa howa, gök asman güni;
Balykçylaryň güni.
🗓️8-nji sentýabr:
Aşhanada oturýanlaryň güni;
Ötünç soramak güni (pardon day);
Tankçylaryň güni;
Halkara Sudoki güni.
🗓️9-njy sentýabr:
Bütindünýä oba hojalykçylaryň güni;
Dizaýnerleriň güni.
🗓️10-njy sentýabr:
Dürli reňkli gül çemenleriniň güni;
Internetde gözleg güni;
Bütindünýä makiýaj (makeup) güni;
Öz janyňa kast etmeklige garşy göreş güni.
🗓️11-nji sentýabr:
Dogry iýmitlenmek güni;
Italiýada ajy burç festiwaly;
Ümsümlik güni.
🗓️12-nji sentýabr:
Programistleriň günI;
Güýz gülleriniň güni;
Aýnadan seretmek güni;
Nobel
🗓️13-nji sentýabr:
Bütindünýä şokolad güni;
Saç alýanlaryň güni;
Pensiliniň döredilen güni;
Gowy zatlary pikirlenmek güni.
🗓️14-nji sentýabr:
Ilkinji medisina kömegini bermek güni;
Russiýada talyplaryň dabaraly ýöriş güni.
🗓️15-nji sentýabr:
Horlanmak isleýänleriň güni;
Russiýada tokaýçylaryň güni;
Düýşleriň amala aşmak güni;
Bütindünýä nokat güni.
🗓️16-njy sentýabr:
Halkara Azon gatlagyny goramak güni;
Halkara kardiologlaryň güni;
Kärdeşler arkalaşygy hereketiniň güni.
🗓️17-nji sentýabr:
Bütindünýä girdenekleriň güni;
Şäherara gepleşik güni;
Öý guşlarynyň güni.
🗓️18-nji sentýabr:
IT hünärmenleriniň güni;
Menejerleriň güni.
🗓️19-njy sentýabr:
Ýakutiýanyň döredilen güni;
Narkolepsiýa garşy göreş güni.
🗓️20-nji sentýabr:
Bütindünýä arassaçylyk güni;
Kätipleriň güni;
Halkara
🗓️21nji sentýabr:
Bütindünýä parahatçylyk güni;
Halkara hirurglaryň güni;
Bütindünýä alma iýmek güni;
Köne dostuňy tapmak güni.
🗓️22-nji sentýabr:
Pilleri goramak güni;
Internet güni;
Bütindünýä gülgüne reňk güni.
🗓️23-nji sentýabr:
Ýandeks gözleg operatorynyň döredilen güni;
Bilim tehnologiýasynyň güni;
Kitaphana güni (Brazilýa).
🗓️24-nji sentýabr:
Işiňi tamamlamak baýramçylygy;
Meýilnamalaşdyrylmadyk işleriň güni.
🗓️25-nji sentýabr:
Bütindünýä arzuw etmek güni;
Bütindünýä yaltalaryň güni;
Farmaseftleriň halkara güni.
🗓️26-njy sentýabr:
Bütindünýä deňiz güni;
Daşky gurşawy goramagyň halkara güni;
Ýewropanyň dili güni;
Iň gowy ertirlik güni.
🗓️27-nji sentýabr:
Google gözleg ulgamynyň döredilen güni;
Terbiýeçileriň güni;
Bütindünýä syýahatçylyk güni;
Sowgat bermek güni;
Söýgi hatlarynyň güni.
🗓️28-nji sentýabr:
Buterbrod güni;
San-sebastian kinofestiwaly (Italiýa).
🗓️29-njy sentýabr:
Güýz ýekeliginiň güni;
Bütindünýä ýürek güni;
Maşyngurlyşykçylaryň güni;
Bütindünýä derýalary goramak güni.
🗓️30-njy sentýabr:
Abhaziýa awtanom respublikasynyň garaşsyzlyk güni;
Perişdeleriň güni;
Ynam we söýgi güni
10
111
enes_∞
21.09.2024 22:13

«Kyýamat güni sagady»: 100 sekunt!
Meşhur fizik Albert Einşteýn we onuň bilen döwürdeş alymlar tarapyndan 1947-nji ýylda döredilen we 75 ýyldan gowrak wagt bäri adamzadyň öz-özüni ýok etmäge galan wagtyny kesgitleýän «Kyýamat güni sagady» (Doomsday Clock) her ýyl dünýäniň meşhur adamlary we alymlary tarapyndan täzelenip durýar. Adamlaryň daşky gurşawa ýetirýän zyýany, betbagtçylyklar we weýrançylyklar, ykdysady krizisler bu sagada düýpli täsir edýär.

«Kyýamat güni sagady» döredilen wagty gije ýarysyna 17 minut bardy. Emma ondan bäri bolup geçen wakalar daşky gurşawa ýetirilen zyýanlar, betbagtçylyklar we weýrançylyklar, ykdysady krizisler bu sagadyň häzirki wagtda 100 sekunda çenli azalmagyna sebäp boldy. Ýagny, adamzadyň öz-özüni ýok etmäge galan wagty 100 sekunt.

🔻🔻İnFo🔻🔻
16
198
enes_∞
21.09.2024 21:58

Güýz ýapraklary + sungat eserleri
Kanat Nurtazin atly suratkeşiň ýapraklardan döreden käbir eserlerini















«TürkmenGazet🍂🍂».
31
194
enes_∞
20.09.2024 20:38

«Söýensiň öýtdüm» -
Çöşdüm bu gün bukja bagym,
Niýetläpdirin jorap baryn,
Şeýle bir gün şulaň baryn,
Geýersiň, geýersiň öýtdüm.

Nirelerden çykdyň gör sen,
Syr kändir ýüregmi dörseň,
Men yrman garaşyp ýörsem,
Gelersiň, gelersiň öýtdüm.

Jaň edýän bolmasa aýn,
Nädeýin, tapmadym maýyn,
Duýguçylda, men guraýyn,
Duýarsyň, duýarsyň öýtdüm.

Ýüzüň sowýaň sowal bersem,
Sähediňem belli görsem,
«Sen ejeme gelin borsuň!»
Diýersiň, diýersiň öýtdüm.

Söýýän, söýýän diýseň men-dä
Söýensiň, söýensiň öýtdüm.

Ogulnur ATAÝEWA💔
14
64
enes_∞
20.09.2024 20:01
Özbek estradasyndan Magtymgulynyň goşgusyna täze aýdym
Özbegistanyň "Farhad we Şirin" diýip tanalýan duo estrada topary Magtymguly Pyragynyň "Habar ber – şeýledir" goşgusyna aýdym düzdi we şekile geçirdi.



"Sowal jogap" diýip atlandyrylan bu aýdymyň şekilli ýazgysy häzirki wagtda internet köpçüliginde görýänleriň sany millionlary geçdi.



Estrada aýdymçylary Farhod Süleýmanow we Şirin Muzaffarowa Özbegistanda uly abraýdan peýdalanýarlar. Doganlyk ýurtlaryň festiwalynda hem çykyş etmek üçin Türkmenistanda bolup gördüler.



Magtymguly Pyragy dünýäniň beýleki künjekleri bilen bir hatarda Özbegistanda hem uly sarpa we hormata eýedir. Özbek döredijilik we sungat işgärleri Pyragynyň şygryýetine ýygy-ýygydan salgylanýarlar.



"Habar ber – şeýledir" goşgusy, Magtymguly Pyragy we Durdy şahyryň arasynda geçen sorag-jogabyň şygyr görnüşidir.



HABAR BER – ŞEÝLEDIR☘️

Magtymguly:✍️

O nämedir, ýaşyl-gyzyl öwüsýän?

O nämedir, aýagy ýok, towusýan?

O nämedir, ýedi derýa böwüsýän?

Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!



Durdy şahyr:

Ol ekindir, ýaşyl-gyzyl öwüsýän,

Ol ýylandyr, aýagy ýok towusýan,

Ol balykdyr, ýedi derýa böwüsýän,

Bizden salam bolsun, jowap şeýledir.



- O nämedir, ýakasy bar, ýany ýok?

O nämedir, ganaty bar, gany ýok?

O nämedir, adam ýuwdar jany ýok?

Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!



-Ol kependir ýakasy bar, ýany ýok,

Kebelekdir, ganaty bar, gany ýok,

Gara ýerdir, adam ýuwdar, jany ýok,

Bizden salam bolsun, jowap şeýledir.



-O nämedir, derwezesiz galadyr?

O nämedir, penjiresiz binadyr?

O nämedir, bir-birinden aladyr?

Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!



-Ol köňüldir, derwezesiz galadyr,

Ol gabyrdyr, penjiresiz binadyr,

Ol Aý-Gündür, bir-birinden aladyr,

Bizden salam bolsun, jowap şeýledir.



-O nämedir, iýmediler, doýdular?

O nämedir, kyýamata goýdular?

Ol kim idi, dabanyndan soýdular?

Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!



-Ol didardyr, iýmediler, doýdular,

Ol namazdyr, kyýamata goýdular,

Nesimini dabanyndan soýdular,

Bizden salam bolsun, jowap şeýledir.



-O nämedir, ýedi ülkäni gezer?

O nämedir, bilini bir zat ezýän?

O nämedir, adam mysaly syzýan?

Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!



- Ol çopandyr, ýedi ülkäni gezýän,

Ol goýundyr, taýak bilini ezýän,

Bedew atlar adam mysaly syzýan,

Bizden salam bolsun, jowap şeýledir.



- O nämedir, toprak üste sürünmez?

O nämedir, adamlara görünmez?

O nämedir, hiç bir dona bürenmez?

Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!



- Erenlerdir, zelil bolup sürünmez,

Ol beladyr, gelse, göze görünmez,

Ýalan gürrüň hiç bir dona bürenmez,

Bizden salam bolsun, jowap şeýledir.

🔸🔸İNFO🔸🔸 09.04.2024
608👁️‍🗨️
10
71
enes_∞
20.09.2024 19:46

Instagram-da “ýetginjek hasaplary” peýda bolar: indi ene-atalar çagalarynyň hasaplaryna gözegçilik edip bilerler
Meta Instagram-yň 18 ýaşa ýetmedik ulanyjylary üçin “ýetginjek hasaplaryny” açýar, bu bolsa ene-atalara çagalarynyň platformany ulanmaklaryna has doly gözegçilik etmäge mümkinçilik berer diýip, Afisha Daily habar berýär.

Täze hasaplarda ene-atalara gündelik wagt çäklerini kesgitlemäge, gije programmany petiklemäge we çagasynyň aragatnaşyk saklaýan mazmunyny görmäge mümkinçilik berýän funksiýalar bolar.
Sazlamalarda ýetginjekleriň nätanyş uly adamlar bilen aragatnaşygyny çäklendirmek we gijeki habarnamalaryny öçürmek ýaly howpsuzlyk funksiýalary hem bolar.
Ene-atalar 16 ýaşdan kiçi çagalaryň hasap sazlamalaryna doly gözegçilik edip bilerler, 17 we 18 ýaşly çagalar bolsa sazlamalary üýtgedip bilerler.
Meta-nyň global howpsuzlyk bölüminiň müdiri Antigone Dewisiň aýtmagyna görä, bu başlangyç döwlet edaralarynyň basyşy bilen däl-de, ene-atalaryň isleglerine görä işlenip düzüldi.
Täze funksiýa ilki täze açyljak hasaplarda bolar, soňra bolsa bar bolan hasaplara hem giriziler.
Bu çözgüt sosial medianyň çagalaryň akyl saglygyna edýän täsiri esasynda kabul edildi.

Tmcars.info şu gün 11:02
2.5k+👁️‍🗨️
9
42
enes_∞
20.09.2024 19:43

Messi bilen Karrigiň “Night Night” hereketini görkezýän kolleksiýa kartoçkasy çykaryldy
Meşhur futbolçy, MLS-iň “Inter Maýami” klubunyň kapitany Lionel Messiniň we MBA-nyň meşhur oýunçysy, “Golden Steýt Uorriorzyň” düzüminde çykyş edýän Stefen Karriniň awtograflaryny (gollaryny) saklaýan özboluşly kartoçka hödürlendi. Bu kartoçkada türgenleriň ikisi-de “Night Night” hereketini görkezýär diýip, Toops kompaniýasynyň metbugat gullugy sosial ulgamlarda habar berdi.

Toops firmasy, ilkinji nobatda, sport oýunlary temasyndan kolleksiýa kartoçkalaryny iň uly çykaryjylaryň biridir.
“Night Night” hereketi Stefen Karriniň öz üstünligini baýram etmekde ulanýan usulydyr. Argentinaly oýunçy hem ýakynda “Filadelfiýa Ýunion” bilen oýunda gol geçirenden soň bu hereketi görkezdi.

Tmcars.info şu gün 11:37
3.5k+👁️‍🗨️
8
45
enes_∞
19.09.2024 19:40

❇️Dürdäneler❇️ dünýäsine❇️ çakylyk❇️
- Gaharlanmakdan gaça duruň. Gahar – ähli zady erbetlige tarap ugrukdyrýan endikdir.

- Sport ähli ýagdaýlarda hem durmuşyň aýrylmaz bölegidir, ol duýgy we akyl saglygy üçin hem peýdalydyr.

- Durmuşda ýakyn adamlaryň ähli zatdan öňde durmalydyr. Olar ähli güýmenjelerden möhüm bolmaly.

- Durmuşdaky gorkularyň köpüsi amala aşmaýar, aslynda ol göz öňüne getirişimiz ýaly gorkunç hem däl.

- Ýalňyşmakdan gorkmaň. Ýalňyşlyklar üstünlikli öňe gitmäge ýardam edýär. Diňe hiç zat etmeýän adam ýalňyşmaýar.

- Dostluk – üns, alada, goragy talap edýär. Dostluga wepaly bolup, ony goramak gerekdir.

- Islendik zada bolan höwes – her güni üýtgeşik sowgada öwrüp biler. Wagty boş geçirmän, ýönekeýje güýmenje tapmak üçin hem maksadyň bolmaly.

- Syýahat etmek – täze, gyzykly medeniýetler bilen tanyşmaklyga, täze adamlar bilen aragatnaşyk saklamaga ýol açýar we gözýetimi giňeldýär.

- Aladalar beýnini ýadadýar, ýagdaýa çynlakaý baha bermekligiň öňüni alýar.

- Her gün üçin minnetdar bolmalydyr. Çünki şu günüň özi size berlen bahasyz sowgatdyr.

- Birek-birege bolan hormat goýmaklyk adamzady bezeýän aýratynlykdyr, uly güýçdir. Ol dünýäni gözelleşdirýär.

- Töwekgelçilik, aslynda asylly sebäpdir. Diňe töwekgelçilikli hereket etmek we oňa degişli kararlary bermek durmuşda ösmeklige ýol açýar, durmuşy üýtgedýär.

- Biz köplenç töweregimizdäki adamlaryň öz isleýşimiz ýaly hereket etmeklerini isleýäris. Emma biz olary dolandyryp bilmeris. Her bir adamyň özbaşdaklygyna hormat goýmalydyr.

- Durmuşda maksada ýetmek üçin hereket etmeli. Maksat bizi tapmaýar, tersine biz ony tapmaly. Oňa ýetmek üçin bolsa elimizden gelenini etmelidiris!



Maksuda ROZMETBAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby
10
113