❇️Dürdäneler❇️ dünýäsine❇️ çakylyk❇️- Gaharlanmakdan gaça duruň. Gahar – ähli zady erbetlige tarap ugrukdyrýan endikdir.
- Sport ähli ýagdaýlarda hem durmuşyň aýrylmaz bölegidir, ol duýgy we akyl saglygy üçin hem peýdalydyr.
- Durmuşda ýakyn adamlaryň ähli zatdan öňde durmalydyr. Olar ähli güýmenjelerden möhüm bolmaly.
- Durmuşdaky gorkularyň köpüsi amala aşmaýar, aslynda ol göz öňüne getirişimiz ýaly gorkunç hem däl.
- Ýalňyşmakdan gorkmaň. Ýalňyşlyklar üstünlikli öňe gitmäge ýardam edýär. Diňe hiç zat etmeýän adam ýalňyşmaýar.
- Dostluk – üns, alada, goragy talap edýär. Dostluga wepaly bolup, ony goramak gerekdir.
- Islendik zada bolan höwes – her güni üýtgeşik sowgada öwrüp biler. Wagty boş geçirmän, ýönekeýje güýmenje tapmak üçin hem maksadyň bolmaly.
- Syýahat etmek – täze, gyzykly medeniýetler bilen tanyşmaklyga, täze adamlar bilen aragatnaşyk saklamaga ýol açýar we gözýetimi giňeldýär.
- Aladalar beýnini ýadadýar, ýagdaýa çynlakaý baha bermekligiň öňüni alýar.
- Her gün üçin minnetdar bolmalydyr. Çünki şu günüň özi size berlen bahasyz sowgatdyr.
- Birek-birege bolan hormat goýmaklyk adamzady bezeýän aýratynlykdyr, uly güýçdir. Ol dünýäni gözelleşdirýär.
- Töwekgelçilik, aslynda asylly sebäpdir. Diňe töwekgelçilikli hereket etmek we oňa degişli kararlary bermek durmuşda ösmeklige ýol açýar, durmuşy üýtgedýär.
- Biz köplenç töweregimizdäki adamlaryň öz isleýşimiz ýaly hereket etmeklerini isleýäris. Emma biz olary dolandyryp bilmeris. Her bir adamyň özbaşdaklygyna hormat goýmalydyr.
- Durmuşda maksada ýetmek üçin hereket etmeli. Maksat bizi tapmaýar, tersine biz ony tapmaly. Oňa ýetmek üçin bolsa elimizden gelenini etmelidiris!
Maksuda ROZMETBAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby