Täze «Nothing Phone» (2a) smartfonyň tanyşdyrylyşy mart aýynyň başynda geçiriler.
Bildirişlere görä, iň amatly smartfon hasaplanylýan «Nothing Phone»-iň täze nesli 5-nji martda köpçülige tanyşdyrylar. Bu telefon kompaniýanyň iň amatly önümi hasaplanylyp, ol 400 ýewrodan hem arzan bolar.
«Dealabs»-yň içerki habarlaryna görä, «Phone» (2a) iki konfigurasiýada elýeter bolup, 8+128 GB we 12+256 GB-a deň. Bularyň bahalary degişlilikde 349 we 399 ýewro barabar bolar. Smartfonyň gara we ak reňkleri bolup, bu telefonyň ýerli dükanlarynda bahasynyň has-da amatly boljakdygy aýdylýar.
Enjam ýokary hilli ýagtylykly 6,7 dýuýmlyk «AMOLED» ekrana, «MediaTek Dimensity» 7200 çipe we esasy kamerasy 50 Mp, öňündäki kamerasy 32 Mp bolan mümkinçilige eýedir.