ena1002
17.02.2024 21:09
Hamal (21.03 — 20.04)
Şu gün hamallar ähli başlangyçlaryny gorkusyz amala aşyryp bilerler. Üstünlik siziň tarapyňyzda bolar. Şol bir wagtyň özünde size ýokary derejeli öndürijilikli zähmet mahsus bolar.

Sowur (21.04 — 20.05)
Şu gün sowurlara geljegini meýilleşdirmek maslahat berilýär. Diňe bişirilen işiň üstünlikli tamamlanýandygyny ýatdan çykarmaň. Agşamyňyzy dost-ýarlaryňyzyň ýa-da maşgala agzalaryňyzyň ýanynda geçirseňiz maksadalaýyk bolar.

Jöwza (21.05 — 21.06)
Jöwzalara şu gün saglygyny goramak we köp zähmeti talap edýän işleri ýerine ýetirmekden saklanmak maslahat berilýär. Şol bir wagtyň özünde sizi hiç bir zat ruhdan düşürmeli däl. Ähli ýokary maksatlara assa-assadan ýetilýändigini ýatdan çykarmaň.

Seretan (22.06 — 22.07)
Şu gün seretanlaryň özüni alyp barşy, keýpi üýtgäp durar. Eger günüň birinji ýarymynda size işeňňirlik mahsus bolan bolsa, günüň ikinji ýarymynda siziň hiç bir işe eliňiz barmaz. Şeýle ýagdaýda jogapkärçilikli işleriňizi içki dünýäňiz bilen sazlaşykly ýerine ýetiriň.

Eset (23.07 — 23.08)
Arzuwlar arzuw bolmagynda galýar. Size şu gün arzuw etmän, öňüňizde maksat goýmak we oňa ýetmek üçin takyk işleri ýerine ýetirmek maslahat berilýär.

Sünbüle (24.08 — 23.09)
Şu gün sünbüleler beren sözlerinde tapylarlar. Şol bir wagtyň özünde wajyp işleriňizi ynanýan işdeşleriňiz we ýakynlaryňyz bilen ýerine ýetirmek maslahat berilýär. Size şu gün ruhubelentlik mahsus bolar.

Mizan (24.09 — 23.10)
Şu gün mizanlar özüni gurşap alýan adamlardan gerek zatlaryny talap edip bilerler. Şol bir wagtyň özünde mizanlaryň özi hem zähmetsöýerligiň ýokary derejesini görkezmeli bolarlar.

Akrap (24.10 — 22.11)
Başga adamlardyr olaryň edýän işlerine üns bermäň. Tersine, öz ýerine ýetirýän işleriňiziň netijeliligine serediň.

Kowus (23.11 — 21.12)
Lezzetsiz edilýän işiň netijeliligi pes bolýar. Şeýle ýagdaýda şu wagt üstünde işleýän taslamalaryňyzyň sizi näderejede kanagatlandyrýandygyny kesgitläň.

Jedi (22.12 — 20.01)
Ünsli boluň!!! Siziň şu günki netijeliligiňiz edýän işleriňize berýän ünsüňize we taýýarlygyňyza baglydyr. Gijem bolsa geljekki üstünligiňiz üçin ukyňyzdan we dynjyňyzdan geçiň.

Daluw (21.01 — 20.02)
Döredijilikli zähmet çekiň! Işleriňize sizi gurşap alýan adamlary hem çekiň. Olaryň tejribesi we goldawy size zähmetiňizde üstünlik getirer.

Hut (21.02 —20.03)
Gerek zatlaryňyzy soramakdan çekinmäň. Şu gün siziň her bir aýdan zatlaryňyz bitiriler. Başga adamlaryň üsti bilen maksatlaryňyza ýetip bilýän bolsaňyz, islendik serişdäni ulanyň.

awtor: salam news
9
9
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.