ena1002
15.02.2024 19:53

9-12-nji fewral aralygynda Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň metbugat wekilleriniň Türkiýe Respublikasyna üç günlik metbugat sapary guraldy. Onuň esasy makdasy 2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda ýurduň 11 welaýatynda bolup geçen weýrançylykly ýertitremeden sebäpli, uly ýitgä sezewar bolan türk şäherlerini gaýtadan dikeltmäge we ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň ýola goýulyşy bilen tanyşmakdan ybaratdyr.


Resmi maglumatlara görä, tebigy betbagtçylykdan soň adam pidalarynyň sany 53,5 müňden geçdi. Agyr ýaralananlaryň sany takmynan 107 müňe golaýlady. Ýertitreme 676 müňden gowrak ýaşaýyş jaýyna, uly zawodlara we ammarlara zeper ýetirdi. Türkiýede bir hepdelik ýas yglan edildi. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan berlen kömegiň ähmiýetini aýratyn bellemelidiris. Türkiýe döwletine Türkmenistandan halas edijiler we ynsanperwerlik kömeginiň ugradylmagy iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezdigini we Watanymyzyň kyn günlerde goldaw bermäge taýýardygyny görkezdi.


Bir ýyldan soň žurnalistler Türkiýäniň Kahramanmaraş, Adiýaman we Malatýa şäherlerine baryp gördüler we dikeldiş işleri barada has giňişleýin maglumat almak üçin hökümet wekilleri hem-de ýaşaýjylar bilen söhbetdeş boldular.

23
27
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.