elya
27.10.2023 23:15
Sen geldiň-de, ýüregimi eretdiň,
Boş göwredim, ýaşaýyşa ýer etdiň,
Men jahana söýgi bilen seretdim,
Mähribanym, seň adyňa döneýin.

Seni küýsäp, gözüm göge dikerdim,
Çirim etmän bagt ýyldyza bakardym,
Hyýalymda adyň şoňa dakardym,
Duýgularmy duýanyňa döneýin.

Gelseň, bagtly bolýan, gelmeseň weli,
Gözlerim gapyda – görmekçi seni,
Idip gitmelimi özüm kerweni,
Mähribanym, seň mähriňe döneýin.

Gel, ezizim, yşk alawyn ýakaly,
Teşne göwünleri mähre ýakaly,
Älem içre bagt boluplar bakaly,
Saçym çöşläp daraýşyňa döneýin.

Ynan maňa, indi mundan gitme ýok,
Sensiz maňa bir ädimem ätme ýok,
Sensiz dünýäň lezzetinden datma ýok,
Yşk ataşly gudratyňa döneýin.

Bahargül Mejidowa
47
40
elya
27.10.2023 20:25
Maňa şolam bolýar...
Gözelligiñ, gazallykmy,
Goşgulyk?
Romanlygam jemlenipdir, hoş gylyk...
Duraweri ylhamlary küşgürip,
Lebleriñ gyrmyzy, ýañagyñda hal,
Maña şolam bolýar,
...köp zat gerek däl!

Saýlanañok joralañdan,
Hiç kimden...
Saýlanjak bolañok, ýalandan, çyndan,
Sadalyga başga nusga ýok mundan,
Boýuñam ortaça, uzyn derek däl,
Maña şolam bolýar,
...köp zat gerek däl!

Gözel gyzlar degmez basan yzyña,
Artyk baha däl bu, söýen gyzyma,
Hem sözümi gaýdyp alman yzyma,
Dogry,
Olam ynsan, hüýr ýa melek däl,
Maña şolam bolýar,
...köp zat gerek däl!

Her kimiñ söýeni, özüne peri,
(Ondan gözeline duşurmaweri)...
Görkli bedeninde, agrasja seri,
Saçlary uzynja, kel ýa kelek däl,
Maña şolam bolýar,
...köp zat gerek däl!

Ynha nesip bolsa maksadymyz toý,
Soñky rejelerem:
Bagtly durmuş, öý.
Duşmanjan köýýäñmi?
Köý ýene-de köý!
Gelinlik seçilgi, berse bes, pes päl,
Maña şolam bolýar,
...köp zat gerek däl!

Kerim Hally
57
50
elya
27.10.2023 17:48
Men ýitmerin durmuşyñdan asyl-ha,
Bu tenimden iglän ruhym gitmese,
Senli günleñ ýakasyndan asylsam,
Şor mañlaýy, owal täleý itmese.

Men bu bagty çalyşmaryn hiç zada,
Tekepbirlik dar göwnimi ursa-da,
Arzuwly adyñy möhirläp goýjak,
Siñer ýaly käse deýin gursaga.

Perhat ýaly gazmasamam daglary,
Kiçi-uly kynlaryña taýyn men,
Giñ törime ýalkym saçsañ gijeler,
Onsañ dünýäñ edenine kaýyl men.

Tutan ellem goýberäýmez ap-añsat,
Senli günleñ ýakasyndan asylsam,
Bu tenimden iglän ruhym gitmese,
Men ýitmerin durmuşyñdan asyl-ha!...

Baýram Bejidow
53
49
elya
26.10.2023 20:34
Gitme!
Sen gidäýseñ, ýitirip ýolum,
Azaşmakdan gorkýan, başynda ömrüñ.
Gitme!
Sen gidäýseñ, göýdük galaryn,
Gülüp, ýaýnap, döwran sürmeli döwrüm.

Bogar meni söýgiñ nalasy,
Gitme!
Onsuzam horlukdan, horluk çekýärin...
Bu söýginiñ azaplary gizlenen,
Gowak ýaly oýlarynda çekgämiñ.

Gitme!
Gitmeklige ýokka zerurlyk,
Gum-gukluga atyp, şatlykdan saplap...
Söýgi bilen tutan näzik ellermi,
Goýbermek netim ýok gam-gussa gaplap

Kerim Hally
53
49
elya
26.10.2023 18:31
Saçlarymy örüp bersene, eje!
Sowuk şemal oýnamasyn taryny.
Bilýäň-ä, gam-gusamy undaýmam bar,
Mährem elleň sypalanda başymy.

Saçlarymy örüp bersene, eje!
Kalbym rahat tapsyn seniň mährinden!
Mähriň yza gaýtmazlygma goltgy bor,
,,Ynamyňy ödärin" diýen ähdimden!

Saçlarymy örüp bersene, eje!
Meň edebim seň elleriň keşdesi.
Hemem maňa geçen mähribanlygyň,
Hiç tükenmez ýaly ylham çeşmesi.

Saçlarymy örip bersene, eje!
Bahanada hem bagryňa bas meni!

23.03.2023
Enemähri Guwanowa
76
329
elya
26.10.2023 00:19
Elinden gidirip mahriban kaban.
Ene mahrin kuysap aglap gordunmi?
Boljak is bolan son, peydasyz toban
Gijeden dana chenli aglap gordunmi?

Enen aglan wagty yanyna baryp,
"Name derdin bar" diyip sorap gordunmi?
Garranda el berip yanynda durup,
Sana gershi yaly gujak gerdinmi?

Chaga wagtyn sallanchakda yatanda,
Gozun gyrpman oturshyny gordunmi?
Kate on danlary sensiz atanda,
Enen hal-yagdayyn duyup bildinmi?

Chagalykdan yeyginjege gelenine,
Kim sebap bolanyn oylap gordunmi?
Eden yalnyshyny ejen gorende,
Edenine okunip,aglap gordunmi?

Ejesiz-kakasyz yetimler yaly,
Balam sozlerini kuysap gordunmi?
Enelen yuregi mahirden doly,
Pikirlenip bir netija geldinmi?

Chagalykda mahir berishi deyin,
Senem oz Enene mahir berdinmi?
Ya-da "Eje bar oz hasana soyen",
Diyip aglamagna sebap boldunmy?

Enesin aglatyan zalym perzentler,
Enani agladyp abray aldynmy?
Belki tasir eder size shu bentlem,
Eneden ayrylan yetim gordunmi?.

Awtory Nowcha
56
51
elya
25.10.2023 22:11
Kalba umyt bolup dogýandyr her gün,
Bir özüňe aýan çekenje görgüň,
Ömrüň synaglary ýykaýsa birgün,
Gollaryn uzadyp tutjak tapylmaz!

Yşgy deňäp bu başymyň täjine,
Ynanýaryn onuň çäksiz güýjüne,
Hyýal etsem dünýäň aňry ujuna,
Gözlerini ýumup gitjek tapylmaz!

Allam egsik etmersiňdä nygmatyň,
Bir ýerlerde barmyň gözleýän bagtym,
Görünmez belaýa duş gelen wagtyň,
Elmydam kömege ýetjek tapylmaz!

Ýüreklerde arzuw hyýallar doly,
Doýurmaz gözümiz dünýäniň maly,
Kä ýalňyşsak eziz Enemiz ýaly,
Eden günälerňi ötjek tapylmaz!

Käteler oturyp diňleýän içim,
Hemme göwnüň ýaly bolanok niçün,
Kyn günüňde diňe dostlugyň üçin,
Özün oda köze atjak tapylmaz!

Ýazgydym ýagdyrýar jebri jepany,
Bilmen maňa köp görýämi sapany,
Bir gün ajal kakaýanda gapyňy,
Ýeriňe gabyrda ýatjak tapylmaz!

Süleýman Tekäýew
58
84
elya
25.10.2023 16:59
Adaty zatlardan ýüregim gysýar,
Köp zatlary alamogam piňime...
Aý üstüne giden bolardym birwagt,
Ýöne Ýerde ýakyn saýýan özümi
Kimdir birine...

Sesim ýetdiginden aýdym aýdýaryn,
Çekjek bolup ümsümligiň ünsüni.
Yhlaslarym puç bolupdyr, owarram!
Gorkýan bilip-bilmän ýykaryn öýdüp
Umydymyň göwnüni...

Suwa bakyp öz keşbimi synlaýan,
Seredip gözlermiň garajygyna.
Goý, başgalar näme diýse diýsinler!
Men saňa söz berýän, söz berýän, kalbym!
Seni aýajagyma!

Arşda guşlar menden beter elenýär,
Olaryňam derdi ýetik çemeli.
Menem bir pel-pelläp uçsadym Gökde,
Çünki Ýerde söýen duýgularymyň
Baram emeli.

02:45
21.10.2023.
GUWANOWA ENEMÄHRI
53
56
elya
25.10.2023 00:57
Kepemeýär derýalaryň suwlary,
Belent - belent daglar olaň gözbaşy.
Daglardanam beýik ýürekden çykýar,
Eneleriň egsilmejek gözýaşy.

Bu gözýaşlar köp döküldi ozallar,
Bu garabagyrlar öňdenem kebap.
Indi berin bir bolgusyz zat üçin
Onuň dökülmegne bolmalyň sebäp.

Olar ynjasalar aglarlar hökman,
Olar begenseler aglarlar hökman.
Ýagşymy siz, ýamanmy siz, barybir,
Şu ýönekeý hakykaty unutmaň.

Güneş dänesi dek bu gözýaşlary,
Bir bolgusyz galmagala satmalyň.
Diňe begenende aglary ýaly,
Olary hemişe aýap saklalyň.

Kepemesin derýalaryň suwlary,
Ýykylmasyn beýik - beýik gözbaşy.
Şondan beter aýylganç zat barmykan
Dökülip gutarsa ene göz ýaşy?..

HALYL KULYÝEW
56
32
elya
24.10.2023 22:03
Goýy gyzyl güller, gyrmyzy güller,
Äleme, jahana gözellik bolar,
Diňe ýagşylygy ýadyňa salar
Goýy gyzyl güller, gyrmyzy güller.

Alysdan özüne çekip durandyr,
Gözelligi bilen bakyp durandyr,
Bakylykdyr, göze ýakyp durandyr
Goýy gyzyl güller, gyrmyzy güller.

Gözellerden gözelligi alandyr,
Şondan has owadan bolup galandyr,
Behişdi ― jenneti ýada salandyr
Goýy gyzyl güller, gyrmyzy güller.

Ýörite gelenim alys ýol aşyp,
Begençli bolanym ýüregim joşup,
Sowgat äkelenim on sekiz ýaşap,
Goýy gyzyl güller, gyrmyzy güller.

Hergiz gelen wagtym göwnüm hoşlansyn,
Ýaşamaga, durmuşa höweslensin ,
Ömrüm size meňzeş bolup başlansyn
Goýy gyzyl güller, gyrmyzy güller.

Rozygül HUDAÝBERDIÝEWA,
52
29